Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda arak içip, agyz süpürmek, kir ýuwmak gymmatlady


Aşgabatda satylýan alkogolly içgiler
Aşgabatda satylýan alkogolly içgiler

Türkmenistanda ýene harytlar gymmatlaýar, emma bu gymmatlamalar hakynda metbugatda hiç bir maglumat berilmeýär.

2019-njy ýylyň başyndan alkogolly içgileriň we durmuş hajatlary üçin ulanylýan senagat harytlarynyň bahalary gymmatlap başlady.

Azatlyk mundan öň ýaşaýyş jaýlarynyň, jemagat hojalygy hyzmatlarynyň, dükanlaryň kärende tölegleriniň bahalarynyň gymmatlandygyny habar beripdi.

Ýyl başyndan göze ilen ýene bir gymmatlama alkogolly içgilere degişli, şol bir wagtda bu gymmatlama “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” kabul edilen we bölekleýin güýje giren kanunda göz öňünde tutulmaýar diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 17-nji ýanwarda habar berdi.

Aşgabadyň Çakyr zawody bilen baglaşan şertnamasy esasynda arak-çakyr önümlerini satýan hususy dükanlaryň işgärleriniň berýän maglumatyna görä, olara zawodda satylýan arak-çakyr önümleriniň bahasy ýyl başyndan 10% gymmatlady.

Mysal üçin, bu zawodda “Arassa” ady bilen öndürilýän aragyň ondan gowrak görnüşi bar. Olaryň iň arzany ozal zawodda satylanda 0,5 litri 13 manat bahalanyp, dükanda 16 manatdan satylan bolsa, häzir bu aragyň zawoddaky nyrhy 16 manada çykdy, hususy dükanlardaky nyrhy 24 manada çykdy. Elbetde, aragyň täze bahasy ýol, dükan ýerleriniň nyrhlarynyň ýokarlanmagyny hem öz içine alýar diýip, dükan eýeleri düşündirdiler.

Şol bir wagtda, “Arassanyň” iň arzan görnüşi döwlet dükanlarynda 22 manatdan satylýar, emma döwlet dükanlaryndan alkogol tapmak o diýen aňsat däl.

Azatlygyň habarçysy ýyl başyndan durmuş himiýasy, durmuş hajatlary bilen bagly harytlaryň hem üzül-kesil gymmatlandygyny habar berýär.

“Kir ýuwulýan jisimleriň bahasy pesinden 15-20% gymmatlady, içiniň göwrümi 0,5 kg bolan “Areal” atly kir ýuwujy mundan bir aý ozalam gymmatlap, 18 mamada çykypdy, emma häzir ol 25 manatdan satylýar” diýip, habarçy habar berdi.

Gelip gowşan maglumata görä, saç ýuwulýan şampunlar hem ýyl başyndan bäri ortaça 35 manat gymmatlady. Mysal üçin, Türkiýeden getirilýän şampunlaryň ortaça bahalary 36-40 manat aralygynda bolan bolsa, söwda orunlarynyň we söwdagärlerden alynýan paçlaryň ýokarlanmagy bilen baglylykda, häzir ol 54-60 manat aralygynda satylýar.

Errkek adamlara niýetlenen atyrlar, tualet suwlary, hili o diýen ýokary bolmasa-da, ýyl aýagynda gymmatlap, 17 manat bolanlygyndan 60-80 manada çykdy, olar häzir 160-240 manat aralygynda bahalanýar.

Durmuşda, hojalykda ulanylýan dürli salfetkalar, el, agyz süpürilýän kagyzlar hem gymmatlady. Aýdaly, mundan üç ýyl ozal el süpürilýän kagyzlaryň bir gutusynyň bahasy 5 manat bolan bolsa, 2018-nji ýylyň aýagyna çenli az-azdan gymmatlap, 15-18 manada çykan arassaçylyk kagyzlarynyň iň arzanynyň bahasy häzir 25 manat boldy.

Döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri Türkmenistanda ilat üçin zerur bolan harytlaryň bolçulygynyň döredilendigini habar berýärler, şol bir wagtda hökümet bazar bahalaryna kontrollyk etmäge çalyşýar.

Hökümete tarapdar “Arzuw news” habar gullugynyň düşündirişine görä, ýurtda bar diýilýän haryt gytçylyklary juda çişirilen gürrüňler bolup, dükanlardaky nobatlara arzan bahadan satylýan harytlary alyp-satýan adamlar günäkär.

Emma muňa garamazdan, hökümete tarapdar habar serişdeleri ýylda 10% ýokarlanýan aýlyklar bilen ýylda ençeme esse ýokarlanýan bahalaryň arasyndaky tapawudy, bu ýagdaýyň maşgala býujetine salýan agramyny düşündirmekden saklanaýarlar.

XS
SM
MD
LG