Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çagalary Gökderä ugratmak boýunça nobatdaky çäre başlandy


Gökderede çagalaryň dynç alyş merkezi
Gökderede çagalaryň dynç alyş merkezi

Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde güýzki kanikullaryň başlanmagyna on güne golaý wagt galanda, türkmen häkimiýetleriniň çagalary Gökderedäki çagalar dynç alyş merkezine ugratmak boýunça nobatdaky çäresi başlady.

Aşgabatly mugallymlaryň we ene-atalaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylaryna gürrüň bermegine görä, geçen hepdäniň ahyrynda şäher häkimliginiň we Ahal welaýat häkimliginiň resmileri bu dynç alşa 3000-den gowrak mekdep okuwçysynyň çekiljekdigini mälim etdiler. Şeýle-de, olar mekdep ýolbaşçylarynyň her birine 15-30 okuwçynyň sanawyny öňümizdäki hepdäniň sişenbe gününe çenli taýýarlamagy tabşyrdylar.

“Şoňa 3-7 klas okuwçylaryny çekýärler. Bu tölegli. Şoňa gidýänler, ýagny bir hepde dynç aljak her bir okuwçy üçin 300 manady tölemeli. Onuň daşyndanam, Gökderede boljak wagty çagalaryň geýjek sport egin-eşiklerini we beýleki zatlaryny şäher we etrap bilim bölümleri tarapyndan görkezilen nusgada satyn alyp bermeli” diýip, Türkmenistanda bolup geçýän wakalara ýakyndan syn edýän aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Mugallymlaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, geçen ýyllarda bolşy ýaly şu ýyl hem, güýzki dynç alşynda çagasyny Gökderä ugratmak isleýän ene-atalaryň sany juda çäkli. Muny olar ýurtda ykdysady kynçylyklaryň barha ýiti duýulýan döwründe ene-atalaryň maliýe mümkinçiliginiň çäklidigi bilen düşündirýärler.

Adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran paýtagtly mugallym mekdep ýolbaşçysynyň özlerine anna gününe çenli dynç alşa meýletin gitmek isleýän çagalar bolmasa, onda öňki ýyllarda Gökderä gitmedik çagalaryň ene-atalary bilen habarlaşmagy tabşyrandygyny aýdyp, şeýle diýdi: “Ata-enäniň maliýe mümkinçiligi barmy? Öý býujetiniň şoňa güýji ýetjekmi? Oňa seredilmeýär. Olara diňe bu gezek siziň çagaňyz Gökderä gitmeli diýmeli”.

Ata-eneleriň ençemesi bolsa, mekdep mugallymlarynyň görkezmesini berjaý etmek üçin däl-de, eýse çagasynyň kemsinmezligi üçin karz pul alyp, öz perzentlerini dynç alşa ugratmaga razy bolýandyklaryny, Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.

“Okuw ýylynyň başlananyna entek ýaňy bir aýdan gowrak wagt boldy. Munuň öň ýanynda, çagalara mekdep formasyny, okuw esbaplaryny almak üçin hem uly çykdajy etdik. Etimizden kesen ýaly edip berýäris, ýöne çagamyzyň boýnunyň burulmazlygy üçin bialaç ugradýarys. Häzir 3000 çaga gidýän bolsa, şonuň bolmanynda 2000 sanysy ene-atalaryň karz alan pulunyň hasabyna gidýär” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Azatlyk Radiosy bu barada maglumat almak üçin Aşgabat şäher häkimligi we Ahal welaýat häkimligi bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariýa almak häzirlikçe başartmady.

Türkmenistanda mekdep okuwçylaryndan ýa-da mugallymlardan baýramçylyk lybaslary, mekdebi rejeleýiş we bezemek işleri üçin häli-şindi pul ýygnamak tejribesi indi ençeme ýyl bäri gaýtalanyp gelýär.

21-nji sentýabrda Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda, mekdepleri bezemek, dabara-şowhun üçin okuwçylardan we mugallymlardan pul ýygnaldy. Şonda Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde gürleşen aşgabatly mugallymlar her ýyl özleriniň iki aýyň aýlygyna barabar pullarynyň şeýle çärelere gidýändigini aýtdylar.

Geçen aý Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy bolsa, welaýatyň mekdepleriniň tas ählisinde, birinji klasdan 11-nji klasa çenli aralykdaky okuwçylaryň ählisinden “köýen lampalary çalşyrmak, döwlen şkaflary we partalary abatlamak üçin” pul ýygnalýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi mediasynda ýurtda çagalaryň “bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy we olaryň dynç alyş möwsüminde öz wagtyny boş geçirmezligi üçin ähli şertleriň döredilýändigi” aýdylsa-da, ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada mesele gozgalmaýar.

XS
SM
MD
LG