Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, türkmen paýtagtynyň iň gadymy un kombinatynda arassaçylyk şertleri berjaý edilmeýär, gurallaryň täzelenmegine zerurlyk bar.
"Atamyrat Nyýazow köçesinde ýerleşýän un üweýän kombinatda doly hapaçylyk. Un ýere dökülýär, soň işgärler tarapyndan basgylanyp, tutuş gata ýaýraýar, şol sanda hajathanalara barýar. Pol süpürijiler bolsa uny ýerden ýygnap, un gaplaryna taşlaýarlar. Näme üçin şeýle edýärsiň diýlip, soralanda 'seh başlygy buýurdy' diýip, jogap berýär" diýip, kärhananyň işgärleri bilen söhbetdeş bolan habarçymyz mälim etdi we unuň ýere dökülmegine enjamlaryň könelişip sandan çykmagynyň sebäp bolýandygyny belledi.
Un kärhanany we çörek öndürýän iki zawody öz içine alýan kärhana Türkmenistanyň gahrymany Atamyrat Nyýazowyň adyny göterýän köçede ýerleýär. Onuň resmi ady "Aşgabadyň galla önümleri kärhanasy", şäheriň ýaşaýjylary kärhanany "Un zawod" atlandyrýarlar.
Azatlyk Radiosy bu kärhananyň özünden resmi kommentariý we bu kärhanada arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilişine degişli resmi maglumatlary alyp bilmedi.
Işgärleriň sözlerine görä, kärhanada bir müňden gowrak adam işleýär. Olar gallany kabul etmekden başlap, taýýar çöregi we un önümlerini öndürmek ýaly işlerde zähmet çekýärler.
"Un kombinat tehniki we beýleki taraplardan könelişdi. Bu 12 gatly jaýa deň beýiklikdäki beýik bir bina. Ol ýerde elewator we 130 tonnalyk önüm saklanýan binalar ýerleşýär, iki bina we üstesine degirmen, döwlegenlik ýagdaýynda" diýip, Azatlygyň habarçylarynyň biri aýdýar.
Kärhana geçen asyryň birinji ýarymynda gurlup, 1948-nji ýylyň ýer titremesinden soň ýaňadan dikeldilipdi.
"Kombinat tas rewolýusiýadan öňki döwürlerden bäri işleýär, ony ýer titremeden soň dessine dikeldipdiler. Bu 'strategik" obýektdir. Öz döwründe kombinatlaryň işgärleri üçin onuň territoriýasynda ýaşaýyş jaýy hem gurlupdy, olaryň ählisi önümçiligiň golaýynda bolar ýaly" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň biri aýdýar. Onuň sözlerine görä, kärhana soňky ýyllarda hem täzelenipdir: Degirmen we peçler [öňki prezident Saparmyrat] Nyýazow döwründe täze goýlupdy we önüm saklanýan binanyň gapdalyndan ýene biri, elewatoryň ikinji binasy gurlupdy" diýip, habarçymyz aýdýar.
Azatlygyň habarçysynyň habar bermegine görä, 90-njy ýyllaryň aýagynda Türkmenistanda hususy degirmenler açylyp başlapdyr, olar ýerli galla önümlerini üwäpdi. Hususy degirmenler Aşgabatda hem açylyp, soňra ýapylypdy. Häzirki wagtda Aşgabatda satylýan çörek şäheriň dürli böleklerinde ýerleşýän kärhanalarda bişirilýär.
"Uny şol ýerlere alyp barýarlar, tas her bir mikroraýonda öz çörek bişirýän kärhanasy bar we şol ýerlerde "döwletiňki" diýilýän çöregi bişirýärler. Şol bir wagtda-da, çörek bişirýän kärhanalaryň bir bölegi hususy eýeçiliginde" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
Türkmenistanda ilatyň aglaba böleginiň azyk üpjünçiligini çörek tutýar. Soňky bir ýyldan gowrak döwrüň dowamynda ýurduň ilaty döwlet dükanlarynda satylýan çöregiň we unuň gytçylygyna duçar boldy.
Şu günki gün döwletiň gözegçiligindäki dükanlarda çörek resmi taýdan kesgitlenen bahadan her buhankasy 1 manatdan satylýar. Aşgabadyň bazarlaryndaky öý çöreginiň bahasy hiline we ululygyna görä, 2-3 manat we 5-6 manat aralygynda satylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.