Berdimuhamet Annaýewe gowşurylan medal Aşgabadyň Berdimuhamet Annaýew adyny göterýän harby mekdebindäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeliniň öňünde harby dabara bilen goýuldy.
Prezident Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewa rus prezidenti Wladimir Putin tarapyndan gowşurylan medal Aşgabadyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebine dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Medal Berdimuhamet Annaýewiň harby mekdepde dikilen heýkeliniň öňünde goýuldy. Türkmen harbylary onuň gapdalynda hemişelik hormat garawulçylygyny etmeli edildi. Bu barada düýn türkmen telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşiginde giňişleýin reportaž efire berildi.
Iýun aýynda Wladimir Putin Berdimuhamedowyň atasyny “Edermenlik” medaly bilen sylaglady.
Orsýetiň Türkmenistandaky ilçisi 24-nji sentýabrda Aşgabadyň Ruhyýet köşgünde şol medaly prezident Berdimuhamedowa gowşurdy. Bu köşk 2012-nji ýyldan aňyrda Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýärdi.
Synçylar Türkmenistanda prezident Berdimuhamedowyň şahsyýet kultynyň, has takygy Berdimuhamedowlaryň maşgala kultynyň güýçlenýändigini aýdýarlar.
Human Rights Watch guramasy geçen ýyl ýaýradan ýyllyk hasabatynda Türkmenistanda şahsyýet kulty bilen bagly meseläniň saklanyp galýandygyny aýtdy.
Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalarynyň atlary we özleri döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin media serişdelerinde giňden peýda bolýar.
2017-nji ýylyň martynda türkmen telewideniýesinde Berdimuhamedowyň ejesine bagyşlanan “Arkadagy dünýä beren ene sen” aýdymy köpçülige eşitdirildi.
2015-nji ýylyň 25-nji maý güni Aşgabatda prezidentiň 21 metrlik binýadyň üstünde oturdylan 6 metrlik altyn çaýylan heýkeli açyldy.
2014-nji ýylda Türkmenistanyň prezidenti ýazdy diýilýän “Döwlet guşy” kitaby okuw programmasyna girizildi. Onuň häzirki wagtda 40-dan gowrak kitap ýazandygy aýdylýar.
Adatça, Türkmenistanda Berdimuhamedowyň kitaplarynyň halk köpçüligine ýetirilmegi uly waka hökmünde dabaraly bellenip, ýurduň edara-kärhanalarynda onuň tanyşdyrylyş dabarasy geçirilýär.
2012-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisi prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny bir harby bölüme dakmak barada karar kabul etdi. Prezidentiň atasynyň heýkeli Aşgabadyň ýöriteleşdirilen harby mekdebinde oturdylmak bilen bir hatarda, Gökdepede ýerleşýän bir mekdepde-de oturdyldy.
2011-nji ýylda prezident Berdimuhamedowyň atasyna bagyşlap “Älem içre at gezer” atly kitaby ýazandygy yglan edildi.
2010-njy ýylda prezidentiň kakasynyň heýkeli Türkmenistanyň Harby akademiýasynda-da oturdyldy. Onuň açylyşyna prezident Berdimuhamedowyň hut özi gatnaşdy.
2009-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Yzgant obasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji mekdep açyldy.
Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine girişmeginden üç ýyl geçenden soň, onuň ady ýurduň köpçülikleýin metbugat we media serişdelerinde “Arkadag” tituly bilen tutulyp başlandy. Ýurduň ozalky prezidenti Nyýazowyň ady 1992-nji ýyldan başlap “Türkmenbaşy” lakamy bilen tutulyp başlanypdy.
Halkara synçylar Berdimuhamedowyň prezident wezipesine girişmegi bilen, onuň ýurtda kök uran awtoritar režimi üýtgetjek bolman, diňe Türkmenbaşynyň şahsyýet kultuny özüniňki bilen çalşyrmak bilen çäklenendigini aýdýar.
Öňki prezident Nyýazow aradan çykandan soň, ýuwaş-ýuwaşdan onuň öz ady, ene-atasynyň ady, olaryň suratlary, heýkelleri, umuman onuň bilen baglanyşykly simwollaryň ählisi jemgyýetiň hakydasyndan köki damary bilen goparyp aýyrmak boýunça synanyşyk edildi. Onuň ornuna täze prezident bilen bagly simwollar giňden ulanylyp başlandy.
Öňki prezidentiň öz ady, Gurbansoltan ejesiniň, hem-de kakasy Atamyrat Nyýazowyň atlary köçelere, obalara, şäherlere dakylypdy. Ýöne häkimiýet çalyşansoň olaryň atlary egsildildi.
Ýerli synçylar Türkmenistanda şahsyýeti mahabatlandyrmagyň, indi halkyň ganyna siňip barýandygyny aýdýarlar.
Türkmeniň milli aňyýetiniň kemala gelşi barada birnäçe ylmy işiň awtory, Çehiýanyň Çarlz uniwersitetiniň professory Slawomir Horak 2015-nji ýylda çap eden “Iki prezidentiň hekaýasy: Türkmenistanda şahsyýet kulty we simwoliki millet ýasamak däpleri” atly ylmy işinde türkmeniň millet hökmündäki şahsy kimliginiň şahsyýetparazlyk bilen bütewileşendigini aýdýar.
Türkmen mediasynda görkezilýän wideo şekillerde prezident harby ukyplaryny görkezýär, basket topuna tigriň üstünde erk edýär, ogly Serdar bilen at çapýar, ulag sürýär, agtyklary bilen aýdym aýdýar, prezidentlik saýlawlaryna ses bermäge tutuş maşgalasy, ejesi, kakasy, ogul-gyzy, agytyklary bilen gatnaşýar.
Türkmen telewideniýesinde efire berilýän gepleşiklerde prezidentiň adynyň gapdalyndan “gahryman, mähriban, eziz, hormatly arkadag” diýen ýaly sözler gün uzyn yzygiderli gaýtalanýar.