Şu günler Aşgabat şäheriniň köçe-ýol hereketine gözegçilik departamentiniň Awtoulaglaryň tehniki taýdan guratlygyny gözegçilikden geçirýän merkeziniň öňünde uzyn nobatlar emele gelip, resmiler bu ýere baran könelişen ulaglary barlagdan geçirmän, olaryň sürüjilerine Garaşsyzlyk baýramçylygyndan soň gaýtadan gelmegi tabşyrýarlar.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň tassyklamagyna görä, gürrüňi gidýän merkeziň resmileri munuň sebäplerini “ulagyň köneligi we baýramçylykdan soňra ýurtda nähili kararlaryň kabul ediljeginiň belli däldigi” bilen düşündirýärler.
“Ulagyň köne, barybir çalyşmaly bolaýmasaň, şonuň üçin şu wagt alyp git. Soňra gaýtadan getirersiň. Garaşsyzlyk baýramçylygyndan soňra täze kararlaryň kabul edilmegi mümkin, entek näme boljagy belli däl diýip, ulaglaryň tehniki taýdan guratlyk derejesini gözegçilikden geçirmeýärler. Başga-da düşündiriş berenoklar. Ulagyň könedigini nämä görä kesgitleýändiklerini hem aýdanoklar. Uzyn nobatlaryň sebäpleri barada-da hiç zat aýdylmaýar” diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren ulag eýeleriniň birnäçesi aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewe gürrüň berdi.
Aýdylmagyna görä, bu ýagdaý Awtoulaglaryň tehniki taýdan guratlygyny gözegçilikden geçirýän merkeziň käbir resmileriniň arasynda “para almagyň bir çeşmesine” öwrülip, soralan parany beren raýatlaryň könelişen ulaglarynyň tehniki taýdan guratlygy hakyndaky resminamasy dessine berilýär.
“Eger tölenmeli parany töleseň, onda ulagyňy tehniki gözegçilikden geçirýän ýörite ýerlere girmek hem hökman däl. Awtoulagyň howluda durýar. Şotaýda-da gol çekip, [resminamany] getirip berýärler. Berilýän paranyň mukdary şony talap edýäniň ynsabyna bagly bolýar. Ol 50 manadam bolup bilýär, 200 manadam” diýip, özüni Rahymberdi diýip tanyşdyran 39 ýaşyndaky aşgabatly awtoulag eýesi aýtdy.
Mundanam başga, Türkmenistanda bolup geçýän täzelikler we wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýan synçy Bugaýew şu aý öz ulagyny gözegçilikden geçirmäge baran raýatlaryň täze tölegleriň hem girizilendigini bilip galandygyny, ýöne ýurtda adat bolşy ýaly, bu barada hem öňünden metbugatda bildiriş edilmändigini aýtdy.
“Geçen ýyl meýletin ätiýaçlandyryş üçin 20 manat töleýärdiň, bolanydy. Indi şony bir tölemeli, onuň gapdalyndanam tehniki gözegçilikden geçirilýändigi, ýagny işgärleriň hyzmaty üçinem 20 manat tölemeli. Öň şol ýokdy, şu ýyl girizilen täzelik” diýip, Bugaýew awtoulagyň döwlet belgisini çalyşmak üçin tölenýän töleg hem geçen ýyl 40 manat bolan bolsa, şu ýyl 70 manada ýokarlandyryldy diýdi.
Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Aşgabat şäheriniň köçe-ýol hereketine gözegçilik departamentiniň Awtoulaglaryň tehniki taýdan guratlygyny gözegçilikden geçirýän merkezi bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.
Soňky döwürde türkmen häkimiýetleri raýatlaryň hususy awtoulaglary bilen bagly girizýän çäklendirmeleriniň gerimini güýçlendirdiler. Bu çäklendirmeler ulagyň reňkini, ulanyşdaky ýylyny, onuň döwlet belgisini, ulagy kärendesine bermek mümkinçiligini we başga-da birnäçe gadagançylyklary öz içine alýar.
Şu ýylyň ýanwar aýynda bolsa, könelişen awtomobilleri Aşgabadyň döwlet eýeçiligindäki awtoduralgalarda goýmak gadagan edildi. Şonda paýtagtyň şäher we etrap häkimlikleriniň ýokary derejeli ýolbaşçylary tölegli awtoduralgalara aýlanyp, resmilere motoryndan ýag damýan ulaglary çykarmagy we gaýtadan duralga almazlygy tabşyrdylar.
Türkmen häkimiýetleri gürrüňi edilýän gadagançylyklar we çäklendirmeler barada resmi düşündiriş bermän gelýärler. Bu barada resmi metbugatda hem mesele gozgalmaýar.