Türkmenistanyň daşynda galyp, öz milli türkmen pasportlarynyň möhletini geçiren raýatlaryň ençemesi Türkmenistana barandan soň tussag edildi diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, ýaňy-ýakynda şeýle wakalaryň 20-den gowragy ýüze çykypdyr, tussag edilenler türkmen häkimiýetleriniň möhletini geçiren raýatlaryň pasportlaryny täzeläp bermek wadasyna ynanyp, Türkiýeden baran türkmenistanlylar.
Читайте также на русском
"Ýurduň daşynda köne pasportly galandygy üçin jokapkärçilige çekilmejegi barada berlen wadalardan soň Türkiýeden gaýdyp baran köp adam tussag edildi. Maňa şeýle wakalaryň 20-den gowragy barada gürrüň berdiler. Olaryň ählisiniň elinde köne görnüşli pasportlar bardy. Olar häzir derňew astynda", diýip habarçymyz habar berdi.
Soňky aýlarda Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda ýerli häkimiýetleriň guramaçylygynda ilat bilen ýörite duşuşyklar geçirilip, ýurduň daşyndaky raýatlary yzyna gaýtarmak boýunça olaryň garyndaşlaryna çagyryşlar edildi we gaýdyp baranlaryň dokumentleriniň düzüw bolmagyk ýagdaýynda olaryň jogapkärçilige çekilmejegi wada berildi.
Türkmenistanyň daşyna gazanjyň gözleginde giden türkmenistanlylaryň ençemesi ýurtda 10 ýyla golaý wagt mundan ozal täze dokument ýagny daşary ýurt pasporty girizeli bäri ýurduň daşynda pasportlaryny wagtynda täzeläp bilmän bikanun ýagdaýda galýarlar.
Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, häkimiýetler welaýatlarda geçirýän ýygnaklarynda köne pasportly raýatlaryň pasportlaryny üç hepdäniň içinde täzeläp bermegi wada berýärler, şeýle-de daşary ýurtlarda galyp, Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyny bozan raýatlaryň jogapkärçilige çekilmejekdigini gaýtalaýarlar.
Habarçymyzyň 26-njy iýunda habar bermegine görä, şeýle wadalara ynanyp, Türkmenistana barandan soňra tussag edilenler dürli welaýatlaryň ýaşaýjylary, köpüsi lebaply we daşoguzly.
"Gyzykly ýeri, olara şowhun turmaz ýaly aeroportda degmediler. Olaryň ählisini öz öýlerine baranlaryndan soň äkidipdirler" diýip, habaraçymyz belledi.
Soňky ýylyň dowamynda türkmen häkimiýetleri ýurduň daşynda zähmet çekýän migrantlary yzyna gaýtarmak boýunça çäereleriň ençemesini amala aşyrdylar.
Mary we Lebap welaýatlaryndan eklenç üçin Türkiýä giden migrantlaryň birnäçesi özleriniň ýurtda galan ene-atasyna ýa-da çagalaryna daşary ýurt pasportuny bermän başlandyklaryny we bu işiň ýerli häkimiýetlere "migrantlary yzyna dolaň" diýlen "ýokardan berlen buýruk esasynda" amala aşyrylýandygyny Azatlyk Radiosyna habar beripdi.
Mundan öň migrantlary ýurduň daşyna çykarmazlyk boýunça çäreleriň eçemesi görülipdi. Aşgabadyň halkara aeroportunda türkmen raýatlarynyň uçardan düşürilmegine degişli ýüze çykýan ýagdaýlar barada yzly-yzyna habar berilýär. Käbir halatlarda raýatlar häkimiýetleriň hereketlerine garşylyk bildirýär, şeýle-de dürli heläkçilikli wakalar ýüze çykýar.
Azatlyk Radiosyna 12-nji iýunda mälim bolan ýagdaýlaryň birinde üç gezek Türkiýä gitmäge synanyşan, emma olaryň hiç birinde-de uçara goýberilmedik daşoguzly adam öz janyna kast edipdir.
Maý aýynyň aýagynda Aşgabadyň halkara aeroportynda Türkiýä goýberilmedik aýal maşgalanyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, soňy bilen aradan çykandygyny, Azatlyk Radiosynyň biri-biriden habarsyz ençeme çeşmesi habar berdi.
Türkmen hökümeti gazanjyň gözleginde ýurduň daşyna gidýän raýatlaryň sany barada resmi sanlary çap etmeýär. Daşary ýurt hökümetleriň berýän käbir sanlaryna görä, Türkmenistandan zähmet migrasiýasynyň akymy gitdigiçe artýar. Türkiýede 2016-2017-nji ýyllarda 25 müň çemesi türkmenistanlynyň ýaşamaga resmi rugsat alandygy habar berilýär. Ondan ozalky sanlarda ýutda azyndan 200 müň çemesi türkmenistanlynyň ýaşaýandygy, aglaba köpüsiniň ýurtda bikanun bolýandygy habar berlipdi.
Türkmenistanly migrantlaryň sany Orsýetde hem köpelýär. 2017-nji ýylda Orsýetiň diňe bir regionynda Wolgogradda Türkmenistandan göçüp baranlaryň sany ozalky ýyldan 81% ýokarlanypdyr.
Soňky döwürde türkmenistanlylar Özbegistana, Gazagystana, Azerbaýjana has köp gidip başladylar.