Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji maýda Balkan welaýatyndaky “Altyn asyr” kölüniň çäginde gurulýan täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Ýaşestradaçylar dabarada türkmen kölüne bagyşlanan aýdymy aýtdylar,olar ony “bagt köli” diýip atlandyrdylar diýip, TDH habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, bu ýerde giň gerimli durmuş-önümçilik toplumy gurlar.
Bu dabara BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany Natalýa German, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Şahim Nilofer, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Naswlişwili we beýlekiler gatnaşdy diýip, resmi habarda aýdylýar.
Halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýän wekilleri 28-nji fewralda, Berdimuhamedow bu sebitiň ekologiýa ýagdaýlary bilen tanşanda hem bu ýere gelipdiler. Şonda täze guruljak oba we beýleki desgalar zerarly ata-baba ýaşap oturan obalary Akýaýladan göçürilen wewagtlaýyn jaýlarda, agyr şertlerde ýaşaýan oba adamlarynyň birnäçesi “Azatlgyň” Balkandaky habarçysy bilen duşuşdy.
“Akýaýla 100-den gowrak hojalykly çarwa obasydy, her hojalygyň 30-40 sotuk ýeri bardy. Guýularymyz bardy. Emma bizi 2007-nji ýylyň aýagynda, 2008-nji ýylyň başynda, “Altyn asyr” köli gurlup başlanda, öz gadymy obamyzdan kowup çykardylar, jaýlarymyz ýykyldy, mekdebimiz ýumruldy, çagalarymyz okuwsyz galdy, emma döwlet biziň halymyzdan habar almagyň pikirini hem etmeýär” diýip, oba adamlary “Azatlyga” gürrüň berdiler.
Emma türkmen häkimiýetleri oba adamlarynyň bu şikaýatlaryna reaksiýa bildirmediler.
Täze düýbi tutulan obada 200-den gowrak ýaşaýyş jaýynyň guruljagy habar berilýär, emma ol jaýlardan ozal jaýlary ýykylan oba adamlaryna hem beriljegi, eger berilse, nähili esasda beriljegi aýdyň bolman galýar.
Awstriýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, häkimiýetler Aşgabatda jaýy ýykylan adamlara degişli kompensasiýa bermekden boýun gaçyryp bilýän wagty, oba adamlarynyň beýle kompensasiýa alyp biljegine ynanmak kyn.
Emeli kölebarýan suw akabalarynyň umumy uzynlygy 2 müň 659 kilometr, esasy akaba welaýatlardan çekilen akabalaryň umumy uzynlygy 1 müň 553 kilometre deň, häzirki döwürde ýygnalyp, soňra köle ugradylýan «Akýaýla» suw howdanynyň möçberi 970 million kubmetre barabar diýip, TDH ýazýar.
Türkmen hökümetiniň tassyklamagyna görä, tebigy taýdan süzmek we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen, bu ýere ýygnalan şor suwlary adamlaryň bähbitlerine ulanmak mümkinçiligi döredildi.
Emma ýerli synçylar, şol sanda saglyk işgärleri bu kölüň zyýandan başga peýdasynyň bolup bilmejegini öňe sürýärler.
Aprel aýynyň başynda Balkan welaýatyna iş sapary mahalynda pajygaly ýagdaýda ýogalan ýazyjy, žurnalist we şahyr Amanmyrat Bugaýewiň “Azatlyk” bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, bu howdana ýygnalmaly suw ýolda, gyzgyn gün astynda bugarmak, topraga siňmek bilen, daşky gurşawa, adamlaryň saglygyna uly wehim salýar.
Türkmenistanly suw gurluşykçysy, ozalky türkmen ilçisi Nurmuhammet Hanamow hem bu pikir bilen ylalaşýar. Onuň pikiriçe, halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýän wekilleriniň ýurtdaky ekologiýa, adam hukuklary meselelerine baş galdyrmazlygy “örän gynançly”.
“Olar şol ýerde oturyp, gowja aýlyk alýarlar. Onsoň olar şol ýerde oturyp işlär ýaly, aýlyk alar ýaly, hökümete ýaranjak bolup, el çarpyşyp ýörler” diýip, Hanamow “Azatlyk” bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ilçisi bolup işlän Hanamowyň ynanjyna görä, bu ýagdaýlar häzir günbatar döwletleriniň ynsan hukuklary meselesine öňki ýyllardaka garanda sowuk-sala garmaklary bilen hem bagly bolup durýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.