Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň sport mekdepleriniň işgärlerinden baýramçylyk lybaslary üçin pul ýygnalýar


Aşgabadyň sport mekdepleriniň işgärlerinden baýramçylyk lybaslary üçin ýene pul ýygnalýar diýip, Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy aýdýar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz sport mekdepleriniň işgärleriniň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralarda geýilmeli edilen bu lybaslary Döwlet sport komitetinden satyn almalydygyny we soňra yzyna tabşyrmalydygyny tassyklaýar.

“Aşgabadyň sport mekdeplerinden parada gatnaşmaly birnäçe adamy saýlaýarlar. Soňra olar üçin sport mekdebiniň işgärlerinden pul ýygnaýarlar. Bir sport mekdebiniň mugallymy baýramçylyk lybaslaryny diňe Döwlet sport komitetinden satyn alyp bolýandygyny we baýramçylykdan soň komitetiň olary özünde alyp galýandygyny aýtdy” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Sport mekdepleriniň işgärleriniň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaý ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň öňýanynda her ýyl diýen ýaly gaýtalanýar. Has takygy, sport mekdepleriniň ýolbaşçylary işgärlerden pul ýygnap, Döwlet sport komitetinden sport lybaslaryny satyn alýarlar, soňra-da lybaslary yzyna tabşyrýarlar. Ýöne indiki baýramçylyk çäresiniň öňýanynda ýene-de pul ýygnalýar.

“Şu ýyl her sport mekdebinden 5 adamdan 10 adama çenli gatnaşyjy saýlandy. Her gezeginde baýramçylyk lybaslarynyň bahasy has-da ýokarlandyrylýar. Şu ýyl sport lybasynyň 500 manada durýandygy aýdyldy. Birnäçe mekdebiň direktorlary her adamdan 500 manat talap edýär. Sebäbi direktorlar hem bu puldan öz paýyny alyp galasy gelýär. Şeýlelikde, sport lybaslary “gyzyldan bolýar”” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde, ol käbir sport mekdeplerinde bolsa, kesgitlenen möçberdäki sport lybaslary üçin pul ýygnalandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Meselem, bir mekdepden 5 adam çärä gatnaşýan bolsa, 500 manatdan bäş sany sport lybasynyň bahasy 2500 manat bolýar. Bu puly sport mekdebindäki işgärleriň sanyna görä böldüler we hemme adamdan deň möçberde pul ýygnadylar. Bu ýagdaýdan sport mekdepleriniň ýolbaşçylary gaty närazy boldy” diýip, habarçymyz mekdep işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, talap edilen puly bermekden boýun gaçyran işgärler işden kowulmak ýa-da iş stawkasynyň kemeldilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

“Mekdebiň käbir aýal mugallymlary ýa-da tälimçileri iň soňky geçirilen welosiped ýörişlerinde satyn alynmaly edilen tigirler we nasoslar üçin pul bermekden ýüz öwürdiler. Şondan soň olaryň iş stawkalaryny dessine 24 sagada kemeltdiler. Aýlyklaryny hem dessine azaltdylar” diýip, sport mekdebiniň mugallymy habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda bellenilýän uly baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýan adamlar, şol sanda býujet işgärleri, studentler we okuwçylar baýramçylyk lybaslaryny köplenç öz hasabyna ýa-da edara-kärhananyň işgärlerinden ýygnalýan puluň hasabyna satyn almaly bolýarlar.

Şeýle-de, “çäreçiler” ýüzlerçe kilometr uzaklykda geçirilýän köpçülikleýin dabaralar üçin hem, azyk we ýol çykdajylarynyň ählisini öz hasabyna çekmeli bolýarlar.

Resmi mediada ýurtda bellenilýän baýramçylyk çärelerine türkmenistanlylaryň “uly höwes bilen gatnaşýandygy” aýdylyp, “şowhun bilen çapak çalýan, dürli şygarlary aýdýan” pursatlary görkezilýär, ýöne bu çärelere adamlaryň sarp edýän pul serişdesi ýa-da olaryň näçe adamyň iş, okuw we dynç alyş wagtyny alýandygy barada kelam agyz söz aýdylmaýar.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Döwlet sport komiteti we degişli edaralar bilen habarlaşanda, bu barada kommentariýa almak başartmady.

XS
SM
MD
LG