Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranlylar hökümetiň sil gelende gören kömek çäreleriniň ýeterliksizligine protest bildirýärler


Eýranyň Gyzyl Ýarymaý kömek guramasynyň başlygy Sarem Razaee Lorestanyň Pol-e Dokhtar şäheriniň “agyr krizis” ýagdaýyndadygyny aýtdy.
Eýranyň Gyzyl Ýarymaý kömek guramasynyň başlygy Sarem Razaee Lorestanyň Pol-e Dokhtar şäheriniň “agyr krizis” ýagdaýyndadygyny aýtdy.

Ýurda soňky onýyllykda gelen iň ýykgynçylykly silden ejir çeken eýranlylar hökümetiň kömek çäreleriniň ýeterlik bolmandygyny aýdyp, gaharly protest demonstrasiýalaryny gurnaýarlar.

19-njy martdan bäri ýurduň köp bölegine guýan ýagyşlar zerarly gelen sil Eýranyň 31 welaýatynyň 26-synda ýüzlerçe oba-şäheri syryp geçdi, azyndan 62 adamyň ölümine sebäp boldy.

Müňlerçe adam ençeme günläp açyk howada, ýagyş-ýagmyr astynda az-owlak azyk we ýyly eşiksiz galdy.

Protestçiler hökümetiň suw joşmasynyň öň ýanynda duran esasy bentlerden suw goýbermek barada gelen kararyna hem gahar-gazap bildirýärler. Olar bu kararyň öz jaýlaryny, ekin ýerlerini we mal-garalaryny weýran etjekdigini aýdýarlar.

Sosial mediada çap edilen wideolarda, garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilmese-de, daglyk ýer bolan Lorestan welaýatynda we nebit öndürýän Khuzestan welaýatynda şeýle protestleriň bolandygy görkezilýär.

Eýranyň bu welaýatlarynyň ikisi-de silden agyr ejir çekdi. Bu welaýatlarda sil suwlary sebäpli onlarça etrap we oba ewakuasiýa edildi, ýaşaýyş jaýlaryna we infrastruktura ýiti zeper ýetdi.

4-nji aprelde sosial mediada çap edilen bir wideoda gahar-gazaply adamlaryň üýşmeleňiniň Eýranyň harby komandiri Ahmad Hadem Saýýid al-Şohadanyň ulagynyň daşyny gabawa alandygy görkezilýär. Agzalýan komandir Khuzestan welaýatyndaky Karun derýasynyň boýuna kömek çärelerini ýetirmek tagallalaryny guramalaşdyrýar.

Wideony anonim görnüşinde sosial media ýüklän ulanyjy onuň Şarmiýah obasynda düşürilendigini aýtdy.

Adatdan daşary ýagdaý yglan edilen Khuzestan welaýatynyň häkimiýetleri regiondaky uly bentden suw goýbermezden öň, onlarça obany ewakuasiýa etmegi tabşyrdy.

Şohada 3-nji aprelde Eýranyň döwlet eýeçiligindäki “IRNA” habar agentligine beren maglumatynda ýerlileriň garşylyk görkezendigini aýdyp, silden ejir çeken “emosional” maldarlaryň “öz nägileligini bildirendigini” belledi.

Silden ejir çeken regionlaryň ilatyna kömek bermek çärelerine Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy we Eýranyň armiýasy gatnaşýar.

Eýranda geçirilýän protestler, Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasynyň prezident Hassan Rohaniniň hökümetini ilata kömek çärelerini öz wagtynda berip bilmezlikde berk tankyt eden mahalyna gabat geldi.

Eýranlylaryň köpüsi hökümetiň kömek çäreleriniň ýeterlik bolmandygyny aýdýarlar. Tankytçylar hökümetiň bu babatdaky tagallalarynyň örän çäklidigini we häkimiýetleriň silden ejir çeken on müňlerçe adamyň iň derwaýys zerurlyklaryny üpjün edip bilmeýändigini aýdýarlar.

3-nji aprelde Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasynyň bir komandiri Mohammad Pakpur Lorestan welaýatynda halas ediş we kömek operasiýalarynda “dolandyryşyň ýokdugyny” aýtdy.

Eýranyň Gyzyl Ýarymaý kömek guramasynyň başlygy Sarem Razaee Lorestanyň Pol-e Dokhtar şäheriniň “agyr krizis” ýagdaýyndadygyny, şäheriň üçden iki böleginiň suw astynda galandygyny belledi.

Pakpur hökümet resmileriniň ol ýere barmaga “het edip bilmejekdigini”, sebäbi adamlaryň “pitneçilik meýlindedigini” hem aýtdy.

Şeýle-de ol ýaşaýan ýerlerinden ewakuasiýa edilen adamlaryň “gözgyny ýagdaýdadygyny we olaryň şertleriniň ýaramazdygyny” sözüne goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG