Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seul Demirgazyk Koreýanyň Ukrainada ýesir alnan esgeriniň ölendigini aýdýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Phenýan Russiýanyň Ukrainadaky uruş tagallalaryna kömek bermek üçin goşun ibereli bäri, Demirgazyk Koreýanyň söweş wagtynda ýesir alnan ilkinji esgeriniň ok ýaralaryndan ölendigi habar berildi.

Günorta Koreýanyň “Yonhap” habar gullugynyň maglumatyna görä, ýurduň Milli aňtaw gullugy 27-nji dekabrda metbugat üçin beren gysga habarynda demirgazyk koreýaly söweşijiniň Ukrainanyň ýörite operasiýa güýçleri tarapyndan ýesir alynmazyndan öň alan ýaralaryndan ölendigini aýtdy.

"Biz ýaranlykdaky aňtaw gullugynyň üsti bilen 26-synda ýesir alnan demirgazyk koreýaly esgeriň biraz öň, agyr ýaralary sebäpli ölendigini tassykladyk" diýip, metbugat üçin berlen habarda aýdylýar.

Bu habar Ukrainanyň “Militarnyi” habar gullugy demirgazyk koreýaly hasaplanýan bir esgeriň Russiýanyň Kursk sebitinde Ukrainanyň ýörite operasiýa güýçleri tarapyndan ýesir alnandygyny aýdan gününiň yz ýanyndan geldi.

Ýesir alnan we ýaralanan diýip bilinýän esgeriň suraty öň telegramda paýlaşyldy. Emma ol surat garaşsyz ýagdaýda tassyklanmady.

Esgeriň ýagdaýy we durumy baradaky jikme-jiklikler belli däl.

XS
SM
MD
LG