Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji maýda döwlet eýeçilgindäki telewideniýäniň bir resmisini wezipesinden boşatdy, ýene birine berk käýinç hem-de soňky duýduryş berdi.
Resmi maglumata görä, “Miras” teleradioýaýlymynyň başlygy Bäşim Ataýewiň wezipesinden boşadylmagyna “işde goýberen düýpli kemçilikleri” sebäp boldy. Şol bir wagtda, onuň wezipesi wagtlaýyn teleradioýaýlymyň baş redaktory Kuwwatberdi Hezziýewiň üstüne ýüklenildi.
Şeýle-de TDH Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Nurmämmet Garlyýewe berk käýinjiň we soňky duýduryşyň berlendigini habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, ol “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, teleradioýaýlymlaryň işine gözegçiligi gowşadypdyr”.
Soňky duýduryşa laýyklykda, ol ýol beren kemçiliklerini gysga wagtyň içinde düzetmäge borçly edildi. Şol bir wagtda bu iki resminiň anyk nähili kemçilik goýberendigi anyklaşdyrylmaýar.
“Mirasyň” ýurt içindäki we ýurt daşyndaky muşdaklarynyň käbiriniň düşündirmegine görä, döwlet eýeçilgindäki tele-radio gepleşikleriň arasynda bu teleradioýaýlymyň gepleşikleri degişlilikde gowy diňlenýär.
“Azatlyk” bilen anonim şertde gürleşen tomaşaçylar bu ýagdaýy “Mirasda” türkmen taryhy, şonuň bilen bir wagtda S.Nyýazow döwründe ady kän agzalmadyk, emma halk içinde ýagşylykda ýatlanýan adamlar hakynda berilýän gepleşikler, aýdym-sazlarbilen düşündirýärler.
“Birinjiden, beýleki tele-radiogepleşiklerde “Arkadaga alkyş” propagandasy aşa kän, adamlar ondan bizar, “Mirasda” prezident we onuň ata-babasy azrak öwülýär; ikinjiden, “Mirasda”ýurt üçin iş bitiren beýleki türkmenistanlylar hem ýatlanýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly, 55 ýaşyndaky tomaşaçy “Azatlygyň” habarçysyna aýtdy.
Onuň pikiriçe, soňky ýyllarda “Mirasyň” işgärleri döwlet telewideniýesiniň işiniň tomaşaçyhalar bolmagynda, S.Nyýazow döwründe kada öwrülen bir adamyň waspçylygyndan çykmakda belli bir işleri etdiler. “Prezident olaryň işinden hoşal bolmaly ýaly” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
2007-nji ýylda, öňki prezident aradan çykandan soň häkimiýet başyna gelen G.Berdimuhamedow ýurtda ilhalar tele-radipgepleşikleriň, kino, teatr eserleriniň, kitaplaryň ýokdugyny boýun aldy we bu ugra uly döwlet serişdeleriniň goýberilýändigini aýdyp, ýagdaýy üýtgetmegi talap etdi. Emma synçylar, metbugat hakyndaky kanunyň kämilleşdirilendigine, kagyz ýüzünde senzuranyň gadagan edilendigine garamazdan, ýurtda ýekeje-de hakyky garaşsyz neşiriň döredilmändigini aýdýarlar.
Türkmen döwlet telewideniýesiniň internetde goýan ýazgylaryny ulanyp, sosial ulgamlarda ýerleşdiren wideolary bilen halkara habar serişdeleriniň arasynda meşhurlyk gazanan hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin senzuranyň saklanyp galmagynyň sebäbini döwlet baştutanynyň metbugat hakyndaky “sowet düşünjesi” bilen düşündirýär.
Onuň ýolbaşçyylyk edýän “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Türkmenistanyň prezidentiniň redaktorlary we olaryň orunbasarlaryny işe bellemek, işden aýyrmak bilen, türkmen kanunçylygyny bozýandygyna ençeme gezek ünsi çekdi.
Hukuk goraýjy Tuhbatullin türkmen žurnalistleriniň ýüregine salnan uly gorkynyň olaryň öndürýän önümleriniň hiline ýaramaz täsir edýändigini, netijede “häzir umuman türkmen dili we türkmen filologiýasy düşünjesiniň prinsipde pese gaçandygyny” öňe sürýär.
"Şonuň üçin türkmen žurnalistleri haýsydyr bir ýönekeý zatlary hem örän çylşyrymlaşdyryp, uzyn-uzyn sözlemler bilen ýazýar" diýip, hukuk goraýjy "Azatlyk" bilen eden telefon gürrüňinde aýtdy.
Adynyň aýdylmazlyk şerti bilen gürleşen aşgabatly dil-edebiýat mugallymy, 60 ýaşyndaky tejribeli pedagog “Azatlygyň” habarçysynyň türkmen mediasynyň türkmen edebi diliniň mümkinçiliklerini ulanyp bilşi baradaky soragyna gysgaça şeýle jogap berdi:
“Gurbannazar Ezizow “Men pikirim bir söz bilen aýdýarkam, bu ýerde üç sözüň geregi näme?” diýipdir. Türkmen mediasy üç sözde aýdyp boljak zady 15 sözde aýdýar.”
Türkmenistan dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýyna syn edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň ýyllyk hasabatlarynda metbugat azatlygynyň derejesi boýunça ýylyň-ýylyna yzdaky orunlary alyp gelýär, bu ýyl Aşgabat Phenýandan hem yza geçip, 180 ýurduň içinde iň soňky orny eýeledi.