Orsýetiň "Gazprom" kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller 27-nji martda Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedow bilen duşuşdy we "energetika aragatnaşygy meselelerini" maslahat etdi.
Synçylar Milleriň Türkmenistana ýygy-ýygydan gatnap başlandygyny dessine bellediler. Onuň häzirki sapary Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň perspektiwalaryna degişli meseläniň aktiw gozgalmagyna gabat geldi.
Ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň resmi topary Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Burianyň baştutanlygynda Aşgabada baryp, energetika boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahat edipdi. Hyzmatdaşlygyň esasy maksady Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygyndan ybarat.
Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet mediasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýollan gutlag hatyny çap etdiler. Tramp Nowruz sebäpli ýollanan hatynda "Türkmenistanyň ýaňy-ýakynda Hazar deňziniň kanuny statusynyň kesgitlenmegi bilen baglylykda gazy Günbatara eksport etmek boýunça täze mümkinçiliklerden peýdalanyp biljegine" umyt baglapdy.
Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmesiniň aýtmagyna görä, Trampyň türkmen prezidentine Trans-Hazar barada bildiren umydy Aşgabadyň özüni-de oýlandyrypdyr.
"Biziňkiler muňa signal hökmünde düşündiler, TOPH-dan ýüz öwrüp, Trans-Hazar we Ýewropa tarapyna turbalar bilen meşgullanmaly diýip. Muňa aňk-taňk boldular" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Ýatlatsak, Orsýetiň türkmen gazyny gaýtadan satyn almagynyň ähtimallygynyň yglan edilmegi 2018-nji ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň kanuny statusy barada konwensiýanyň kabul edilmeginiň yzýanyna gabat gelipdi. Konwensiýa Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygyna we türkmen gazynyň Ýewropanyň bazarlaryna çykarylmagyna ýol açýar.
Emma Berdimuhamedowyň hökümeti geçmişde Trans-Hazar gaz geçirijisine gezek gelende öz abraýyny artdyrmak üçin adatça pursady elden bermedik hem bolsa, bu sapar ony ýatdan çykaran ýaly boldy.
Prezident Berdimuhamedowyň özi we onuň gözegçiligindäki döwlet habar çeşmeleri bu meseläni agzamazlyga çalyşdylar.
Şonda 2018-nji ýylyň oktýabrynda "Gazpromyň" başlygy Alekseý Miller Aşgabada bardy we türkmen gazyny 2019-njy ýylyň başyndan satyn almagy wada berip gaýdypdy.
Şeýle-de, oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň baştutanlygyndaky resmi topary Brussele bardy. Türkmen metbugaty Ýewropa Bileleşiginiň türkmen gazyna çynlakaý gyzyklanma bildirýändigini habar berdiler.
Yzysüre Alekseý Miller ýene-de Aşgabada bardy we türkmen metbugatynyň "Gazpromyň" tiz wagtda türkmen gazyny gaýtadan satyn alyp başlamagy baradaky maglumatlary Trans-Hazar baradaky makalalaryň ýerini tutdy. Taraplaryň tas ylalaşandygy aýdyldy.
Emma 2019-njy ýyl başlandy, emma Orsýet türkmen gazyny satyn alyp başlamady.
"Gazpromyň" Aşgabada eden häzirki sapary-da Trans-Hazar gaz geçirijisiniň maslahat edilmegine we türkmen metbugatynda bellenişi ýaly türkmen gazynyň Günbatara akdyrylmagyna ABŞ-nyň goldaw bildiren pursadyna gabat geldi.
Prezident Berdimuhamedowyň Miller bilen geçiren gepleşiginiň mazmunynyň jikme-jikleri mälim edilmedi.
"Gazpromyň" we türkmen metbugatynyň öz maglumatlarynda taraplaryň "özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge" taýýardygyny tassyklandygy barada umumy sözler bilen çäklenilmegine garamazdan, "Gazpromyň" türkmen gazyny satyn almagyna degişli esasy meseläniň açyk galan bolmagyna meňzeýär.
Orsýetiň media serişdeleri türkmen gazynyň tiz wagtda gaýtadan satyn alynyp başlanjagy barada näme üçindir, türkmen metbugatyna salgylanyp, habar berdiler.
Orsýetiň "Gazprom" kompaniýasy 2016-njy ýylda türkmen gazyny satyn almagyny bes edipdi. Mundan öň taraplaryň arasynda gazyň nyrhyna degişli dawa döräpdi. Taraplar bir-birini özara şertnamasynyň şertlerini berjaý etmezlikde aýyplapdy.
"Gazprom" "Türkmengaz" bilen şertnamany ýatyrýandygyny aýdyp, çeken zyýanynyň öwezini dolmagy talap etdi we Stokgolmyň arbitraž suduna ýüz tutup, Türkmenistandan satyn alan gazynyň nyrhyna gaýtadan seretmegi we 5 milliard dollar möçberinde aşa tölän puluny gaýdyp bermegi talap etdi.
Türkmenistan "Gazpromyň" akdyrylan gaz üçin 2015-nji ýyldan başlap tölemändigini öňe sürdi. Şonda Türkmenistanyň nebit-gaz ministrligi "Gazpromyň" tölemäge ukypsyzlygyna "dowam edýän global ykdysady krizisiň we günbatar ýurtlarynyň Orsýete garşy girizen sanksiýalarynyň" sebäp bolandygyny öňe sürdi.
Orsýet uzak wagtlap Türkmenistanyň esasy gaz hyrydary bolupdy. Türkmen gazynyň başda Orsýete, soň 2017-nji ýylda Eýrana akdyrylmagynyň bes edilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetine zarba urdy. Häzirki wagtda diňe Hytaýa gaz satýan Türkmenistan agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär.