Azatlyk Radiosynyň ýagdaýlardan habarly hökümete ýakyn çeşmesi bu görkezijiniň hakykata gabat gelmeýändigini aýdýar.
Golaýda BMG-niň ykdysady we sosial meseleler boýunça Departamenti, Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (ÝUNKTAD) we BMG-niň sebitlerdäki komissiýalarynyň 5-si bilelikde “Dünýädäki ykdysady ýagdaý we geljekki mümkinçilikler, 2019” atly täze hasabat çap etdi.
Onda Türkmenistanda 2019-njy ýylda Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 5 prosente deň boljakdygy, şeýle-de ýurtdaky işsizligiň derejesiniň 2018-nji ýylda 3.3 prosente barabar bolandygy aýdylýar.
“Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň pesdigi barada resmi metbugatda-da habar berilýär, elbtede, bu hakykata gabat gelmeýär” diýip, Azalyk Radiosynyň ýagdaýlardan habarly hökümete ýakyn çeşmesi gürrüň berdi.
“Hatda iň optimist kärdeşlerimiz hem ýurtda işsizligiň derejesiniň 25 – 30 prosent aralygyndadygyny aýdýar” diýip, çeşme aýtdy.
Ol hökümetdäki bir tanşynyň ýurtdaky işsizligiň derejesini 40 – 45 prosent diýip çaklaýandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bular barada anyk sanlary çap etmeýär.
Hökümetçi neşir işsizlik barada çap eden habarynda, käbir öňki sowet respublikalaryndaky işsizligiň derejesi barada maglumat berýär. Hasabata görä, Ermenistanda işsizligiň derejesi 17.6 %, Gruziýada 11.7 %, Ukrainada 9.3 %, Latwiýada 7.5 %, Gyrgyzystanda 6.9 % we Özbegistanda 5.1 % - e deň.
Hökümete ýakyn çeşmäniň sözlerine görä, soňky 3-4 ýyllykda ýurtda iş orunlary yzygiderli kemeldilýär.
“Ýekeje mysal, ministrlikleri we etraplary birleşdirýärler we munuň netijesinde müňlerçe býujet işgäri işsiz galýar. Etraplar birleşdirilende etraplaryň hökümet edaralary hem birleşdirilýär. Şeýlelikde, iş orunlary 80 prosent kemelýär” diýip, çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, birnäçe ýyl mundan ozal Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi ýatyrylyp, bu Oba we suw hojalyk ministrliginiň düzümine geçirildi, galyberse-de geçen ýyl Türkmenistanyň azyk senagaty döwlet birleşigi Oba we suw hojalyk ministrligine berkidildi.
Soňky sapar 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Lebap welaýatynda Sakar, Garabekewül etraplary hem-de Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrap ýatyrylyp degişlilikde Saýat we Halaç etraplarynyň hem-de Döwletli etrabynyň düzümine geçirilipdi.
“Oba we suw hojalyk ministrliginiň düzümine geçirilende Azyk senagaty döwlet birleşiginde iş orunlary 70 % kemeldi” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.
Ol ýurtda açylýan iri zawodlaryň, şol sanda Garlykdaky dag-magdan toplumynyň, ýa-da Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň işgärleriniň häzirki wagtda tölegsiz rugsada çykarylandygyny, bu kärhanalarda häzirki wagtda işleriň togtadylandygyny habar berdi.
2017-nji ýylyň martynda Azatlyk Radiosynyň hökümetdäki beýleki bir ynamdar çeşmesi Ministrler Kabinetiniň başlygynyň şol wagtky orunbasary Ýagşygeldi Kakaýew bilen Merkezi Bankyň başlygynyň arasynda geçen gürrüňdeşlige salgylanyp, ýurtda işsizligiň derejesiniň 59 % ýetendigini habar beripdi.
Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi özüniň resmi web sahypasynda ýurduň çäginde ýerleşýän döwlet edaralarynda boş duran iş orunlary barada 12 sahypalyk bildiriş çap edipdir. Bildirişde aýdylmagyna görä, 2018-nji ýylyň dekabr aýynda ýurduň çar künjünde ýüzlerçe iş orunlary boş dur; olaryň hatarynda mugallym, lukman, kärendeçi, gurluşykçy, sürüji ýaly iş orunlary üçin işgär gözlenilýär. Ýöne şol bir wagtyň özünde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, ýurtda dowam edýän işsizlik sebäpli mümkinçiligi bolan adamlar eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykýar.
BMG-niň hasabatynda Türkmenistan 11 ýerde agzalýar. Olarda 2017-nji ýyldan başlap ýurtda käbir ýeňillikleriň ýatyrylandygy, 2019-njy ýyldan başlap ilata mugt serişdeleriň üpjünçiliginiň doly ýatyrylýandygy, şeýle-de ýurduň ýangyç eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda tagalla edilýändigi agzalyp geçilýär.