Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Aşgabatda türkmen žurnalistlerine “pikiri erkin beýan etmegi” we beýleki hünärleri öwredýär


ÝHHG-niň nyşany
ÝHHG-niň nyşany

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda türkmen žurnalistleriniň işini kämilleşdirmek boýunça iki günlük seminar geçirýär. Bu barada TDH 28-nji awgustda habar berdi.

Žurnalistlere niýetlenen okuw maslahatyna “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Bilim ministrliginiň hem-de beýleki pudaklaýyn edaralaryň, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň hünär ugurly bölümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar” diýip, habarda aýdylýar.

Geçirilýän seminarda “pikiri erkin beýan etmekden” hem söz açylypdyr.

Okuw maslahatlary ‘Pikiri erkin beýan etmek we maglumatlara elýeterlilik’, ‘Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini dolandyrmaga umumy çemeleşmeler’, ‘Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini dolandyrmak we özbaşdak dolandyrmak’ ýaly ugurlary özünde jemläpdir.

Türkmenistanyň prezidenti geçirýän hökümet maslahatarynda ýurduň media serişdelerinde işleriň alnyp barlyşy bilen baglylykda öz nägileliklerini wagtal-wagtal beýan edip durýar, medeniýet işgärlerine ýurtda ýetildi diýilýän sepgitleri wagyz etmegi tabşyrýar.

Halkara hukuk goraýjy guramalary Türkmenistanda söz-beýan azatlygynyň, metbugat azatlygynyň ýagdaýynyň gözgynydygyny aýdýarlar.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça aprel aýynda çap eden soňky ýyllyk hasabatynda 180 ýurduň arasynda Türkmenistany 178-nji orunda ýerleşdirdi. Gurama ýurtdaky metbugat azatlygynyň ýagdaýyny “dyngysyz giňeýän gara girdap” häsiýetlendirdi.

TDH ÝHHG-niň geçirýän okuw maslahatynyň mazmunyna salgylanyp, onuň dowamynda anyk mysallaryň üsti bilen žurnalistleriň hünär taýdan özüni alyp barşynyň ahlak ýörelgeleriniň, hukuklarynyň we borçlarynyň açylyp görkezilendigini habar berýär, ýöne anyk mysallara giňişleýin girilmeýär.

Gurama wagtal-wagtal şeýle okuw maslahatlaryny türkmen žurnalistleri bilen gurap durýar. Ýöne halkara hukuk guramalary media ulgamynda Türkmenistanda nähilidir bir ösüşiň bolandygyny heniz aýtmady.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy soňky hasabatynda 2018-nji ýylda Türkmenistanda Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda täze kanunyň kabul edilendigi, bu kanunyň ýurtda hususy telekanallary açmaga rugsat berýändigi, ýöne olaryň diňe “Türkmenistanyň pozitiw keşbini” wagyz etmäge şertlendirilýändigi belläp geçýär.

Galyberse-de, halkara hukuk guramalary Türkmenistanda garaşsyz media serişdeleriniň ýokdugyny, daşary ýurduň garaşsyz habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýän sanagly habarçynyň yzarlanýandygyny, olaryň dogan-garyndaşlarynyň göz gabawynda saklanýandygyny aýdýarlar.

Ýöne türkmen resmileri muny ret edýär.

Ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew maý aýynda Ženewada geçirilen maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanda azat metbugatyň bardygyny aýtdy. Ol maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip şeýle diýdi:

“Siz Azatlyk Radiosy we beýleki maglumat sahypalary bilen hyzmatdaşlyk edýän we işleşýän adamlardan sorap görüň! Siz olaryň ýurtdan erkin çykýandygyny we yzyna dolanyp gelýändigini, Türkmenistanda bolup geçýän ýagdaýlar barada habarlary, şol sanda tankydy maglumatlary çap edýändiklerini görersiňiz. Olar çäklendirilmeýär ýa-da yzarlanmaýar”

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy awgustyň başynda ýaýradan beýanatynda “Türkmenistanda AÝ/AR bilen ilteşikli žurnalistler we olaryň maşgala agzalary onýyllyklaryň dowamynda hüjümlere, zorluklara we tussag edilmelere sezewar boldy” diýdi.

Freedom House guramasynyň 2017-nji ýyl üçin Metbugat azatlygy boýunça çap eden hasabatynda Türkmenistan metbugat azatlygynda dünýäde iň ýaramazlykda Demirgazyk Koreýa bilen deňleşdirilýär.

ÝHHG-niň Aşgabatda geçirýän okuw maslahaty iki günläp dowam eder.

XS
SM
MD
LG