“Goňşym döwlet dükanyndan 50 kilogramlyk gapda 1 halta un satyn aldy. Haltany açanlarynda onuň içindäki un heňläpdir, yslanypdyr hem-de kesek ýaly lokgalaşypdyr, kibirdeýär. Yzyna äkitdiler, ýöne [dükanyň işgärleri] uny yzyna kabul etmändir” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.
Türkmenistanyň döwlete degişli dükanlarynda un onuň hususy söwdadaky bahasy bilen deňeşdireniňde arzan bahadan satylýar. Onuň 50 kilogramlyk haltasynyň döwlet tarpyndan kesgitlenen ýeňillikli bahasy 50 manatlygynda saklanyp galýar.
Habarçy Aşgabatda raýatlaryň özlerine degişli ýeňillikli un paýyndan daşgary goşmaça un satyn almaga isleg bildirseler, onda “ylalaşyp döwlet dükanynyň gaýraky gapysyndan 1 halta uny 120 manada” satyn alyp bolýandygyny aýdýar. Ol ýerli ýaşaýjylaryň unuň hilinden şikaýat edýändigini belleýär:
“Witrinada duran ak un, ýöne satyn alan unuňy öýe getirip, haltany açsaň içinden çal hem yslanan un çykýar” diýip, habarçy sözüne goşýar.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, döwlet dükanyndan heňlän we yslanan un satyn alan raýat ony yzyna tabşyryp bilmän, obada ýaşaýan dogan-garyndaşlaryna mal iými hökmünde ibermekçi bolýar.
Habarçy ençeme aşgabatlynyň soňky döwürlerde şeýle ýagdaýlara ýygy-ýygydan duş gelýändigini aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň döwlet dükanlarynda satylýan unuň hili barada ýurduň söwda resmilerinden kommentariýa almak synanyşygy 30-njy iýulda başa barmady.
Ýerli habarçynyň öwrenen maglumatlaryna görä, paýtagtyň döwlet dükanlarynda satylýan pes hilli unlar “Aşgabadyň galla önümleri kärhanasynda” öndürilýär.
Bu kärhananyň wekilleri hem käbir ýerli ýaşaýjylaryň arasyndaky degişli şikaýat boýunça resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.
Habarçymyz paýtagtyň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Aşgabadyň galla önümleri kärhanasynda” arassaçylyk düzgünleriniň kadaly berjaý edilmeýändigi barada mundan ozal aprel aýynda maglumat beripdi.
Azatlyk Radiosy mundan ozal Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Köneürgenjiň galla önümleri kärhanasynda hem-de Ahal welaýatyndaky Bäherden galla önümleri kärhanasynda türkmen häkimiýetleriniň geçiren barlaglary barada geçen ýylyň fewral aýynda habar beripdi. Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu derňewlere Türkmenistanyň şol wagtky Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň hem-de prokuratura işgärleriniň gatnaşandygyny habar berdi. Ýerli habarçylar häkimiýetleriň öz derňewlerini esasan kärhanalardaky diňe korrupsiýa hadysalaryna gönükdirendigini habar berdiler.
Derňewiň ugurlary bu kärhanalarda öndürilýän unuň hiline we arassaçylygyna degişli barlaglary öz içine almady.
Ýatlasak, şu ýylyň mart aýynda ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň goldamagynda hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň howandarlygynda ýurtda “Hil standart” mikrobiologiýa barlaghanasy açyldy. Bu kärhana ýurtda iýmit howpsuzlygy boýunça ilkinji hususy kärhana bolup durýar.
Mundan başga-da, Türkmenistanda beýleki käbir ugurlar bilen bir hatarda ýurtda azyk önümçiliginde arassaçylygyň we gigiýena şertleriniň berjaý edilmegine Sanitariýa-epidemologiýa stansiýalary gözegçilik edýär.
30-njy iýulda aşgabatly habarçy häzirki wagtda unuň mydama satuwda tapdyrýandygyny belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.