Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda geçirilen hökümet maslahatynda obalardaky agyr ýagdaý agzalmady


Balkan welaýatyndaky ýol ýazgysy
Balkan welaýatyndaky ýol ýazgysy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji maýda Türkmenbaşyda hökümetiň göçme mejlisini geçirip, sebitde ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça edilýän işleriň netijelerine seretdi diýip, TDH habar berýär.

Emma neşiriň bu mejlisden taýýarlan habarynda Balkan welaýatynyň çarwa obalarynda ýaşaýan adamlaryň kynçylyklary, öňki prezident S.Nyýazowyň “Täze oba” syýasaty döwründe dörän uly işsizlik we beýleki sosial problemalar agzalmaýar.

Azatlygyň Balkan welaýatyndaky diňleýjileri soňky alty-ýedi ýylda “gowy edilen işler” hökmünde obalaryň köpüsine tebigy gaz turbalarynyň çekilendigini, elektrik togundan kösenýän obalara tok çekilendigini aýdýarlar. Emma bu sebitdäki durmuş-ýaşaýyş şertleriniň gowudygyny, ähli meseläniň çözülendigini asla aňlatmaýar.

“Ylaýta-da ýagdaý medeni zona diýilýänden 250-400 km uzaklykda ýerleşýän obalarda agyr, bu ýerlerde ýaşaýan adamlaryň gün-güzerany ýyl-ýyldan kynlaşýar” diýip, Azatlygyň Balkandaky çeşmesi gürrüň berdi.

Mysal üçin, Türkmenbaşy etrabyna degişli Awlamyş, Gumsepişen, Goýmat, Gökdere, Haraýman obalarynda; Bereket etrabyna degişli Jamal, Burgun obalarynda; Serdar etrabyna degişli Ýylgynly, Melegoç, Dawaly, Bada, Akýaýla, Baleýşem obalarynda haýal etmän çözülmegine garaşýan uly sosial problemalar bar diýip, ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

S.Nyýazowyň “Täze oba” syýasatyndan öň bu obalardamaldarçylyk, düýedarçylyk fermalarynyň merkezleri ýerleşýärdi. Meselem, Krasnowdsk şäherinden 300 kilometre golaý daşlykda ýerleşýän, Türkmenbaşy etrabyna degişli Gyzylgaýa posýologynda üç sowhozyň merkezi ýerleşýärdi, ol sowhozlaryň ikisi maldarçylyk, biri düýedarçylyk sowhozlarydy, emma olar hökümetiň oýlanyşyksyz syýasaty, korrupsiýa esasynda dargady, olarda işlän adamlaryň köpüsi işini ýitirdi.

Netijede, işsiz galan adamlar gazanç gözleginde medeni zona golaý ýerlere göçdüler, ozal etniki gazaklaryň ýaşan Goşoba, Sülmen, Söýli, Hasan ýaly obalarynda ýerleşdiler. Emma bu obalarda hem, gazaklardan boşan jaýlardan başga, iş şertleri ýok diýerlikdi.

Emma hökümet boşap galan obalary dikeltmek, iş ýerlerini döretmek, obalylaryň öz işlerini açmagy barada alada etmän, obanyň gelşigini bozýar bahanasy bilen, boşan jaýlary ýumurdy, bir topar mekdep ýapyldy, çagalar daşdaky obalara gatnap okamaly boldy” diýip, balkanly ýaşaýjylar Azatlyk radiosyna habar ýetirdiler.

Aýdaly, Krasnowodsk, häzirki Türkmenbaşy şäherinden 100 km uzaklykda ýerleşýän Goşobada 600 okuwça niýetlenen mekdep jaýy bardy, emma iki ýyl ozal baramda, ol ýerde 12 okuwçy okaýan ekeni diýip, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Mundanam başga, Balkan welaýatynyň gyrak-çetde ýerleşýän obalarynda adamlaryň mobil telefon aragatnaşygyny ulanmak mümkinçilikleri hem ýok diýip, Azatlygyň habarçylarybilen gürleşen obalylar aýtdy. “Biz hatda mobil telefonda gepleşmek, gyssagly habar ýetirmek üçin hem motosikletli 60-70- kilometr ýol geçip, goňşy oba gelmeli” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran obaly aýtdy.

Bu ýagdaýyň üstesine, balkanly diňleýjilerimiziň tassyklamagyna görä, soňky döwürde oba adamlaryna ýene bir emeli kynçylyk döredilýär.

Ýollar ýykyk, köprüler ýumrulan, emma oba adamlary şahsy hojalygynda öndüren önümini, süýt, süzme, sygyr gatygy,goýun-geçi süýdünden edilýän ýogurt ýaly önümlerini Türkmenbaşy etrabyndaky obalardan 25-30 km ýol geçip, Türkmenbaşy şäherindäki işewürlere getirip satjak bolsalar, “seniň maşynyň gara ýa köne, şähere girmek bolanok” diýip, ýol-gözegçilik polisiýasy olary yzyna gaýtarýar.

Şeýlelikde, S.Nyýazowyň “Täze oba" syýasatyndan başlanan işsizlik we güzeran aýlamak kynçylyklary täze bahanalar bilen berkidilse berkidilýär, emma çözülmeýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran balkanly çeşme Azatlyk radiosyna aýtdy.

XS
SM
MD
LG