Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň nobatdaky ‘zehini’: awto-inženerçilik


Berdimuhamedow ýetginjek ýyllary awtomobil sporty bilen meşgullanyp başlapdyr.
Berdimuhamedow ýetginjek ýyllary awtomobil sporty bilen meşgullanyp başlapdyr.

Türkmenistanyň prezidenti özüniň nobatdaky zehinini, ýagny ulaglary konstruirlemek başarnygyny we bu babatdaky inženerçilik ukybyny görkezdi.

Читайте также на русском

Sişenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow, ogly – Serdar bilen, özüniň çyzandygy aýdylan şekilleri esasynda sport ulagyny täzeden enjamlaşdyrdy, gurnady hem-de onuň mümkinçiliklerini synap gördi.

Berdimuhamedow awto-inžnerçilik ukybyny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:36 0:00

Türkmen telewideniýesinde görkezilen ýörite reportažda Berdimuhamedowyň Aşgabatdaky Awtomobil merkezinde çuňňur oýa batyp, kagyzyň ýüzünde ulagyň daşky bezegini, tehniki kuwwatyny artdyrmak boýunça şekilleri çyzýan, nähilidir bir formulalary ýazýan pursatlaryny synlasa boldy.

Çyzgylary dynanyndan soň, Berdimuhamedow eline gaýka açaryny alyp, ulagyň hereketlendiriji şaýlaryny towlamaga we onuň käbir gurallaryny täzeden düzmäge başlady. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow bolsa, prezident kakasynyň işini gapdalyndan synlady.

Berdimuhamedow krizis döwri, ýene-de ulagda ýaryşdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:08 0:00

Munuň yzy bilen, awtomobil sporty boýunça “Türkmenistanyň sport ussady” Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň çyzgylary esasynda “täzeden düzülendigi” aýdylýan sport ulagyny iş ýüzünde synap gördi. Serdar hem prezident kakasyndan yza galman, şturmanyň ornunda oturdy.

Türkmen prezidentiniň öň belli bolmadyk bu inženerçilik ukyby onuň çagalyk we ýetginjek ýyllary kemala gelipdir. Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlygynda kiçi we uly görnüşli welosipedleri sürüp, olaryň daşky görnüşlerini üýtgedip, olara özboluşly serişdeleri oturdyp oňyn tejribe toplapdyr; şeýle-de, ol öz welosipedine “aýratyn gadyr” goýupdyr. Hut şol döwürler hem Berdimuhamedow awtomobil sporty bilen-de meşgullanyp başlapdyr.

Berdimuhamedow 2006-njy ýylda häkimiýet başyna geçeninden soň, ol ýygy-ýygydan dürli, şol sanda sport ulaglarynyň başyna geçip dürli ýaryşlara gatnaşyp, şeýle-de ulaglarda ‘drifting’ hereketlerini ýerine ýetirip başlady.

Berdimuhamedowyň näçe başarnygy bar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:51 0:00

Inženerçilik, sürüjilik ukybyndan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň aýdym-saz, ýazyjylyk, çapyksuwarlyk, hokkeý oýnamak ýaly başarnyklary bilen-de bellidir.

Ýeri gelende ýatlatsak, şu ýylyň 11-15-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi esasynda, “Amul – Hazar 2018” halkara rallisi geçiriler. Türkmen häkimiýetleri 1 müň 500 kilometrlik “rallini üstünlikli geçirmek we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek, ýaryşlara meşhur türgenleriň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen” diýen kesgitleme esasynda, “Africa Eco Race” kompaniýasy bilen şertnama gol çekdi.

Emma, ýurduň agyr ykdysady krizisi, maliýe ýetmezçiligini başdan geçirýän; azyk harytlarynyň dowamly gymmatlaýan we gytalýan döwri bu derejeli rallilere harçlanjak maliýe serişdeleri barada hiç hili maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG