Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda bilet gytçylygy: Ýanwar aýyndan bärde bilet ýok


Aşgabadyň halkara aeroporty
Aşgabadyň halkara aeroporty

Türkmenistanda uçar biletleriniň gytçylygy emele geldi. Häzirki wagt Türkiýe, Belarus, Russiýa ýaly ýurtlara gitmek isleýän raýatlar para berip, biletleri satyn almaga synanyşýarlar.

Türkmenistanda bolup geçýän wakalar we täzelikler bilen ýakyndan gyzyklanýan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, şu günler paýtagtyň Oguzhan köçesiniň ugrundaky awiabiletleriň satylýan agenstwasynda, ýagny edarasynda her gün azyndan 200-250 adam nobata durýar.

“[Edaranyň] sorag-jogap býurosyna baryp soranyňda, ýanwaryň birinji ongünlüginden, birinji ýarymyndan bärde bilet ýok diýip, ýüz ugruna jogap berýärler. Onsoň adamlar olaryň sözüne ynanman nobata durýarlar” diýip, Bugaýew raýatlara bilet satylýan kassalarda hem şol bir jogabyň gaýtalanýandygyny belledi.

Ýöne synçy bilet nobatyna duran adamlaryň ençemesine salgylanyp, nobat esasynda müşderileri kabul etmeýän käbir kassalaryň biletleri diňe para beren adamlara satýandygyny aýdýar.

“Belli-belli kassalara radio üsti bilen bildiriş berlip, müşderi çagyrylanok. Munuň sebäbini soranyňda, “Bron boýunça satýarys” diýip, ýalan sözleýärler, diňe öz tanyşlaryna satýarlar diýip, alty-ýedi günläp bilede gatnaýan adamlar aýdýarlar. Hatda adamlaryň bilediň öz bahasyny manatda töläp, onuň arasyna 150-200 dollary goşup ugradýandygyna hem şaýat bolýarys diýip, adamlar aýdýarlar” diýip, Bugaýew bu kassalarda hem, biletleriň para beren islendik müşderä däl-de, diňe “araçysy” ýa-da ýokary edara-kärhanalarda tanyş-bilişi bolan adamlara satylýandygyny, ýaşaýjylara salgylanyp aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky beýleki bir habarçysy hem bu maglumatlary tassyklap, döwlet maslahatlarynda biletleri “online” satmak barada yzygiderli gürrüň edilse-de, hatda ony plastik bank kartlary arkaly hem satyn alyp bolmaýandygyna ünsi çekýär.

“Biledi diňe onuň bahasyny nagt görnüşinde töläniňde satyn alyp bolýar. Ony hem diňe tanyş-bilişiň bolanda satyn alyp bolýar. Üstesine-de, bilediň bahasyndan başga-da 1000 manat para bermeli” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly habarçymyz belledi.

Häzirki wagt “araçysy” bolmadyk ýa-da bilediň bahasyndan başga goşmaça çykdajy edip, para bermäge maliýe taýdan gurby çatmaýan türkmenistanlylaryň, hususan-da, daşary ýurtlara okamaga gitmek isleýän ýaşlaryň türkmen häkimiýetlerine goşmaça uçar reýslerini girizmegi hem haýyş edendigi, emma resmileriň muňa oňaýly jogap bermändigi aýdylýar.

“Biz şunça adam goşmaça reýs ediň diýseler, “Siz bir tarapyna uçýarsyňyz. Gaýdyşyn, samolýody yzyna boş alyp gaýtmak howaýollary edaramyzyň bähbidine däl, biz zyýan çekýäris” diýip, ony etmeýän ekenler” diýip, Bugaýew belledi.

Daşary ýurtlara biletleriň ýoklugynyň sebäpleri barada ýaşaýjylara resmi bildiriş ýa-da düşündiriş berilmeýär. Şeýle-de, ýurtdaky bilet gytçylygy barada ne resmi mediada, ne-de “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň resmi websaýtynda maglumat berilýär.

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze dört sany “Boeing” uçaryny satyn almak baradaky karara gol çekdi. Ýöne üç sanysy “Boeing 737 MAX 7” kysymly, beýleki bir sanysy “wajyp uçuşlar üçin niýetlenen” bu uçarlaryň haçandan başlap we haýsy uçuşlarda ulanyljakdygy barada hiç zat aýdylmady.

Türkmenistanyň hökümeti “Türkmenhowaýollarynyň” uçar biletlerini internet arkaly satmak we bronlamak usulyny girizmek meselesine 2011-nji fewral aýyndan bäri garaýar.

Geçen ýylyň iýun aýynda türkmen prezidentiniň awiabiletleriň internet arkaly satylmagy baradaky teklibi goldandygyny türkmen mediasy habar beripdi. Emma aradan bir ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, türkmen häkimiýetleri bu mesele boýunça alnyp barylýan işler barada häzirlikçe maglumat bermän gelýärler.

Şol bir wagtyň özünde, ýurtda “Türkmenhowaýollary” gullugynyň awiabilet satyljak internet saýtynyň kadaly işlemeýändigini hem ýerli synçylar we ýaşaýjylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG