Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahasy azyndan 5.5 milliard dollarlyk Olimpiýa şäherjiginiň ýaşaýyş jaýlary indi ministrliklere, pudaklara geçirilýär


Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginden bir pursat (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginden bir pursat (Illýustrasiýa suraty)

Düýn prezident Berdimuhamedow obasenagat boýunça orunbasarynyň hem-de bäş welaýatyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi diýip, Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) maglumat berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, prezident regionlaryň hem-de paýtagtyň ýokary derejeli resmileri bilen gaýybana geçiren duşuşygynda möwsümleýin oba hojalyk işleri ýaly beýleki meseleler bilen bir hatarda Türkmenistanda Gurban baýramyna hem-de Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk barada maslahat edilipdir.

Şeýle-de, maslahatyň dowamynda döwlet baştutany Aşgabadyň häkiminiň hasabatyny diňläp, “Olimpiýa şäherjigindäki ýaşaýyş jaýlaryny ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasabyna bermek hakynda” Karara gol çekipdir.

2017-nji ýylyň sentýabrynda paýtagt Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin paýtagtda milliartlarça dollar sarp edilip, tutuş Olimpiýa şäherjigi bina edilipdi hem-de onuň binýadynda ýaşaýyş jaý toplumlary we beýleki sport desgalary girizilipdi.

Düýnki maslahatda şol şäherjigiň düzümine girýän ýaşaýyş jaýlary ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasabyna geçirmek kararlaştyryldy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüňi edilýän şäherjikde geçen sentýabrda “Aziada-2017” sport çäresine gatnaşmaga, ýa-da tomaşa etmäge gelen myhmanlaryň wagtlaýyn ýaşandygyny aýtdy:

“Şol ýaşaýyş jaýlarynda esasan daşary ýurtlardan gelen sportsmenler, türgenler hem-de ýurduň daşyndan gelen habar beriş serişdeleriniň işgärleri, ýagny žurnalistler ýaşadylar” diýip, Bugaýew belledi.

Synçy mundan ozal ýaşaýyş jaý toplumlarynyň sport çäresi geçenden soň, ilkibaşda ýerli türgenlere beriljekdigi barada il arasynda dürli çaklamalaryň ýöredilendigini aýtdy:

“Şol döwürlerde-de gürrüň edilýärdi, ‘Olimpiýa şäherjiginiň golaýynda myhmanhana hökmünde salnan, ýöne aslynda ýaşaýyş jaý bolan şol jaýlary ýurduň sportsmenlerine ýaşaýyş massiwi hökmünde berler’ diýlip, şol döwürde il içinde gürrüň agyzdan agyza geçipdi” diýip, Bugaýew belledi.

Synçy agzalýan ýaşaýyş jaý toplumlarynyň sport türgenlerine berilmeginiň maksadalaýyklygy barada gürrüň berdi:

“[Ýaşaýyş jaýlaryň sportsmenlere beriljekdigi baradaky] şol pikir [aradan] aýrylypdyr, indi pudaklara, ministrliklere berilmeli diýilýär. Onuň içinde dokma senagaty ministrliginiň-de bolmagy mümkin, onuň içinde demirýol ulaglary ministrliginiň-de bolmagy mümkin, ýöne sportsmenlere däl; atly abraýly sportsmenleriň köpüsiniň ýaşaýyş jaýy ýok öz adyna, bolanlarynyňkam giňeldilmäge degişli. Meselem, iki otagly jaýda bäş baş alty baş adam bolup ýaşaýarlar. Şolaryň-da alada edilse, sport näme-de bolsa, diňe bir ýurduň içinde däl, ýurduň daşynda-da ýurduň abraýyny goraýan ýer. Onsoň-da, çem gelen, her öňýeten sportsmen bolup bilmeýär. Ondan diňe netijäni talap etmeli däl-de, şol netijäni gazanar ýaly sportsmene şert döretmeli” diýip Bugaýew belledi.

Resmi maglumatda Olimpiýa şäherjigindäki ýaşaýyş jaý toplumlarynyň anyk haýsy ministrligiň, ýa-da pudak edaranyň hasabyna geçiriljekdigi agzalmaýar.

Ýerli synçylar aşa köp mukdarda maliýe serişdeleri sarp edilip, bina edilýän kaşaň desgalaryň köplenç halatda boş durýandygyny nygtaýarlar.

Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew paýtagtda yzy üzülmeýän myhmanhana gurluşyklaryna, hem-de olaryň iş ýüzündäki funksiýalaryna ünsi çekdi.

“Ýurtda ulanylmany duran myhmanhanalar şeýle bir kän, şolaryň köpüsi boş dur. Aşgabatda iň köp zat myhmanhana, iň köp boş duran zat-da myhmanhana” diýip, Bugaýew belledi.

Prezidentiň düýnki gol çeken kararynda Aşgabadyň Olimpiýa köçesiniň ugrunda ýerleşýän 12 gatly 118 öýli 6 sany ýaşaýyş jaýyny, hem-de 12 gatly 81 öýli 8 sany ýaşaýyş jaýy ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hasabyna degişli toplumyň işgärlerine we beýleki raýatlara satmaga rugsat berilýär.

XS
SM
MD
LG