Şu günler Aşgabatda türkmen häkimiýetleriniň öýsüz it-pişikleri tutmak boýunça amala aşyrýan çäreleri gaýtadan güýçlendi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy habar berýär.
“Parahat 1 we 2 etrapçalarynda Ýaşaýyş jaý müdirliginiň işgärleriniň we käbir beýleki edaralaryň işgärleri çala jan ýatan, açlykdan we üşemekden ýaňa ysgyn-mydary giden it-pişikleri irden sagat 4 bilen 7 aralygynda awlaýarlar. Ellerindäki ortaça 2-2,5 metr uzynlykdaky demir ýa-da berdaşly agaçlardan edilen taýaklar bilen it-pişikleri urýarlar, soňra hem tutýarlar. Özem öňküler ýaly agyr maşyn getirmän, it-pişikler öldümi ýa dirimi oňa seretmezden, olary ýanlaryndaky uly halta oklaýarlar” diýip, anonim ýagdaýda söhbetdeş bolan habarçy belledi.
Onuň sözlerine görä, bu çäre türkmen häkimiýetleri köp gatly jaýlaryň girelgelerindäki basgançaklaryň aşagynda ýerleşen boşluk ýeriň iki tarapyny kerpiç bilen örüp ýapanyndan soň, ýagny soňky bir hepdäniň dowamynda güýçlendi.
“Basgançaklaryň aşagyndaky boşlyk ýer it-pişikleriň menzil-mekanydy. Olar şol ýerde ýaşaýardy diýseňem boljak. Ýüregi ýuka ýaşaýjylar it-pişikler üçin şol basgançagyň aşagyna galan-gaçan naharyny hem äkidip goýýardy. Ýöne şäher edaralarynyň işgärleri it-pişikleri şol ýerden çykarmak ýa-da olary bu ýere goýbermezlik üçin bu boşluk ýeri ýapdylar. Şondan soň janawarlar köçede, jaýlaryň burçlarynda çem gelen ýerde ýatyp başladylar. Bu bolsa, döwlet işgärleriniň işini aňsatlaşdyrdy” diýip, habarçy sözüni jemledi.
Azatlyk Radiosyna awlanan it-pişikleriň nirä alnyp gidilýändigini, ýagny olaryň soňky ykbalyny anyklamak häzirlikçe başartmady.
Türkmenistanda, hususan-da Aşgabatda idegsiz it-pişikleri awlamak çäreleri indi ençeme ýyl bäri dowam edýär. Bu çäre geçen ýylyň sentýabrynda paýtagtda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň we şu aýyň başynda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň öň ýanynda güýçli depginde amala aşyryldy.
16-njy oktýabrda Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy Berkararlyk etrabyna degişli bir köçe süpürijisiniň sözlerine salgylanyp, Aşgabadyň ýaşaýyş jaý müdirliginiň gündelik bir pişik tutup tabşyrmak boýunça köçe tämizlikçilerine ýörite görkezme berendigini habar berdi. Şonda paýtagtyň Ýaşaýyş jaý müdirliginiň bir işgäri pişik ýygnamakdan ýüz öwürýän işgärlere işden çykarylmak howpunyň abanýandygyny gürrüň beripdi.
Şol günüň ertesi Azatlyk Radiosyna paýtagtda öýsüz itleri tutmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň geçirilişini görkezýän iki wideo ýazgy gelip gowuşdy. Olaryň birinjisi oktýabryň başynda Aşgabadyň köçeleriniň birinde düşürilip, onda gyzgylt reňkli ýörite awtoulagyň içine salnan itleriň ses edişi eşidilýär.
Ikinji wideo sentýabryň başynda Aşgabadyň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň birinde düşürilipdir. Wideoda şäher edaralarynyň işgärleri güjügi sim bilen bogup, süýräp jaýyň ýokarky gatyndan aşak äkidýärler we soňunda ýörite awtoulagyň içine zyňýarlar.
16-njy oktýabrda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gowşan hatda Aşgabat şäher häkimliginiň binýadyndaky Arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşiginiň başlygy şäheri eýesiz haýwanlardan arassalamak boýunça görülýän çäreleriň özlerine ýokardan görkezme bilen tabşyrylandygyny resmi derejede tassyklaýar.
Türkmenistanda öýsüz haýwanlar babatynda ýyllarboýy geçirilýän resmi çärelerde rehimsizlige ýol berilýändigi, itleriň we pişikleriň köpçüligiň içinde, şol sanda çagalaryň gözüniň öňünde zorluk bilen tutulýandygy we öldürilýändigi barada garaşsyz habar beriş çeşmeleri we aktiwistler yzygiderli habar berýärkä, häkimiýetler we resmi habar beriş serişdeleri bu meseläni düýpden agzaman gelýärler.
Geçen ýylda idegsiz haýwanlaryň rehimsiz ýok edilýändigi barada garaşsyz çeşmeleriň yzygiderli çap eden maglumatlaryndan soň, Türkmenistanyň ýarym resmi mediasy ýurtda öýsüz haýwanlar üçin ýörite penahananyň döredilendigini habar beripdi. Emma ýerli aktiwistler Çoganlyda ýerleşýän bu penahanada itleriň açlykdan ölýändigini köpçülige mälim edipdi.