Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylar ýurtda dowam edýän gytçylykdan şikaýat edýän wagty, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan bir websaýt Türkmenistanda azyk-haryt bolçulygynyň dowam edýändigini aýdyp, 20-nji iýunda maglumat çap etdi. Onuň ertesi güni, 21-nji iýunda Özbegistanyň telewizion kanallary türkmen ykdysadyýetindäki kynçylyklar barada taýýarlanan reportažy efire berdi.
Читайте также на русском
“Şu günler Türkmenistanyň ähli bazarlarynda, söwda merkezlerinde we dükanlarynda azyk-harytlarynyň, gök-bakja önümleriniň hem-de miweli ir-iýmişleriň bolçulygy göze ilýär” diýip, türkmen hökümetine ýakyn turkmenportal.com saýty ýazýar.
Habarda tekjeleriň azyk-harytlardan doldurylandygy aýdylýar. Olaryň hatarynda “çörek we çörek önümleri, konditer önümleri, et, şöhlat, süýt-gatyk önümleri, konserwalar, şeker, un, ýag, ter pomidor, hyýar, alma, gawun, garpyz, ülje, erik” agzalyp, erigiň soňuna-da üç nokat goýulýar.
“Söwda merkezlerindäki doly tekjeler ýurdumyzdaky azyk bolçulygyna şaýatlyk edýär. Adamlara zerur harytlaryň elýeterliligi ýurdumyzyň söwda pudagynda gazananlarynyň aýdyň subutnamasydyr” diýip, hökümete ýakyn saýt habary jemleýär.
Ýöne Özbegistanyň telewizion kanallary hökümete ýakyn portalyň maglumatlary bilen ylalaşmaýar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysynyň sözlerine görä, 21-nji iýunda Özbegistanyň “Yoşlar” telekanlynda, MY5 ("Mening Yurtim") we "Sevimli" atly telekanallarynda Türkmenistanyň Mary we Daşoguz welaýatlarynda çörek gytçylygy bilen bagly dükanlaryň öňünde uzyn nobatlaryň döreýändigi, halkyň ykdysady kynçylyklar sebäpli agyr günleri başdan geçirýändigi habar berildi.
Azatlyk ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň labryndan gönüden-göni täsirlenýän türkmenistanlylaryň duçar bolýan meseleleri, şol sanda un ýetmezçiligi, çörek gytçylygy, bahalaryň aşa gymmatlamagy barada yzygiderli maglumat çap edip gelýär.
Golaýda Lebap welaýatyna sapar eden Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy ýurduň gündogarynda unuň 45 kilogramlyk haltasynyň 200 manatdan bahalanýandygyny 22-nji iýunda habar berdi. Ol gürrüňdeşlikde: “[Unuň bahasy] Maryda hem şu bahadan ekeni, ýöne ol welaýatlarda un tapmak kyn bolansoň, [ýerli ýaşaýjylar] Aşgabada gatnaýan taksilere haýyş edip, Aşgabatdan un aldyrýarlar” diýip, habarçy maglumat berdi.
12-nji iýunda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertlerde maglumat berip, welaýatyň çäginde un gytçylygynyň ýiti duýulýandygyny habar beripdi.
“Un Daşoguzda pula-da tapdyrmaýar. Häzir raýatlar bir aý öňünden nobata ýazylyp, adam başyna 3 kilogramdan berilýän una garaşýar emma gelýän un ýok. Welaýatymyzyň halky agyr ýagdaýa düşdi” diýip, habarçy belledi.
Galyberse-de, Azatlygyň 18-nji iýunda Daşoguzyň bazarlaryna aýlanan habarçysy ýurtda harytlaryň bahalarynyň telim esse gymmatlandygyny, ozallar 50 teňňeden bahalanan bir guty otly çöpüň bahasynyň 14 esse ýokarlanyp, häzir 7 manada ýetendigini habar berdi.
Ýöne, görnüşinden, hökümete ýakyn habar saýtlarydyr döwlet metbugaty resmiler bilen bir hatarda ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary ykrar etmeýärler. Muňa derek, azyk bolçulygy baradaky habarlaryň depgini güýçlenýär.
Ýurtdan gelip gowuşýan habarlara görä, Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýär; mahlasy, azyk harytlar gytalyp, bahalar gymmatlaýar, şeýle-de, milli manat hümmetsizlenýär hem-de dollaryň gara bazardaky bahasy resmi kurs bilen deňeşdireniňde birnäçe esse ýokarlandy.
Bu makala degişlilikde goşmaça maglumatlar girizildi