9-njy aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynda gazbeton önümlerini öndürýän zawodlar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu Serdar Berdimuhamedowyň ýylyň başyndan bäri gatnaşýan şuňa meňzeş bäşinji dabaradyr.
Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) maglumatyna görä, bu toplum döwlet baştutanynyň tassyklan Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik baradaky maksatnamanyň çäklerinde guruldy.
Açylyş dabarasyna Mejlisiň deputaty, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda, ýerli dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar, gurluşykçylar we köp sanly myhman gatnaşdy.
Prezidentiň kararyna laýyklykda, senagat toplumy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Bu kärhananyň ozal Türkmenistanda bitiren işleri jemgyýetçilik köpçüligine giňden mälim däl. Galyberse-de, bu toplumyň türkmen gaznasyna näçe maliýe serişdesine düşendigi barada hiç zat aýdylmaýar.
Germaniýanyň “Wehrhahn GmbH” kompaniýasynyň enjamlary bilen üpjün edilen toplum 180 müň kub metr gazbeton önümlerini hem-de 70 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny öndürýär.
“Şu gün açylan desga ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak bilen, gazbeton serişdelerini, olar üçin plastmassalary, keramiki plitalary, daşky we içerki timar üçin suwaglary we beýleki önümleri öndürer” diýlip, resmi habarda bellenilýär.
37 ýaşly Serdar Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň noýabr aýynda ilki parlament deputatlygyna, 2017-nji ýylyň martynda bolsa Mejlisiň kanunçylyk komitetiniň başlyklygyna saýlandy.
Onuň ady geçen ýylyň martynda geçirilen parlament saýlawlarynda 91 prosentden gowrak ses alyp, yz ýanyndan daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenmegi bilen, soňky bir ýyldan gowrak wagtda döwlet eýeçiligindäki türkmen mediasynda ýygy-ýygydan tutulyp başlandy.
29-njy martda resmi metbugat Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň türkmen böleginiň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň wekiliýetiniň Ýaponiýa bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada habar berdi.
20-njy martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hususy işewürlige degişli iki senagat desgasynyň açylyş dabaralarynyň bolandygyny we bu çäräniň ýaş Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylandygyny, TDH habar berdi.
27-nji fewralda-da Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda hususy telekeçilige degişli desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
10-njy fewralda ýaş Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýyladyşhana toplumyny açdy.
24-nji ýanwarda Serdar Berdimuhamedow bahasy 2.3 milliard dollarlyk “Aşgabat-Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berdi.
Mundan öň Türkmenistanda dürli baýramçylyklara gabat paýtagtda we ýurduň beýleki sebitlerinde ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryna köplenç prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi gatnaşardy. Emma soňky döwürde ol ýüzlerçe adamyň gatnaşdyrylmagynda guralýan mejbury dabaralardan biraz gyra çekilýär.
Şol bir wagtda, ýerli we halkara synçylarynyň käbirleri “mukaddes ýeriň” boş galmaýandygyna ünsi çekip, açylyş dabaralaryndaky “hormatly orny” parlamentiň başlygyna ýa beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylara bermän, prezidentiň oglunyň “eýeländigini” ýa-da kakasynyň oňa bu orny miras hökmünde geçirendigini belleýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.