Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda hojalyklardan toga bikanun pul çöpleýän hilegär toparlar döredi


Türkmenistanda resmiler hojalyklardan sanly hasaplaýjylary oturtmagy talap edýär (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanda resmiler hojalyklardan sanly hasaplaýjylary oturtmagy talap edýär (Illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynyň Gazojak we Darganata etraplarynda özlerini “Elektrik üpjünçilik edarasyndan” diýip tanyşdyrýan hilegär toparlar döredi. Olar hojalyklara aýlanyp, galp resminamalar bilen, hamala, elektrik togy üçin ýerli ýaşaýjylardan pul çöpleýär.

“Olar galp dokumentler bilen, kwitansiýalar bilen gelip hojalyklaryň toklarynda, hamala, kemçilik tapýarlar, soňra pul jerimesini salýarlar” diýip, Azatlygyň ýurduň içindäki habarçysy maglumat berýär.

Onuň sözlerine görä, agzalýan hilegär toparlar ýerli ýaşaýjylara sanly hasaplaýjylary bazar bahasyndan tas 3 esse gymmat satýarlar.

Habarçy Darganata we Gazojakda käbir hojalyklaryň azyndan iki sapar galp toparlaryň pidasy bolandygyny habar berdi.

“Şeýle hilegär toparlar köpeldi. Bu etraplaryň ýaşaýjylary geçen aýlar üçin iki gezek toga pul töländiklerini aýdýarlar. Olar bu hilegärleriň etrabyň güýç edaralarynyň işgärleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigine şübhe bildirýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy belledi.

Darganataly bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna özüniň toga diýip, 30 manat töländigini, beýleki bir ýaşaýjy özüniň 200 manadyny hilegär toparlara gapdyrandygyny habar berdi.

Azatlygyň ýurduň içindäki çeşmesi agzalýan etraplaryň ilat sanyna ünsi çekdi:

“Bu etraplarda azyndan 150 müň raýat ýaşaýar” diýip, ol aýtdy.

Habarçy ýerli resmilere salgylanyp, bu ýerlerde ilatyň azyndan 10 prosentinden bikanun ýollar arkaly maliýe serişdeleriniň ýygnalyp alnandygyny aýtdy:

“Etraplaryň Elektrik üpjünçilik edaralary, hem-de Polisiýa gulluklary halkyň köpçülikleýin arzalaryny diňlemändirler” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler hilegärlere töleg tölän ýaşaýjylary aýyplaýar.

“Günä özüňizde! Biz pul ýygnanymyzda, siziň ýaşaýan çägiňiziň elektrik stansiýasynyň bir işgärini ýanymyz bilen alyp barýarys” diýen sözler bilen, ýerli Elektrik üpjünçilik edaralarynyň işgärleri arzaçylaryň ýüzüni alypdyr” diýip, habarçy hilegärleriň oýnuna aldanan ençeme ýaşaýjynyň sözlerini getirýär.

“Özüňiz gaýym bolmaly ekeniňiz!” diýip, resmiler arzaçylara maslahat beripdir.

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap elektrik togy, gaz, suw we beýleki ýeňillikler tölegli edildi. Olar 1993-nji ýyldan başlap, Garaşsyz Türkmenistanda ilata mugt hödürlenipdi.

2017-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen iň soňky Ýaşulylar maslahatynda geňeşe gatnaşan aksakgallaryň teklibini kanagatlandyryp, döwlet baştutany bu mugt ýeňillikleriň özüni ödemeýändigini we bazar ykdysadyýetine geçmegi bökdeýändigini aýtdy, hem-de mugtçylygy ýatyrdy.

Soňky iki ýylyň dowamynda ýurtda hojalyklarda suw ölçeýji gurallaryny oturtmak we sarp edilýän elektrigiň mukdaryny ölçeýän sanly hasaplaýjylary oturtmak güýçli depgine eýe boldy.

Gazojakda we Darganatada dörän hilegär toparlar barada resmi düşündiriş heniz ýok.

XS
SM
MD
LG