Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda Tiz kömek lukmanlaryna dermanlary öz hasabyna "satyn almak tabşyryldy"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar we gytçylyklar Tiz lukmançylyk kömegi ulaglarynda işleýän lukmanlaryň dermansyz hyzmat etmegine getirdi diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmesi aýdýar.

“Düýn men maýyp agamyň gan basyşy ýokarlanyp, ýüregi ejizländen soň Tiz medisina kömegini çagyrdym. Müň bahana bilen 3 sagat diýende geldiler, emma olaryň ýanynda ýekeje derman hem ýokdy. Adatça zerur bolan gan basyşyny düşürýän, ýürek üçin Karwalol ýa-da Riboksin dermanlary, zäherlenmä garşy ýaly dermanlar Tiz kömek işgärlerinde hemişe bolmaly. Gynansakda, bir sany şpris hem ýok” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiz belledi.

Ol mundan ozal Türkmenabat şäheriniň ençeme ýaşaýjysynyň Tiz kömek ulagynyň we işgärleriniň derman üpjünçiliginiň örän pesdigi barada gürrüň berendigini aýdyp, “ýöne muny bu derejededir öýtmändim” diýdi.

Azatlygyň söhbetdeşi bu ýagdaý barada Tiz kömek gullugynda işleýän lukmanlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolandygyny we olaryň munuň sebäplerini döwlet tarapyndan hiç hili dermanyň berilmeýändigi bilen düşündirendigini gürrüň berdi.

“Tiz kömek lukmanlary dermanlary özleriniň satyn almaly edilendigini aýtdylar. 1 sanjym Riboksin 10 manat, gan basyşyň ýokarlananda ulanylýan iň arzan derman 40 manat, 1 sany spirt 10 manat, bulardan başga ençeme derman we medisina enjamy gerek. Her gün bir etrapdan 20-30 sapar Tiz kömegi çagyrýarlar. Haýsy birine derman ýetirip bolýar? Alýan aýlygymyz ujypsyzja diýip, Tiz kömek işgärleri aýdýarlar” diýip, çeşmämiz sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Türkmenabat şäher häkimligi we Tiz kömek merkezi bilen habarlaşanda, bu maglumatlary ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Belläp geçsek, býujet işgärleriniň köpçülikleýin çärelere geýmeli egin-eşiklerini ýa-da olarda etjek çykdajylaryny öz hasabyna amala aşyrmalydygy barada mundan ozal ençeme gezek maglumatlar gelip gowşupdy. Emma döwlet tarapyndan dermanlar bilen üpjün edilmeli we ilata mugt hödürlenýän Tiz kömek gullugynyň dermanlary işgärleriň “boýnuna dakmagy” bilen baglanyşykly ýagdaý ilkinji gezek ýüze çykýar.

Soňky aýlarda Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň has ýiti duýulýandygyny, beýleki harytlar bilen bir hatarda dermanlaryň bahasynyň ýokarlanýandygyny we olaryň käbir görnüşlerini tapmagyň barha kynlaşýandygyny, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary habar berýärler.

Soňky alty aýyň dowamynda dermanhanalardaky dermanlaryň bahalary ortaça 40-50 prosent gymmatlady. Olaryň nyrhyny mundan bir ýyl ozalky bahasy bilen deňeşdireniňde bu gymmatlamanyň 100%-e barabar bolandygyny görse bolýar.

Saglyk ätiýaçlyk pasportyna girýän dermanlara Saglyk öýlerinde resept ýazylyp berilse-de, şol dermanlaryň köp görnüşleriniň dermanhanalarda ýokdugyny hem ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

“Şol bir dermanhananyň resept bölüminde ýok dermanyň, dermanhananyň dermanlary doly bahasyna satylýan bölüminde bardygy örän geň galdyrýar” diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy geçen aýyň ahyrynda Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.

XS
SM
MD
LG