Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň ogly rallä gözegçilik etmek üçin Türkmenabada bardy; şäheriň durmuşy togtady


Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidentiniň oglunyň Lebabyň merkezi şäherine gelmegi netijesinde, Türkmenabadyň esasy ýollarynyň birnäçesi ençeme günläp ýapyldy, şeýle-de şäheriň belli-belli böleklerinde jemgyýetçilik durmuşy doly togtadyldy.

Serdar Berdimuhamedow geçen hepde Türkmenabada gelip, “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisini geçirmäge görülýän taýýarlyklar bilen hut özi tanyşdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, umumy uzynlygy 1 müň 566 kilometre deň bolan ralliniň ýurduň ähli welaýatlarynyň çäkleriniň, şol sanda Garagum çölüniň üstünden geçjekdigi habar berilýär.

Türkmen resmileri ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän döwri gurnalýan bu ralliniň “ýurduň dünýädäki abraýynyň artmagyna ýardam berjekdigini” öňe sürýärler. Emma emeldarlar, adat bolşy ýaly, şu ýylyň 11-15-nji sentýabr aralygynda geçmeli ralli üçin näçe maliýe serişdesiniň sarp ediljekdigi we onuň döwlet býujetine näçä düşjekdigi barada kelam söz aýtmaýarlar.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň rallä görülýän taýýarlyklar bilen tanyşmaga gelmegi bilen, Türkmenabatyň ençeme esasy ýollary doly petiklenip, olardan hiç kim geçirilmedi.

Berdimuhamedowyň ogly - Serdar mirasdüşermi?
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:24 0:00

“Ozalky Welaýat GAI-nyň (Ýol gözegçilik gullugy) ýanyndan başlap, Demirýollary edarasynyň ýanyna çenli [ähli ýollar] petiklendi. Ol [Serdar Berdimuhamedow] Kostandowa köçesiniň ugrundaky hökümet işgärleri üçin niýetlenen myhmanhanada galdy. Onuň ugry boýunça iki gündür guş hem uçardanoklar” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Prezidentiň oglunyň sapary sebäpli, adamlar uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny hem bellediler.

“Men işe aşmak üçin, bäş kilometr aralygy ýöräp, şäheriň çetindäki bir köça aşmaly boldum. Nädenimde-de işe gijä galdym. [Gurbanguly] Berdimuhamedowyň öz saparlary ilaty köseýär diýseň, indi oglunyň edýäni nämeka?!” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjylaryň biri kinaýaly soragyny berdi.

Gepiň gerdişine görä bellesek, 36 ýaşly Serdar 2016-njy ýyldan başlap, ýurduň syýasy durmuşynda has aktiw rol oýnap başlady. Ol daşary ýurtly ýokary derejeli resmileri bilen birnäçe gepleşikleri alyp bardy, möhüm regional sammitlere prezident kakasynyň deregine Türkmenistana wekilçilik etdi.

Berdimuhamedow awto-inžnerçilik ukybyny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:36 0:00

Soňky döwür Serdar Berdimuhamedow özüniň prezident kakasy bilen ýurduň mediasynda-da has köp peýda bolup başlady: ogul we ata Berdimuhamedowlar bir tarapdan atda gezelenç etseler, beýleki tarapdan sport ulagyny täzeden gurnap, bejerýärler.

Prezident Berdimuhamedow Amuldan Hazara çenli aralykda halkara awtoralli geçirmek teklibini ilki geçen ýylyň noýabrynda edipdi. Dekabrda bolsa ol bu teklibiniň üstüne weloýöriş, ylgaw ýaryşlary teklibini hem goşdy.

Türkmen döwlet habarlar gullugy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu karara “ýurduň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen” gol çekendigini habar berýär.

Türkmenistan geçen ýyl hem ýurduň halkara sport abraýyny belende götermek maksady bilen "Aşgabat-2017" geçirdi we bu çäre türkmenistanlylara milliardlarça dollara düşdi.

XS
SM
MD
LG