Türkmenistanda sowet ýyllaryndan uç alýan we garaşsyzlyk ýyllarynda daşary ýurt okuw jaýlarynda hem "ýakasyny tanadan" diplom satyn almak praktikasy ýurduň ýüzbe-ýüz bolan ykdysady kynçylyklarynyň fonunda barha kän göze ilýär. Bu barada daşary ýurtlarda okaýan studentleriň özleri hem pikirlerini aýdyp başlady.
Azatlygyň daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylar we resmi Aşgabadyň walýuta ýüküni ýeňletmek aladalary hakyndaky makalasyny okan türkmen studenti “GDA ýurtlarynda bilim o diýen ýok! ...bärde artykmaç bilim berlenok” diýip, öz pikirini ýazypdyr.
Şeýle-de ol türkmen raýatlarynyň daşary ýurda okuwa gaýtmagynyň sebäbiniň "okuw däldigini" öňe sürýär.
“Köp türkmen talybynyň maksady pul aýlamak, okamak däl, ene-atasyna kömek etmek!” diýip, Orsýetde okaýan student ýazýar. Şeýle-de ol köp türkmen talybynyň “okamaga däl-de, eýsem diplom almaga gelýändigini" belleýär.
Türkmenistanly studentleriň daşary ýurtlarda okap başlamagy garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan mümkin boldy we bu mümkinçilik 2007-nji ýylda häkimiýet çalşandan soň has giňeldi. Emma ýerli synçylar bu ýagdaýyň begenmeli tarapy bilen bir hatarda gynanmaly tarapynyň hem bolandygyny aýdýarlar.
“Daşary ýurtda hakyky bilim aljak, hünär öwrenjek ýaşlara ýol açylmagy gowy zat, emma daşary ýurtlara okuwa gitmek mümkinçiligi ozal diňe ýerli ÝOJ-laryň diplomlaryny satyn alan korrupsioner maşgalalara daşary ýurt ÝOJ-larynyň diplomlaryny hem almaga giň ýol açdy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşuly mugallym aýtdy.
Aşgabatly pensioneriň tassyklamagyna görä, diplomyň okuw-bilime däl, pula satylmagy Türkmenistanda 1970-nji ýyllarda başlandy we soň adaty bir zada öwrüldi.
“Şol döwürde mugallymlara para berip okan raýatlar soň öz ogul-gyzlaryny hem para berip okatdylar, olaryň agtyklary hem şu ýoldan gitdi we ýokary okuwdaky galplyklaryň netijeleri indi ýurduň geljegini synaga salýar” diýip, 78 ýaşyndaky pensioner Azatlyk radiosynyň habarçysyna aýtdy.
“Türkmrenistanyň alternatiw habarlary” neşiriniň maglumatyna görä, türkmen häkimiýetleri soňky wagtlarda geçen ýyl daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň 150-den gowragynyň deportasiýa edilendigini aýdyp, ene-atalar bilen duşuşyk geçirýärler.
Neşiriň mart aýynda Belarusyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetinde geçirilen ýygnaga we ol ýerdäki çeşmesine salgylanyp beren maglumatyna görä, bu okuw jaýynda okaýan 400 daşary ýurtlynyň ýarysy türkmen bolup, olaryň 35 prosenti sapaklaryna gowy ýetişmeýär.
Orsýetiň daşary işler minsitri Sergeý Lawrowyň Aşgabatda saparda bolanda aýtmagyna görä, Orsýetde 30 müň çemesi türkmen studenti bilim alýar. Emma türkmenleriň Astrahan oblasty ýaly köp toplanan ýerinde bahalaryň bilime däl-de, para-peşegeşe köp goýulýandygy hakynda maglumatlar bar. Bu maglumaty “Iz.Ru” neşiriniň 2017-nji ýylyň tomsundaky telesýužeti hem tassykalýar.
Has anygy, bu ýerde okaýan bir türkmen žurnalist bilen söhbetdeşlikde rus dilinde “Izwestiýa” diýen ýazgyny hem dogry okap bilmeýändigini görkezse, beýleki bir türkmen, geljekde ýurist bolmaly student öz bilim alýan dilinde iki sözüň başyny hem çatyp bilmeýär.
Moskwada okaýan we Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen türkmen studentiniň tassyklamagyna görä, Orsýetiň, Ukrainanyň, Belarusyň we beýleki GDA ýurtlarynyň okuw jaýlarynda kursdan kursa okap, bilimleri bilen däl-de, para berip geçýän türkmen studentleriniň sany “ýüzlerçe däl, müňlerçe diýseň-de, ulaltma bolmaz”.
Şeýle-de ol bu hili studentleriň soň Türkmenistandaişe ýerleşmek, wezipe basgançagyndan ýokary galmak mümkinçiliginiň hakyky okanlara garanda gowy bolýandygyny belledi.
Azatlygyň websaýtynda öz pikirini galdyran türkmen studenti Türkmenistanyň bu meselesini ýurt içindäki ÝOJ-larda gowy okaýan ýokary kurs studentlerini günbatara we Hytaýa mugt praktika geçmäge ibermek bilen çözmegi teklip edýär.
BMG-niň 2018-nji ýyldaky Ösüş hasabatynyyň maglumatyndan çen tutulsa, Türkmenistanda ÝOJ-lara girýänleriň umumy sanyna laýyklykda daşary ýurtlarda okuwa girýänleriň möçberi 2017-nji ýylda 107 % azaldy.