Bu ýyl býujetiň girdejileri 83868,3 million manat (83 milliard 868 million 300 müň) möçberinde kesgitlenildi. Bu dollaryň resmi kursundan orta hasap bilen 24 milliard dollara, “gara bazaryň” nyrhyndan ortaça 4.6 milliard dollara deň bolýar.
Türkmenistanda 2018-nji ýylda döwlet býujetiniň girdejileri 95508,5 million (95 milliard 508 million 500 müň) manat möçberinde kesgitlenipdi.
Bu sanlardan çen tutulsa, bu ýyl Türkmenistanyň döwlet býujetiniň girdejileri ortaça 11.6 miliard manat möçberinde, ýagny 12.2 % azaldy.
Has ozalky sanlar bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň Mejlisi 2017-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň girdejilerini 103571,6 million (103 milliard 571 million 600 müň) manat möçberine 2016-njy ýylyň noýabr aýynda tassyklapdy.
Bu san göz öňünde tutulanda, Türkmenistanyň döwlet býujetiniň göz öňünde tutulýan girdejileriniň soňky üç ýylyň dowamynda 20 % kemeldigi bolýar.
Ýöne bellemeli ýeri, “2017-nji ýyl üçin Türkmenistanyň döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda kabul edilen kanuna görä, ilkibaşda 103.5 milliard töweregi diýlip meýilleşdirilen 2017-nji ýylyň döwlet býujetiniň girdejileri, ýerine ýetirilende 85894,6 million (85 miliard 894 million 600 müň) manada barabar boldy.
2018-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabatyň üstümizdäki ýylyň noýabr-dekabr aýlar aralygynda aýan edilmegine garaşylýar.
Resmi maglumatlarda döwlet býujetiniň aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda düzülýändigi we ýerine ýetirilýändigi habar berilýär. Ýöne býujet boýunça Mejlisiň geçirýän maslahatlarynyň mazmuny, olaryň alnyp barlyşy, deputatlaryň arasynda parlamentde döreýän çekişmeler barada ilata maglumat ýetirilmeýär.
Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynda türkmen prezidenti döwlet býujetiniň 75-80 prosentini sosial üpjünçilige, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirmek boýunça gürrüň edipdi. Ýöne golaýda tassyklanan býujetde onuň näçe göteiriminiň muňa degişlidigi halk köpçüligine mälim däl.
TDH-nyň habarynda býujetiň girdejiler böleginiň nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk we beýleki käbir möhüm önümçilik ulgamlarynyň hasabyna düzülýändigi nygtalýar.
Döwlet býujetiniň çykdajylary barada aýdylanda, degişli kanunçylykda görkezilişi ýaly, olaryň esasy bölegini býujet edaralarynda zähmet çekýän işgärleriň zähmet haklary, pul görnüşinde tölenýän subsidiýa, ýagny ýeňillik çykdajylary, döwlet kömek pullary, şol sanda raýatlaryň aýry-aýry toparlaryna, meselem şikesli raýatlaryň durmuş goraglylygyna gönükdirilen çykdajylar, döwlet wezipeleriniň, ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegine edilýän çykdajylar we beýlekiler düzýär.
Şu ýerde gysgaça ýatlasak, Türkmenistanda prezidentiň, ministrleriň we beýleki ýokary wezipeli döwlet emeldarlarynyň eýeleýän wezipeleri bilen bagly edýän çykdajylary, şol sanda olaryň döwlet ygtyýarlygynda münýän ulaglary, olaryň sany we satyn alnan bahalary barada jemgyýetçilige maglumat berilmeýär.
Gepiň gerdişine aýdylsa, şu ýylyň iýun aýynda döwletiň hasabyna Germaniýadan satyn alnan ýarym million ýewrolyk “Mini Cooper” kysymly awtoulag barada habar berildi.
Türkmenistanyň býujet ulgamyny 2014-nji ýylyň mart aýynda kabul edilip, 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje giren “Türkmenistanyň Býujet Kodeksi” düzgünleşdirýär. Bu kodeksiň düzgünleriniň berjaý edilmegine tapgyrlaýyn geçilýär. 2016-2018-nji ýyllar aralygynda býujetiň ýerine ýetirilmegi ýurtda 1996-njy ýylda kabul edilen “Býujet sistemasy” hakyndaky kanun esasynda düzgünleşdirildi.
2019-2021-nji ýyllar üçin döwlet býujeti bilen bagly çäreler Türkmenistanyň täze Býujet kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar.
Bu maglumatdan çen tutulsa, Mejlisiň iki gün mundan ozal, 1-nji dekabrda tassyklan döwlet býujeti ilkinji gezek “Türkmenistanyň Býujet kodeksi” esasynda kabul edildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty Mejlisiň garamagyna hem-de tassyklamagyna prezident hödürleýär.