Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wadalara garamazdan dolanan käbir migrantlaryň soraga, jogapkärçilige çekilýändigi aýdylýar


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda hökümetiň ýurda dolanan köne pasportly migrantlara geçirimlilik ediljeginiň we Migrasiýa gullugynyň başlygynyň gidýän hem gelýän raýatlara “düzüw çemeleşilmegini” talap edendiginiň aýdylýan döwründe, Türkiýeden muňa bil baglap barýanlaryň ýaşaýan ýerlerinde howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan berk soraga we kämahal hem kanuny jogapkärçilige çekilýändigi habar berilýär.

Adynyň efirde agzalmazlygyny sorap, yzyna dolanandan soň Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan Lebap walaýatynyň Halaç etrabynyň ýaşaýjysy bolan owalky migrantyň aýtmagyna görä, onuň bilen bile giden Halaç etrabynda ýaşaýan bir tanyşy howpsuzlyk gulluklary tarapyndan owal soraga çekilipdir.

"Biz halkara metbugatda köne pasportly migrantlara geçirimlilik ediljegi barada berlen maglumatlardan soň Türkmenistana täze pasoport almaga gaýtdyk. Gelen badymyza ýaşaýan ýerimizdäki howpsuzlyk gullugynyň işgärleri derrew bizi çagyryp, soraga çekdi. Olar: ‘Şunça wagtlap nirede näme işlediňiz? Nähili adamlar we guramalar bilen gatnaşygyňyz boldy? Haýsy saýtlarda çykyş edip, teswir galdyrýardyňyz?’ diýen soraglar bilen basyşa başlaýarlar we hamala günäkäre çemeleşýän ýaly çemeleşýärler”.

Ol sözüni dowam etdirip: “Olara garşy öz hak-hukugyny talap etjek bolýanlara bolsa ‘döwlet işgärleriniň işlerine päsgelçilik döretmek we döwlet işgärlerine äsgermezçilikli söz aýtmak’ ýaly esaslardan düşündiriş taýýarlap, derrew kanuny jogapkärçilige çekýärler” diýip, lebaply migrant duş gelinýän kynçylyklary Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Howpsuzlyk sebäpli adyny bermän Azatlyk Radiosy bilen aragatnaşyga geçen halaçly käbir raýatlar we olaryň Stambulda işläp ýören tanyşlary hem ýokarda aýdylýan ýagdaýyň dogrudygyny tassyklaýarlar.

Beýleki tarapdan Türkiýeden Türkmenistana dolanandan soň Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan ahally, maryly, daşoguzly, lebaply käbir migrantlar hem ýerli organ we howpsuzlyk işgärleriniň özlerini ençeme ýyllap daşary ýurtda näme edendigi barada hasabat bermegini talap edip soraga çekip, başga migrantlar hakda hem maglumat aýtdyrmak üçin dürli basyşlara sezewar edendigini öňe sürýärler.

Ýatlap geçmeli bolsa, Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyny bozup, ýurda girip-çykmak üçin zerur bolan biometriki pasporty wagtynda almazdan, köne pasportlary bilen uzak wagtdan bäri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlaryna Türkmenistanda döwlet derejesinde geçirimlilik ediljekdigi, olar ýurda dolanan halatynda hiç hili jogapkärçilige çekilmejekdikleri habar berilipdi. Bu barada agzalýan mesele dogrusynda ýurduň welaýatlarynda ilat arasynda howpsuzlyk işgärleriniň geçiren ýygnaklaryndan habarly Azatlygyň biri-birinden garaşsyz iki çeşmesi 6-njy iýunda habar beripdi.

Belläp geçsek, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň ýurtdaky öz çeşmelerine salgylanyp çap eden maglumatyna görä, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Mergen Gurdow, edaranyň ýolbaşçylary bilen geçiren ýygnagynda olardan "Türkmenistandan daşary ýurda barýan we yzyna dolanýan raýatlara düzüw çemeleşmegini“ talap edipdir.

Sözi jemlesek, Azatlyk Radiosynyň ýurda dolanan migrantlara degilmejekdigi baradaky maglumatlara bil baglap barandan soň dürli basyşlara serewar edilýändigini aýdýanlardan we hat-da käbir migrantlaryň kanuny jogapkärçilige hem çekilýändiginden ugur alyp, degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir maglumat almak üçin edýän synanşyklary häzirlikçe bir netije bermeýär.

XS
SM
MD
LG