Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa türkmen gazyny täzeden import edip başlady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Gazprom” kompaniýasy Türkmenistandan tebigy gazy täzeden import edip başlandygyny aýdýar. “Gazprom” türkmen gazyny satyn almagy mundan üç ýyl ozal bes edipdi.

“Gazprom” kompaniýasynyň metbugat wekili Sergeý Kupriýanowyň 15-nji aprelde beren maglumatyna görä, türkmen gazy Russiýa “akdyrylyp başlandy”. Bu habary Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni hem tassyklady.

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň elektron gazetinde “Türkmengaz” döwlet konsernine salgylanylyp, 15-nji aprelde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:

“Şu gün, 15-nji aprelde gündiz sagat 12-den başlap Russiýa Federasiýasyna türkmen tebigy gazynyň iberilmegi gaýtadan ýola goýuldy”.

Öň habar berlişi ýaly, gazy ibermekligi gaýtadan dikeltmek barada Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Gazpromyň” direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Milleriň arasynda 27-nji martda geçirilen duşuşykda maslahatlaşylypdy diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, gaz “ibermeleriň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket edýän hökümetara Ylalaşygyň çäklerinde ýola goýlandygy” hem nygtalýar.

Russiýanyň Türkmenistandan satyn aljak tebigy gazynyň möçberi we onuň bahasy baradaky detallar häzirlikçe ilat köpçüligine ýetirilmeýär.

2010-njy ýylda Russiýanyň ornuny Hytaý eýeleýänçä, “Gazprom” türkmen gazyny iň köp import edýän kompaniýady.

2015-nji ýylda “Gazprom” kompaniýasy Türkmenistandan import edýän gazynyň möçberini ýylda 4 milliard kub metre çenli azaltmak baradaky planyny yglan edipdi. 2010-njy ýylda “Gazprom” 10 milliard kub metr türkmen gazyny import edýärdi.

Russiýa özüniň bu planlaryny yglan edenden soňra, türkmen gazyny import etmegi doly bes etdi. Gaz söwdasyny täzelemek barada “Gazpromyň” we “Türkmengazyň” arasynda geçirilen gepleşikler onuň bahasy bilen bagly düşünişmezlikler sebäpli netije bermändi.

Bu ädim berk walýuta çeşmesi hökmünde uglewodorod serişdelerinden gelýän girdejä güýçli garaşly bolan Türkmenistanyň ykdysadyýetine ep-esli basyş etdi.

Şeýle-de, Russiýanyň türkmen gazynyň importyny bes etmegi 2014-nji ýylda uglewodorod serişdeleriniň global bahasynyň pese gaçmagynyň yzýanyna gabat gelipdi.

Bu waka, uly hytaý bazaryna tebigy gazy satmak boýunça emele gelen bäsdeşlik sebäpli Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň barha dartgynlaşan mahalynda bolupdy.

“Gazprom” kompaniýasy 2019-njy ýyldan başlap Hytaýa tebigy gaz satyp başlamagy planlaşdyrýar. Kompaniýa gündogar Sibirden akdyryljak bu gazy ýuwaş-ýuwaşdan ýylda 38 milliard kub metre çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar.

“Gazpromyň” “Türkmengaz” döwlet konserninden gaz satyn almagy bes etmegi, Aşgabady bir alyja, ýagny Hytaýyň talabyna has garaşly etdi. Hytaý geçen ýyl Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly 40 milliard kub metr türkmen gazyny import etdi.

Geçen ýyl türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow puly tygşytlamak tagallalarynyň bir bölegi hökmünde, Türkmenistanyň ilatyna gazy, elektrik energiýasyny we suwy mugt bermek barada çärýek asyrlap dowam eden tejribäni ýatyrdy.

Munuň bilen bir wagtda, soňky bir ýarym ýyldan gowrak wagt bäri ýurtda un, çörek, ýumurtga, şeker, ösümlik ýagy ýaly günübirin ulanylýan azyk harytlarynyň gytçylygy dowam edýär. Şeýle-de, edara-kärhanalaryň işgärleriniň aýlyklarynyň gijikdirilmegi we bankomatlarda nagt puluň tapdyrmazlygy bilen bagly wakalar hem wagtal-wagtal gaýtalanýar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bahasy 2.3 milliard dollarlyk “Aşgabat-Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berdi.

Türkmenistan bu ýoluň, ýurduň sebit we halkara multimodal aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmek bilen, Türkmenistanyň geoykdysady kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga, regional söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam bermegine garaşýar.

Türkmenistan dünýäniň häzire çenli bilinýän iň uly dördünji tebigy gaz rezerwine eýe bolsa-da, onuň öz energiýa serişdelerini eksport etmek üçin infrastrukturasy çäkli bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG