Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda 'dollar söwdasy' barlaglaryndan soň ýene ýapyk, gapysy gulply dükanlar köpelýär


Aşgabat, Teke bazaryndaky boş dükan. Arhiw suraty
Aşgabat, Teke bazaryndaky boş dükan. Arhiw suraty

Türkmenistanda geçen hepdäniň aýagynda we şu hepdäniň başynda, dollaryň “gara bazar” söwdasy bilen baglylykda, kiçi we orta telekeçilere edilýän basyşlaryň öňkülerine garanda hem has güýçlendigi habar berilýär.

Bu basyş ozalky dükan we kärhana ýapdyrmalaryndan aman galan iş ýerleriniň hem onlarçasyny ýapdyrjaga meňzeýär diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 11-nji iýulda aýtdy.

Bazarlardaky dükanlaryň dörtden biri ýapyk, gapylary gulply dur. Dükan eýeleri ‘dollar söwdasyny edýän bolaýmasyn’ diýlip edilýän gizlin gözegçilikden we salgyt işgärleriniň gelip, dükanlaryň içindäki harytlary hasaba almagyndan gorkularyna dükanlaryny mümkin bolsa açmajak bolýarlar” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň tassyklamagyna görä, hepdäniň birinji we ikinji günleri agşam dükanlaryndaky daşary ýurt harytlaryny we aş köp hasaplanyp biljek ýerli önümleri başga ýerlere, öz öýlerinde ýa garyndaşlarynyň howlularynda gizlin saklap boljak jaýlara äkiden dükan eýeleri hem bar.

Orta we kiçi telekeçileriň häzirki kynçylyklary 4-nji iýulda başlanan “dollar söwdasy” barlagyndan soň güýçlendi. Şonda Aşgabatdaky bazarlaryň ählisinde, şol sanda “15 ýyl Abadançylyk”, “Lomaý söwda”, “Mir”, “Gülüstan” söwda merkezinde, Teke bazarynda dükan eýelerine öňünden taýýarlanan dilhatylara gol çekdirildi. Ol dilhatylarda dollar söwdasy ýa dollarda söwda edilen ýagdaýynda, dükanyň we onuň içindäki harytlaryň konfiskasiýa ediljeginiň duýdurylandygy aýdylýar.

Emma häkimiýetler bu duýduryşlary ýeterlik hasaplamadyk bolarly. Netijede, geçen häpdäniň aýagyndan, şu hepdäniň başyndan başlap dükan eýelerine, öz sözleri bilen aýdylanda,“has kyn soraglar” berlip başlandy.

Şaýatlaryň tassyklamagynagörä, bu gezekki barlaglara has köp adam gatnaşýar we olar şol bir wagtyň özünde birden 6-7 dükana baryp girýärler hem-de hususy dükanlaryň içindäki harytlary synlaýarlar.

Şondan soň barlagçylar başda “Siziň dükanyňyzda şunça haryt bar, munça haryda nireden maliýe serişdesini tapýarsyňyz?” diýip soraýarlar.

Dükan eýeleriniň köpüsi ol harytlary özleriniň gidip getirmän, daşary ýurtlardan haryt getirýän adamlardan satmak üçin alýandygyny, puluny diňe satandan soň berýändigini aýtsa, onda şol adamlar ýa firmalar bilen baglaşylan şertnamany görkez diýýärler.

Şonuň bilen bir wagtda, barlagçylar daşary ýurtlardan getirilen harytlaryň dükan eýeleri tarapyndanmanada satyn alynýandygy baradaky ynandyrmalaryna ynanmaýarlar we olardan “munça harydy satyn almak üçin dollary nireden tapýarsyňyz?” diýip soraýarlar.

Barlag diňe daşary ýurt harytlarynyň möçberi ýa dollar söwdasy bilen hem çäklenmeýär. Eýsem, ýerli harytlaryň söwdasynda hem düzgün bozmalara ýol berilýändigi aýdylýar.

Mysal üçin, häkimiýet wekilleriniň tassyklamaklaryna görä, 2016-njy ýylda kabul edilen ýörite karara laýyklykda, Türkmenistanyň hususy dükanlarynda diňe ýurt içinde öndürilen önümler satylmaly we olar satylan wagtynda önümiň gelip çykyşy hem-de hili hakyndaky sertifikaty bolmaly. Emma dükan eýeleri mundan öň beýle talabyň bolmandygyny belleýärler.

Mundanam başga, dükanlardaky harytlaryň möçberi bilen baglylykda dükan eýesiniň salgytdan gaçalak etmek ähtimallygy baradaky sorag hem orta atylýar.

“Siziň dükanyňyzda şunça haryt bar, olaryň möçberinden çen tutulsa siziň ortaça şunça girdejiňiz bolmaly, emma siz alan girdejiňiz boýunça döwlete dogry salgyt töleýän dälsiňiz, biz muny ýörite iş edinip barlarys we ýakyn günlerde yzymyza dolanyp geleris” diýip, dükan eýelerine haýbat atylýan halatlary hem bar.

Bularyň hemmesi birleşip, adamlaryň dükanlarynyň harytlaryny ýeňletmäge çalyşmaklaryna, olary ýapmaklaryna sebäp bolýar diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Şol bir wagtda, Aşgabatdaky “Bereketli” bazarynda beýle barlaglaryň geçirilmeýändigi, ýapyk duran dükanyň bolsa asla ýokdugy aýdylýar. Bu bazar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygy Aleksandr Dadaýewiň ýakyn dostlarynyň birine degişli diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

XS
SM
MD
LG