Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sosial-demokratlar partiýasynyň agzasy Žanna Samişewa Bişkekde tussag edildi


Samyşewanyň tussag edilendigini onuň garyndaşlary habar beripdirler.
Samyşewanyň tussag edilendigini onuň garyndaşlary habar beripdirler.

Sosial-demokratlar partiýasynyň agzasy Žanna Samişewa Bişkekde tussag edildi. Onuň tarapdarlary munuň "syýasy terrordygyny” aýdýarlar.

Bu täzeligi Sosial-demokratlar partiýasyna ozal Bişkek şäher geňeşinde wekilçilik eden Kadyr Atambaýew öz Facebook sahypasynda habar berdi. Samyşewa, edil Atambaýew ýaly, partiýa saýlawdan aýrylýança, Bişkek şäher geňeşine hödürlenipdi.

Atambaýewiň sözlerine görä, Samyşewanyň tussag edilendigini onuň garyndaşlary habar beripdirler.

“Ol ýap-ýaňy IIM-niň 10-njy gullugynyň işgärleri tarapyndan, Frunze we Kalyka Akiýew köçeleriniň çatrygyndaky “Tamara” kafesinde tussag edildi. IIM-niň 10-njy gullugy ekstremizme garşy göreş alyp barýar” diýip, Atambaýew aýtdy.

“Men bazar güni, adwokatyň gelmegine garaşman, biziň kandidatlarymyza garşy näme üçin beýle çäre görülýändigine düşünemok. Bu syýasy terror we tarapdarlarymyzyň hukuklarynyň bozulmagy” diýip, saýasatçy ýazdy.

Şeýle-de, ol bu partiýanyň dalaşgärlerini “alyp gaçmak” usulynyň ulanylýandygyny öňe sürdi, “Samyşewanyň nirededigini ne garyndaşlary, ne-de aklawçylar bilýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Soňra syýasatçy, habar metbugatda köpçülige ýaýradylansoň, tussagyň Bişkek şäher bölümine äkidilendigini ýazdy.

XS
SM
MD
LG