Aşgabadyň köçelerinde zenan sürüjileriň sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagy bilen bagly çäre we dürli reňkdäki ulaglary sürmäge girizilen gadagançylyk dowam edýär; hökümete degişli edara-kärhanalarda işleýän aýal-gyzlaryň ulag sürmegine çäklendirme girizilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
“Zenan sürüjilerde özleriniň döwlet edara-kärhanasynda işleýändigi barada güwänama bolsa, onda olaryň ulag sürmegine rugsat berilýär. Olara degmeýärler. Galan aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasy elinden alynýar. Şol bir wagtda-da, zenan sürüjileriň ulaglaryny awtoulaglary hasaba alyş merkezinde hasaba aldyryp ýa-da täze sürüjiniň adyna geçirip bilmeýärler” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy 18-nji martda gürrüň berdi.
Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi işlemeýän, emma söwda-satyk edip ýa-da sowgat hökmünde ulag alan, döwlet edarasynda işlemeýän zenanlaryň sanynyň hem az däldigini aýdyp, munuň "ýurduň aýal-gyzlarynyň arasyndaky diskriminasiýanyň aýdyň mysalydygyny" aýdýar.
Habarçy güwänamasy bolmadyk zenan sürüjileriň käbirleriniň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärlerine (PÝGG) para berip ýa-da ýokary wezipelerde işleýän tanyş-bilişlerine jaň edip, sürüjilik şahadatnamasyny aldyrmajak bolýandygyny, ýöne olaryň sanynyň juda çäklidigini hem aýtdy.
“Häzirki wagt şäherde ulag sürýän zenanlaryň sany juda çäklendi. Men öňden bäri ulag sürüp gelýän üç zenan bilen söhbetdeş boldum. Olar ulag sürmeklerini bes etdiler we häzirki wagt garaşýarlar. Olar näme boljagyny bilmeýärler” diýip, habarçy belledi.
Onuň sözlerine görä, ýaşy 40-dan geçen zenanlaryň ulagy öz adyna satyn almagyna we sürmegine rugsat beriljekdigi barada gürrüňler hem bar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň bu gürrüňleri degişli türkmen resmilerine tassyklatmak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.
Şeýle-de, habarçy paýtagtda diňe ak, kümüşsow we altynsow reňkdäki ulaglaryň hereketine rugsat berilýändigini aýdyp, PÝGG-niň işgärleriniň beýleki reňkdäki ulag sürüjilerini dürli bahanalar bilen saklaýandygyny hem belleýär.
“Polisiýa işgärlerine dürli reňkdäki ulaglaryň sürüjilerine, zenan sürüjilere we 2000-nji ýyldan öň öndürilen ulag sürüjilerine azar bermek barada dilden ýörite görkezme berlipdir. Köne ulaglar diýlip atlandyrylýan şol ulaglary sürmegiň gadagandygy barada birnäçe gezek duýduryş berildi. Ýöne bu barada resmi görkezme ýok” diýip, habarçy polisiýa işgärleriniň we ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanýar.
Türkmenistanda häkimiýetleriň zenan sürüjileriň ulag hereketini çäklendirmek çäreleri indi ençeme ýyl bäri wagtal-wagtal ýüze çykýar. Emma bu çäreler şu ýylyň fewral aýyndan başlap gaýtadan güýçlendirildi.
18-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň awtoulag sürüp barýan aýallaryň ulaglaryny saklap, dürli bahanalar bilen olaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýandygyny habar berdi.
19-njy fewralda sürüjilik şahadatnamasyny polisiýa aldyran aşgabatly bir aýal sürüji Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň wideosyny düşürip, Azatlyk Radiosyna ugratdy.
6-njy martda bolsa, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň aýal maşgalalaryň eýeçiligindäki ulaglary we olaryň dokumentlerini ýörite içgin barlaýandygy mälim boldy.
Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly bir zenan PÝGG-niň işgärleriniň aýallaryň eýeçiligindäki ulaglaryň guratlyk hatynyň möhletini hem uzaldyp bermeýändigini gürrüň berdi.
Türkmenistanyň resmi media serişdeleri ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada gürrüň etmeýär.
Türkmenistanda zenanlaryň we erkekleriň deň hukuklydygyna ýurduň “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakyndaky” kanuny esasynda kepil geçilýär.
Emma muňa garamazdan, ýurtda aýal-gyzlaryň häkimiýetler tarapyndan daşary ýurda goýberilmän, uçardan düşürilýändigi, zenanlaryň daş keşbine degişli gadagançylyklar, şol sanda zenanlaryň uzyn köýnek, türkmen balak geýmäge mejbur edilýändigi, döwlet edaralarynda işleýän zenanlaryň dynç wagtynda köçe süpürmek, oba hojalyk işlerine çekilmek we resmi dabaralara gatnaşmaga mejbur edilmek ýaly ýagdaýlara sezewar bolmagy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz habar serişdeleriň ençemesi yzygiderli habar beripdi.
Geçen ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň wekilleri BMG-niň Aýallaryň hukuklarynyň kemsidilmegini ýok etmek baradaky komitetine Ženewada beren hasabatynda, esasan, milli kanunlary sitirlemek bilen çäklenip, özlerine berlen soraglara takyk jogap bermekden saklandylar.