Türkmen hökümetiniň ýaňy-ýakynda yglan etmegine görä, 2017-nji ýylda döwlet býujetiniň azyndan 75%-niň sosial pudaga sarp edilmegi planlaşdyrylýar. Türkmenistanyň ýolbaşçylary 2016-njy ýylyň býujeti kabul edilende-de onuň uly böleginiň ilatyň sosial üpjünçiligine sarp ediljegini yglan edipdiler.
Muňa garamazdan, Türkmenistanyň dürli welaýatlarynyň ýaşaýjylary öz ýaşaýan ýerlerinde sosial obýektleriň, şol sanda ýollaryň, mekdepleriň, çaglar baglarynyň ýyllarboýy bejerilmän galýandygyny, agyz suwuň ýetmezçilik edýändigini, elektrik togunyň we gazyň üpjünçiliginiň gowşakdygyny gürrüň berýärler.
Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň “Ruhnama” daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy kärendeçi Dürbibi öz obasyndaky ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.