Täjigistanyň ýük ulag eýeleri Türkmenistanyň territoriýasyndaky tranzit gadagançylygy zerarly maddy zyýan çekýärler. Türkmenistan iki hepdeden gowrak wagt bäri ýöredýän gadagançylygynyň sebäplerini düşündirmekden saklanýar.
Türkmenistanyň territoriýasynda häzirki wagtda Täjigistana ýük alyp barýan 40 çemesi uly ýük ulagy we 100 sany demirýol wagony galýar. Bu barada 20 fewralda Täjigistanyň Transport ministrliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Farida Ýakubowa Azatlyk Radiosyna aýtdy.
“Biziň maglumatlarymyza görä, Türkmenistanyň territoriýasynda 40-dan gowrak agyr ýük ulagy we 100 çemesi demirýol wagony galýar” diýip Ýakubowa aýtdy.
Täjik resmisiniň sözlerine görä, täjik tarapy Türkmenistandan henize çenli düşündiriş alyp bilmändir.
“Biz öz ýüklerimiziň böwetlenmeginiň sebäplerini şu çaka çenli bilmeýäris. Biz Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Türkmenistana ýüz tutduk, emma henize çenli jogap alyp bilmedik” diýip, Ýakubowa aýtdy.
Täjigistanyň ýük daşaýjylary Türkmenistanyň üstünden geçmek gadagançylygy bilen fewral aýynyň başynda ýüzbe-ýüz boldular. Täjigistana ýük alyp barýan awtoulaglaryň onlarçasy Türkmenistanyň serhedinden geçip bilmän eýran tarapynda jemlendiler. Türkmenistanyň demirýol stansiýalarynda 108 sany demir ýol wagony togtap galdy.
Şu günler serhetde galýan ulaglaryň täjigistanly eýeleri maddy ýitgi çeikýärler. Ulag eýeleri belli bir wagtdan artykmaç serhetde galmagyň belli bir tölegi talap edýändigini aýdýarlar.
“15 günlük möhlet berýärler. Şol wagtda geçip gitmeseň, jerime tölemeli. Her ulagdan günde 20 dollar, ýene 10 dollar ulag sürüjiden. Bu 30 dollar çemesi bolýar. Üstesine, biz sürüjileriň iýmit üçin çykdajylaryny hem üpjün edýris” diýip, “Global Plýus” atly transport şirketiniň eýesi Parwiz Şaripow 20-nji fewralda Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Onuň sözlerine görä, şu günki gün Täjigistana ýük alyp barýan 100 çemesi awtoulag eýran-türkmen serhedindäki Sarahs geçelgesinde, ýene-de 40-45 sany ýük ulagy Maşatdaky Wižan postunda galýar.
14-nji fewralda Täjigistanyň gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Hurşet Karimzoda bu tranzit problemasy boýunça Täjigistanyň we Türkmenistanyň arasynda diplomatik derejesinde gepleşik alnyp barylýandygyny habar berdi. Ondan öň Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin iki ýurduň arasynda strategiki partnýorlyk hakynda ylalaşygyň bardygyny belläp, ýurtlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga päsgel döretmeli däldigini aýtdy.
Türkmenistan we Täjigistan agzalan bu ylalaşygy geçen ýylyň noýabr aýynda, täjik ýükleriniň Türkmenistanyň giňişliginden geçmeginiň gadagan edilmegi bilen bagly ozalky krizisiň yzýany ratifikasiýa etdiler.
2018-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň häkimiýetleri sebäbini düşündirmezden, täjik ýük ulaglaryny ençeme günläp ýurduň territoriýasyndan geçirmediler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.