Aşgabadyň Türkmen Döwlet Medeniýet we sungat mekdebiniň birnäçe mugallymy özleriniň prezidenti wasp edip, ýylda iki gezek goşgy düzmäge ýa-da makala ýazmaga mejbur edilýändigini aýdýar. Bu barada mekdebiň birnäçe işgäri atlandyrylmasyzlyk şerti bilen Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysyna gürrüň berdi.
“Mekdep ýolbaşçylary bilim işgärlerinden öz goşgularynda ýa-da makalalarynda prezidentiň häzirki alyp barýan syýasatyny we onuň döredijiligini wasp etmegi talap edýärler. Bu goşgular we makalalar ýurduň Medeniýet we Bilim ministrliklerine degişli gazet-žurnallarda çap edilýär” diýip, 5-nji martda paýtagtyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän mekdebiň mugallymy anonim şertde Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Ol bir adamy ýa-da onuň alyp barýan işlerini wasp edip, goşgy düzmäge ýa-da makala ýazmaga bilim işgärleriniň ählisiniň döredijilik ukybynyň ýokdugyna ünsi çekýär. Şol sebäpli mekdep mugallymlarynyň bu goşgulary we makalalary pul berip, başga adamlara ýazdyrmaga mejbur bolýandygyny aýdýar.
“Sen goşgy düzüp bilýäňmi ýa-da makala ýazyp bilýäňmi – munuň bilen hiç kim gyzyklanmaýar. Ýolbaşçylar diňe “Talap şeýle, ýazmaly” diýýärler. Her makalanyň ýa-da goşgynyň gysga ýa-da uzynlygyna görä 50 manatdan 100 manada çenli tölegi bar. Bu goşgulary, makalalary döredijiligi güýçli ýörite adamlar ýazyp berýär” diýip, mugallym Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, mekdep ýolbaşçylary gazet-žurnallarda çap edilen her bir makala ýa-da goşgy üçin hem aýlykdan 15 manat saklap galýarlar.
Mugallym mekdepdäki bilim işgärleriniň ortaça zähmet hakynyň 870 manada barabardygyny nazara alanyňda, munuň özleriniň maşgala býujetine agram salýandygyny hem belleýär.
“Goşgyny düzmekden, makalany ýazmakdan ýüz öwren bilim işgärlerine “ýurtda alnyp barylýan syýasata garşy çykýaň” diýlip, işden kowulmak howpy abanýar” diýip, mugallym sözüni jemledi.
Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Aşgabadyň Medeniýet we sungat mekdebinden kommentariýa almak başartmady.
Türkmenistanda döwlet baştutanyny wasp etmek we türkmen teleradioýaýlymlarynda onuň ýazandygy aýdylýan kitaplary taryplaýan ýörite gepleşikleri taýýarlap görkezmek, gazet-žurnallarda makaladyr goşgulary çap etmek öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlanyp, bu tejribe häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe hem dowam etdirilýär.
Şeýle-de, mekdep mugallymlaryndan sapaklarda prezidentiň ýazandygy aýdylýan kitaplardan peýdalanmak, olardan sitatalary getirmek hem dil üsti bilen talap edilýär.
Berdimuhamedowy we ýurtda alnyp barylýan syýasaty wasp etmek çäresi köpçülikleýin çärelerde, açylyş dabaralarynda, baýramçylyklarda we daşary ýurtlarda geçirilýän Medeniýet günlerinde hem öz ýerini tapýar.
Geçen ýylyň oktýabr aýynyň 14-15-i aralygynda Täjigistanda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günlerine 350-den gowrak medeniýet işgäri gatnaşyp, onda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri wasp edildi.
25-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem özüniň ilkinji mejlisini prezidenti wasp etmeklige bagyşlady. “Arkadaga şöhrat” şygaryny batly seslendirip, çapak çalan gatnaşyjylar möhüm meseleleri maslahat etmegiň deregine prezident Berdimuhamedowy we onuň ýazandygy aýdylýan eserleri wasp etdiler.
Şeýle-de, prezident soňky aýlarda geçirilýän hökümet ýygnaklarynda ýurduň metbugat serişdeleriniň “gazanylan üstünlikleri we ösüşleri wagyz etmekden” ejiz gelýändigini aýdyp, resmi mediany wagtal-wagtal tankyt etdi.
2016-njy ýylyň sentýabr aýynda türkmen lideri “beýik işleri belentden wasp etmek hem-de dünýä ýaýmak medeniýet, sungat we ähli döredijilik işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar” diýipdi.