Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri paýtagtda dükanlaryň penjirelerini garaltdyrýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda hususy dükanlaryň aýnalarynyň garaldylmaly edilýändigi barada “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.

25-nji fewral güni çap eden habarynda agzalýan neşir ilkinji nobatda esasan paýtagtyň merkezi köçeleriniň ugrunda ýerleşýän hususy dükanlary tijemek bilen bir hatarda, häkimligiň işgärlerinden, polisiýa gullukçylaryndan we sanitar-epidemologiýa gullugynyň işgärlerinden düzülen toparyň dükanlara aýlanyp, olaryň penjireleriniň aýnalarynyň garaldylmagyny we mahabat nyşanlarynyň aýrylmagyny talap edýändigini habar berdi.

Neşir öz maglumatlarynda resmileriň bu gadagançylyklaryň sebäpleri barada ilata giňişleýin düşündiriş bermeýändigini, diňe “ýokardan berlen tabşyryk” diýip gysgaça düşündirişe salgylanýandygyny mälim etdi.

Dükanlaryň aýnalary boýunça çäklendirmeleri Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary hem tassyklap, ozal protokol köçelerinde geçirilen aýnalary garaltmak çäresiniň häzir Aşgabadyň beýleki käbir uly köçeleriniň ugrunda ýerleşýän hususy dükanlardan hem talap edilýändigine ünsi çekýärler.

Bu barada Aşgabadyň ýaşaýjysy, ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew hem Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde giňişleýin maglumat berip, aýnalaryň ozal paýtagtyň anyk haýsy künjeklerinde garaldylandygyny, häzirki wagtda nirelerde talap edilýändigini we dükan eýelerine salgylanyp, bu çäreleriň mümkin bolan sebäpleri barada maglumat berdi.

Türkmen häkimiýetleriniň aýnalary garaltmak kampaniýasynyň ozal protokol köçelere golaý ýerlerde; Parahat etrapçalaryndaky dükanlarda ýerine ýetirilendigini jikme-jik gürrüň beren Bugaýew, häzirki wagtda bu çäklendirmeleriň durmuşa geçirilýän ýerleriniň anyk kordinatlary babada şeýle maglumat berdi:

“Häzir, indi talap edilýän köçelerden Ahmet Ýasawy köçesi bar, demirýoldan gaýrada – bu köçe-de şäheriň demirgazygynda ýerleşýän uzyn köçelerden biridir. Ynha, şunuň ugrunda ýerleşýän dükanlardan talap edilýär. Onsoň, öňki Hudaýberdi häzirki Atamyrat Nyýazow köçesi bar, şu köçäň-de öň günbatar bölegi, ýagny öňki Çehow diýilýän häzir elit jaýlar salnan ... böleginde ozal çalşyrylypdy. Ýöne, şol köçäniň häzir gündogar dowamy bar; gündogar dowamy Aşgabat şäheriniň 6-njy, 9-njy, 10-njy, 11-nji mikroraýonlaryna gabat gelýär, ynha şol köçäniň ugrunda bar bolan dükanlaryň ählisinden şony çalşyrmak talap edilýär, eýýäm köpüsinde çalşyrylypdyram” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Şeýle-de, aşgabatly ýazyjy we synçy şäheriň “30-njy mikroraýon” diýlip atlandyrylýan günbatar böleginde ýerleşýän käbir köçeleriň ugrundaky hususy dükanlardan hem aýnalarynyň garaldylmagynyň talap edilýändigini nygtady.

Gürrüňdeşimiz bu çäreleriň sebäpleri barada dükan eýlerine salgylanyp şeýle diýdi:

“Edilýän talabyň iki sany sebäbi bar diýip, maňa dükan eýeleri düşündirdiler. Birinjiden, şäheriň ähli ýerlerinde, köçäň ugrundaky jaýlaryň tas ählisinde penjireleriň aýnalary, gara, garamtyl goýy gök reňkli aýnalar bilen çalşyrylypdyr. [Dükanlaryň] aýnalary hem şolar bilen birmeňzeş bolmaly diýip aýdýarlar”.

Aýnalary garaltmak çäreleriniň ikinji we iň esasy sebäbi barada gürrüňe dowam edip Bugaýew, dükanlaryň penjireleriniň daşyna howpsuzlyk maksady bilen oturdylan demir gözenekleriň goparlyp aýyrdylandygyny, olaryň dükan penjireleriniň iç ýüzünde oturdylmagynyň talap edilendigini, içerik dakylmaly gözenekleriň şäheriň gelşigine oňaýsyz täsir etmeli däldigini, şol sebäpdenem aýnalaryň garaldylmaly edilendigini gürrüň berdi.

Aslynda, Türkmenistanda “aýnalary garaltmak kampaniýasy” täzelik däl. Sebäbi, mundan ozal hem penjireler we aýnalar boýunça käbir üýtgeşiklikler girizilip, hususan-da merkezi köçä bakýan ýaşaýyş jaýlarynda aýnalaryň “görk-görmegi” barada käbir çäreler görlüpdi.

XS
SM
MD
LG