Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda býujetiň hasabyna okaýan studentleriň aglabasyndan umumy ýaşaýyş jaýyny boşatmak talap edilýär.
Türkmenistanda bolup geçýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew çagasy ýokary okuw jaýlarynda okaýan ene-atalaryň we studentleriň ençemesine salgylanyp, bu baradaky görkezmäniň oktýabr aýynyň başynda mälim edilendigini we 1-nji noýabra çenli wagt möhletiniň berlendigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylary munuň sebäplerini umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýeriň ýetmezçilik edýändigi we şol sebäpli bu ýere ilki bilen tölegli esasda okuwa giren studentleriň ýerleşdiriljekdigi bilen düşündirýärler.
“Tölegli esasda okuwa girýänlerden alynýan puluň belli bir bölegi umumy ýaşaýyş jaýy üçin tölenýär. Siz býujetiň hasabyna mugt okaýarsyňyz. Üstesine-de, býujetiň hasabyna stipendiýa alýarsyňyz. Stipendiýalar hem 800-1000 manat möçberinde. Şonuň üçin hem siz öz nejadyňyzy, öz günüňizi özüňiz görmeli. Siz umumy ýaşaýyş jaýyndan çykmaly diýip, görkezme berdiler” diýip, synçy Bugaýew gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk institutynyň adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran jogapkär resmisiniň Azatlygyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň bermegine görä, tölegli esasda okuwa giren studentleriň ene-atalarynyň ençemesi özlerinden umumy ýaşaýyş jaýy üçin töleg alynýandygy, emma otag berilmeýändigi barada ýurduň ýokary edaralaryna şikaýat bilen ýüz tutýar we şondan soňra şeýle çäre kabul edilýär.
Aýdylmagyna görä, görkezmeden soňra çagasy paýtagtyň ýokary okuwa jaýlarynda okaýan ene-atalar welaýatlardan Aşgabada gelip, kireýine jaý almaga synanyşýarlar. Ýöne olar Aşgabatda kireýine jaý almagyň juda çylşyrymly we gymmatlygyndan zeýrenýärler.
“Häzir ýaşaýyş jaýlarynda üç adam bolup ýaşajak bolsalar, her aýyna bolmanynda 3000-3500 manat töleg tölemeli. Muny hem, 10 aýa köpeltseň, her student üçin tölenýän töleg eýýäm 10000-12000 aralygynda bolýar diýip, ata-eneler zeýrenýärler hem-de olar “eger şular ýaly ýagdaý boljak bolsa, onda iň gowusy tölegli esasda okuwa ýerleşdirsek, bize häzirki býujet esasynda alynýanyndan arzan düşjek. Sebäbi olaryň alýan stipendiýalary bir aýlyk jaý kireýine-de ýetenok diýýärler” diýip, Bugaýew aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginden maglumat almak synanyşyklary başa barmady.
Ýerli synçylaryň we bilim işgärleriniň ençemesi ýurtda studentler üçin niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsiniň sowet döwründe gurlan jaýlardygyny aýdyp, bu meseläni “soňy bilen köplenç boş durýan ýaşaýyş jaýlarynyň, kottej öýleriň deregine” studentler üçin umumy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak arkaly çözüp boljakdygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda 2016-njy okuw ýylyndan başlap ýokary okuw jaýyna girmek isleýän abituriýentleriň belli bir bölegi tölegli esasda kabul edilýär. Olar ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän studentleriň ortaça 35%-ni emele getirýär. Bu usulda okuwa giren studentleriň okuw tölegi 2016-njy ýylda 3500 manat bolan bolsa, 2017-nji ýyldan başlap 6000 manat edildi.
Ýöne çagasy tölegli esasda ýokary okuw jaýlarynda okaýan ene-atalaryň ençemesiniň gürrüň bermegine görä, studente edilýän çykdajy munuň bilen hem çäklenmeýär. Sebäbi çäreler we beýleki talaplar üçin edilýän çykdajylary nazara alanyňda, tölegli esasda okuwa giren studente bir ýylda sarp etmeli puluň möçberi ortaça 25000 manada ýa-da resmi kurs bilen 7000, “gara bazaryň” nyrhy bilen 1200 amerikan dollaryna barabar bolýar.
Türkmenistanda her ýyl 85 müň çemesi ýaşlar orta mekdepleri tamamlaýar, emma olaryň diňe 10 müňe golaýy ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýär.