Soňky aýlarda Aşgabatda türkmenistanlylaryň uçara goýberilmeýändigi barada habarlaryň artýan mahaly, paýtagtyň halkara aeroportynda ‘seni uçara mündirerin” diýen wada bilen adamlary aldap, olardan pul alýan käbir ‘hilegär’ toparlaryň peýda bolandygy barada habar berilýär.
Читайте также на русском
Azatlyk Radiosynyň redaksiýasy bilen habarlaşan okyjylarymyzyň biri Aşgabadyň aeroportynda bäş ýa-da alty adamdan ybarat toparyň bardygyny we olara Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndan bolan 35 ýaşyndaky bir adamyň ýolbaşçylyk edýändigini aýtdy.
Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gürrüňi edilýän toparyň ýolbaşçysydygy aýdylýan adamyň şahsyýetini köpçülige mälim etmekden saklanýar.
“Bu topar reýslerden düşürilen adamlara ‘sizi geçirip bereris. Uçara mündireris’ diýip, olardan aldaw ýoly bilen dollar alýar. Menden 1200 amerikan dollaryny alyp, gaçyp gitdiler. Menden öň hem bir giden adamy aldapdyrlar. Olar her kime başga nyrh aýdýarlar. Ol daýaw, saryýagyz adam, kömekçileriniň hem ählisi maryly. Olaryň arasynda bir aýal hem bar. Diňe bu topar däl, bu biznes bilen meşgullanýan başga-da adam kän” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran okyjymyz gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu barada şikaýat etmek üçin polisiýa departamentine baranyňda, polisiýa işgärleri “parany berenem bir, alanam bir” diýip, puly beren ýolagçylara hem çäre görýärler.
“Adamlar polisiýa barmaga çekinýändigi üçin bu toparlar hasam arkaýyn bolup, arkaýyn hereket edýärler. Adamlaryň mundan beýläk aldanmagyny islemeýärin. Adamlar olara 1 dollaram bermesin” diýip, okyjymyz sözüni jemleýär.
Azatlyk Radiosynyň bu mesele bilen gyzyklanan Aşgabatdaky habarçylary we çeşmeleri gürrüňi edilen maglumatlary tassyklaýarlar we bu toparlaryň käbirleriniň aeroportyň migrasiýa, howpsuzlyk gulluklary bilen işleşip, ýolagçylary hakykatdan hem uçara mündirýändigini, ýöne käbirleriniň adamlardan “para alyp, gaçyp gidýändigini” aýdýarlar.
“Soňky aýlarda daşary ýurtlara gitjek türkmenistanlylaryň uçara goýberilmezligi ýaly wakalaryň artmagy bilen, aeroportda korrupsiýa gülläp ösdi. Howpsuzlyk we migrasiýa gullugynyň işgärleri uçara goýberilmedik ýolagçylardan 2 müňden 3 müň amerikan dollaryna çenli para alyp, olary reýsden geçirýärler. Olar köplenç muny başga adamlaryň, ýagny araçylaryň üsti bilen amal edýärler. Sebäbi gönüden-göni para almakdan gorkýarlar. Şol sebäpli parany dogry adamlaryň eline äkidip bermegi teklip edýän ‘hilegärler’ hem peýda boldy” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran habarçymyz gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, daşary ýurda gitmegi planlaşdyran we uçara goýberilmändigi üçin çykgynsyz ýagdaýlary başdan geçirýän adamlar “bu toparlaryň duzagyna ýeňillik bilen düşýärler”.
Şol bir wagtyň özünde, habarçymyz türkmenistanlylaryň haýsy kriteriýalar esasynda daşary ýurtlara goýberilmeýändiginiň henizem nämälim bolmagynda galýandygyny, sebäbi käte ýaş türkmen raýaty reýse goýberilmese, käte-de gartaşan nesliň uçara alynmaýandygyny aýdýar.
“Ýaş adamlara, hususan-da, gyzlara garşy ahlaksyzlyga garşy göreşiň çäginde aýratyn çemeleşilýändigi belli. Şeýle-de, ýaşlaryň zähmet çekmäge ukyplylyk ýaşy barada hem görkezme bar. Ýöne näme üçin gartaşan adamlary hem goýbermeýärler?” diýip, söhbetdeşimiz munuň nämälim bolmagynda galýandygyny tekrarlaýar.
Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilýän meseleler dogrusynda Aşgabadyň halkara aeroporty bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.
Ýöne belläp geçsek, soňky aýlarda daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmen raýatlarynyň uçara goýberilmän, yzyna gaýtarylmagy bilen baglanyşykly wakalar ýygy-ýygydan gaýtalanýar.
Maý aýynyň ahyrynda Aşgabadyň halkara aeroportynda Türkiýä goýberilmedik bir aýal maşgalanyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, soňy bilen aradan çykandygyny, Azatlyk Radiosynyň biri-biriden habarsyz ençeme çeşmesi habar berdi.
Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtyň aeroportynda aglabasy lebaply we daşoguzly zenanlardan ybarat ýolagçylar özleriniň uçara goýberilmezligine gahar-gazap bildirip, protest geçirdiler.