Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Gowaça meýdanlaryny suwa tutmak üçin gije-gündiz ýeriň üstünde garaşmaly bolýarys’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda pagtaçy daýhanlaryň suw, tehnika we suw ýetmezçiliginden kösenýändigi barada habarlaryň peýda bolmagy dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, welaýatyň tas ähli etraplarynda we daýhan birleşiklerinde kärendeçi daýhanlar gowaça eken meýdanlaryna ekiş suwuny tutmak işlerini öz wagtynda amala aşyrmakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

“Potratçy daýhanlar öz gowaça eken ýerlerini suwa tutjak bolup, hepdeläp üstünde durmaly bolýarlar. Sebäbi birden nobatyň ýetende, ýeriň üstünde bolmasaň, ‘Seniň nobatyň geçdi’ diýip, suw bermeýärler.Käte bolsa, ‘Nasos döwüldi’ diýýärler. Adamlar öz gezegini geçirmejek bolup, diňe gündizlerine däl, eýse gijelerine hem ýatman ýeriň üstünde durmaga mejbur bolýarlar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy ýerli kärendeçi daýhanlaryň onlarçasyna salgylanyp, 22-nji iýulda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, etrap ýa-da daýhan birleşikleriniň resmileri tarapyndan kärendeçi daýhanlaryň eken meýdanlaryna ekiş suwuny tutmak işleriniň takyk haçan geçiriljekdigi ýa-da nobatynyň haçan ýetjekdigi barada anyk maglumat berilmeýär. Şeýle-de, nobaty geçen daýhanlaryň hem arz-şikaýatlary diňlenmeýär.

“Şol sebäpli daýhanlar öz nobatyny geçirmejek bolup, howanyň gyzgynlygy 46 gradusa çenli baryp ýetýän şu günlerde, jokrama yssyda hem öz ekin meýdanlaryndan aýrylmaýarlar. Bu käbir daýhanlaryň saglyk problemalary bilen hem ýüzbe-ýüz bolmagyna sebäp bolýar” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynda bu ýagdaýlaryň Mary welaýatynyň anyk haýsy etraplarynda we daýhan birleşiklerinde bolup geçýändigi barada takyk maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.-+

Şeýle-de, habarçy daýhanlaryň suwdan başga-da, tehnika we dökün bilen üpjünçiliginiň hem öwerlikli däldigini sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Mary welaýatyndaky bölümleri bilen habarlaşyp, kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda köpçülikleýin gowaça ekmek işine Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 23-nji martda we Daşoguz welaýatynyň daýhanlary biraz giç — 27-nji martda girişdiler.

Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet resmilerinden “gowaça ekişiniň depginini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi” birnäçe gezek talap edendigine garamazdan, Azatlyk Radiosy pagtaçy daýhanlaryň suw, dökün we tehnika ýetmezçiliginden kösenýändigi barada aprel aýynyň başyndan bäri ençeme gezek habar berdi.

Iň soňky gezek 1-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary bilen söhbetdeş bolan lebaply we daşoguzly daýhanlaryň onlarçasy özleriniň gowaça meýdanlarynyň gözgyny ýagdaýdadygyny, müňlerçe gektar meýdanyň zerur oba hojalyk tehnikalary, dökün we suw bilen üpjün edilmeýändigini gürrüň berdiler.

Bu habarlaryň fonunda, 2-nji iýulda “Altyn Asyr” telekanalynda Ahal we Mary welaýatlaryna degişlidigi aýdylýan gowaça meýdanlary, olarda hatarara bejergilerini geçirýän tehniki serişdeler, şeýle-de ekinleriň dökün we suw bilen üpjünçiliginiň öz wagtynda geçirilýändigi barada wideo reportaž görkezildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG