Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Adamlar ýadady". Gazak protestçileri prezident saýlawlarynyň boýkot edilmegine çagyrýar


Gazak protestçileri. Almaty, 1-nji maý, 2019 ý.
Gazak protestçileri. Almaty, 1-nji maý, 2019 ý.

Ýüzlerçe gazak protestçisi iki gazak şäheriniň merkezlerine toplanyp, syýasy tussaglaryň azat edilmegine we ýetip gelýän prezident saýlawlarynyň boýkot edilmegine çagyrdylar.

Gazagystan mart aýynda Nusrsoltan Nazarbaýew, ýurda 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargap, garaşsyz bolmazyndan öň ýolbaşçylyk edip başlan awtoritar prezident işden çekilenden soň, 9-njy iýunda irki prezident saýlawlaryny geçirmegi belledi.

Almatyda, Gazagystanyň iň uly şäherinde protestçiler merkezi parka toplanyp, “Utanç” “Boýkot”, “Mende saýlaw bar”, “Syýasy tussaglara azatlyk” diýen şygarlara gygyrdylar.

Paýtagtda, Nur-Soltan şäherinde hem demonstrasiýaçylar Astananyň konsert zalynyň ýanynda toplanyp, şuňa meňzeş şygarlara gygyrdylar we hökümetiň ýerli dolandyryş edarasyna tarap ýöriş etdiler.

Gygyrylan şygarlaryň arasynda "Adamlar ýadady” we “Hökümet gitsin” diýen şygarlar hem eşidildi.

Ygtyýar berilmedik demonstrasiýalar polisiýa gözegçiliginiň güýçlendirilen ýagdaýynda geçirildi we häkimiýetler protestçilere gaýta-gaýta dargamak talaby bilen ýüzlendiler.​

Nur-Soltanda bir topar protestçiniň tussag edilip, iki sany polisiýa awtobusynda alnyp gidilendigi aýdylýar. ​

Biraz öň Nus-Soltanda polisiýa rezin taýaklary ulandy we bir topar demonstrasiýaçyny gysga wagtlyk tussag etdi.

Nazarbaýew dolandyryjy Nur Otan partiýasyna ýolbaşçylyk edýär we bu partiýa 23-nji aprelde geçiş prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi irki prezident saýlawlarynda öz kandidaty edip görkezdi.

Berk kontrollyk astynda saklanylýan ýurtda Tokaýewiň ýeňiş gazanjagy tasdan belli hasaplanýar.

Ýurtda hasaba alnan we özüni hökümetiň garşydaşy hökmünde görkezýän ýeke-täk syýasy partiýa, eger gatnaşsa, döwletiň gurjagyna öwrüljegini aýdyp, saýlawlary boýkot etdi.

Garşydaşlar, tankytçylar we hukuk toparlary Nazarbaýewiň başgaça pikire çydamsyzdygyny, raýatlaryň köp hukugyny ret edendigini, 18.7 million ilatly energiýa baý ýurtda öz häkimiýetini demokratik prosesleri gysmagyň hasabyna uzaldadandygyny aýdýarlar.

Iki gazak aktiwisti, Asiýa Tulesowa we Beibarys Tolymbekow 21-nji aprelde tussag edilip, biraz soň 15 günlük azatlykdan mahrum edildi. Olara bu jeza Almatyda geçirilen marafon wagtynda şygar galdyrandyklary we adalatly saýlawa çagyrandyklary üçin berildi.

28-nji aprelde bu iki aktiwiste goldaw bildirmek üçin Nur-Sultanda toplanan adamlar hem tussag edildi.

29-njy aprelde bolsa, “Döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk çeşmesi halkdyr” diýen şygary, Gazagystanyň Baş kanunyndan alnan sözleriň ýazgysyny Almatynyň merkezindäki köprüden asan başga bir aktiwist tussag edildi.

Şikaýat sudy soňra Roman Zaharowyň türme möhletini 12,650-teňňe ($33) jerime bilen çalşyrdy.

XS
SM
MD
LG