Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowadyjy bejermäge rugsat berilmeýän welaýatyň ýaşaýjylary Mollagara 'şypahanamy ýa jepahana?' diýip soraýarlar


 Mollagaranyň girelgesi
Mollagaranyň girelgesi

Mollagara şypahanasynda dynç alýanlaryň biri Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde ýerli adamlaryň “Bu şypahanamy ýa jepahana?” diýip, bolmanda özara gürrüňde nägileliklerini daşlaryna çykarýandyklaryny gürrüň berdi.

Azatlygyň Balkan welaýatyndaky çeşmesiniň maglumatyna görä, regiondaky tok, suw ýetmezçiligi öz köklerini sowet ýyllaryndan alyp gaýdýar weMollagaradaky häzirki ýagdaý onuň diňe bir mysaly bolup durýar.

Aýdylamagyna görä, Mollagara şypahanasynda saglygyny dikeltmäge barýan raýatlar yssy howada sowadyjylaryň işlemezligi sebäpli agyr günleri başdan geçirmeli bolýarlar. Käbirleri bu ýerde bolmagy “dowzahda bolmak” bilen hem deňeýär.

“Mollagara şypahanasy umumy bir ulgamdan, bir sowadyjydan sowadylýar” diýip, bu ýerdäki kynçylyklaryň sebäbini öwrenen çeşme habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şypahananyň territoriýasynda orta hasap bilen uzynlygy 5-6 metr, ini 3-4 metr, daşyna demir germew aýlanan ýörite stansiýa işläp dur, oňa umumy sowadyjy diýýärler.

Bu sowadyjy türk firmasy tarapyndan gurlupdyr we onda dört sany salkynladyjy, ‘Çiller” diýilýän agregat bolmaly eken. Ol agregatlaryň biri gyzsa, awtomatiki usulda ikinjisi, soň üçünjisi we dördünjisi işläp, şu tertipdekondisionergije-gündiziň dowamynda durman 80-90 günläp işläp bilmeli.

"Emma oňa gurlanda dört sany çillere – ýagny sowadyjy agregata derek bir sowadyjy agregat oturdylypdyr" diýip, ýagdaýy bilýän adamlar Azatlygyň çeşmesine gürrüň berdiler.

Şunuň ýaly ýagdaý welaýat kitaphanasynda hem gaýtalanýar, bu ýerde hem kondisioneriň salkynladyjysy - çilleribejerilýänçä, ýerli ilatyň sözleri bilen aýdylanda, owadan edilip gurlan kitaphana binasy “tamy”, ýagny dowzah ýaly bolýar.

Balkan welaýatyndaky kondisionerleriň salkynladyjylaryny bejermegiň azyndan bir hepde wagt alýandygy aýdylýar. Munuň sebäbi, Azatlygyň toplan maglumatlaryna görä, ussanyň Aşgabatdan çagyrylyp, ýalbaryp getirilmeli bolmagy bilen bagly.

“Ýogsa Balkanda kondisionerleriň salkynladyjylaryny berjerip biljek, onuň gerekli suwuklygyny guýup biljek taýynlykly hünärmenler hem bar, emma welaýatda hususy eýeçilikde şeýle firmany açmaga rugsat bermeýärler” diýip, anonim şertde gürleşen ýerli resmiler Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Ikinji tarapdan, munuň ýaly firmanyň döwlet eýeçiliginde umuman ýokdugy, hususy eýeçilikde bolsa, şeýle hyzmaty ýerine ýetirýän diňe iki sany firmanyň bardygy we olaryň hem Aşgabatda ýerleşýändigi habar berilýär.

“Eger-de çilleri hatardan çykan kondisioneri bejertjek bolsaň, Aşgabada baryp, şol iki firmanyň biriniň ýolbaşçylarynyň öňünde dyzyňa çökmeli, ýalbarmaly, ‘gaýrat et, ýol kireýiňi töläýin, agregat bejerjek puluňy, guýjak suwuklygyň bahasyny töläýin, näçe gün bolsaň, iň gowy myhmanhanada saklaýyn’ diýmeli” diýip, sowadyjy bejerdenleriň biri anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy bu meseläniň has anygyna ýetmek üçin Balkanabat şäher häkimliginde jogapkär işlerde işleýän tanyşlarynyň birnäçesine telefon etdi. Olaryň biri kitaphana ýaly köpçülik ýerleriniň, hususan-da Mollagara şypahanasynyň jepahana öwrülmeginiň sebäbi barada soralanda gülüp, “gelip gör, biziň oturan iş jaýymyz hem şeýle, bäş gün bäri şäher häkimligi hem dowzaha döndi” diýdi.

“Sebäbi bizde-de çilleri, sowadyjysy ýanan kondisioner bar, bizem Aşgabatdan nebsini şagladan bir ussanyň gelmegine garaşyp otyrys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Balkanabat şäher häkimliginiň jogapkär işgäriniň tassyklamagyna görä, kondisionerleri bejerýän firma açmak üçin hem Aşgabatdan rugsat almaly we häzirlikçe olara bu meselede garaşmalydygy aýdylypdyr.

Mundanam başga, soňky ýyllarda Balkan welaýatyndaky tok üpjünçiliginiň düýpli peselendigi, her gije-gündizde azyndan 10 sagat elektrik togunyň bolmaýandygy, bu ýagdaýyň ýaşaýyş jaýlarynda hem, hususan-da çagalar, garrylar we näsag adamlar üçin uly kynçylyklary döredýändigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG