Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen studentleri plastik kartlaryň işlemeýändigini, pulsuzlykdan gyzlaryň bikanun ýollara baş goşýandygyny aýdýarlar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentleriň ençemesi türkmen banklarynda açylan öz plastik kartlaryndaky puly indi üç hepde gowrak wagt bäri ne nagtlaşdyryp, ne-de ondan nagt däl hasaplaşyklar üçin peýdalanyp bilýändigini aýdýarlar.

Читайте также на русском

“Indi 20-25 gün bäri öz plastik kartlarymyzdan peýdalanyp bolmaýar. Kartdan töläbem bolmaýar. Näme etmeli? Kime şikaýat etmeli? Derdimizi kime aýtmaly?” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran türkmen studenti belleýär.

Onuň tassyklamagyna görä, plastik kartlar arkaly tölegleri amala aşyryp bilmän, maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolan we okuw töleglerini öz wagtynda töläp bilmedik studentleriň ýüzlerçesi öz okaýan ýokary okuw jaýyndan çykaryldy.

“Täjigistanyň uniwersitetlerinde okaýan 300 çemesi türkmen studenti okuwdan çykaryldy. Menem şolaryň biri. Men aç galmazlyk üçin işleýärin” diýip, türkmenistanly student pulsuzlyk zerarly türkmenistanly gyzlaryň ençemesiniň ten söwdasy bilen meşgullanyp, olaryň käbiriniň adamlara haýbat atmak ýaly bikanun ýollara baş goşup başlandygyny nygtaýar.

“Bu ýurtda 4 müň çemesi türkmenistanly student okaýan bolsa, şolaryň ortaça 2,5 müň sanysy gyzlar. Pulsuzlygyň derdinden käbir gyzlar ten söwdasy bilen meşgullanýar. Käbir gyzlar pul gazanmak üçin dekanlaryň ýanyna girip, olara haýbat atýarlar we $200 berdim diýip, basdyrjakdyklaryny aýdýarlar” diýip, türkmen studenti “Türkmenistanyň prezident bu bolýan zatlar barada habarly dälmikä?” diýip, sözüni jemleýär.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, maglumat almak synanyşyklary başa barmady.

Belläp geçsek, 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi söwdasyny ýatyrany bäri, türkmen raýatlary 1 amerikan dollary 3,5 manat diýlip kesgitlenilen resmi kurs boýunça öz plastik kartlaryna goýan belli bir möçberdäki türkmen manadyndan soňra daşary döwletlerde peýdalanyp bilýärler.

Türkmenistanyň “gara bazarynda” dollaryň nyrhy 22 manada çenli baryp ýeten mahaly, ýurduň banklary tarapyndan açylan plastik kartlar türkmenistanlylar üçin resmi kurs esasynda türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna öwürmek boýunça esasy mümkinçilik bolup durýar.

Emma geçen ýylyň aýagyndan bäri Türkmenistanyň banklary öz müşderilerine ýurduň daşynda nagt pul çekmäge ýa-da kart arkaly hasaplaşmaga rugsat beren möçberini ýuwaş-ýuwaşdan çürt kesik azaltdy. Häzirki wagtda VISA we Mastercard töleg kartlary köplenç ýagdaýda işlemeýär.

Munuň bilen bir wagtda, soňky aýlarda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Türkmenistanyň daşynda bilim alýan studentleriň ýa-da daşary ýurda çykan türkmen raýatlarynyň öz plastik kartlaryndan pul çekmekdäki kynçylyklary barada yzygiderli maglumatlar gelip gowuşdy.

Geçen aý Azatlyk Radiosy bilen Orsýetden, Belarusdan we Ukrainadan habarlaşan studentler her gije gündizde VISA we Mastercard plastik kartlaryndan nagtlaşdyryp bolýan ýa-da nagt bolmadyk görnüşde töläp bolýan puluň möçberiniň özleri üçin ujypsyzdygyny, okuwyň tölegine we ýaşaýşa ýetmeýändigini gürrüň berdiler.

Mundan öň daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, Azatlyk Radiosyna ýörite ses ýazgy ugratdylar. Olar öz ýüzlenmesinde bank kartlaryndan hiç hili söwda edip bolmaýandygyny, özlerinde çörek almaga-da puluň ýokdugyny aýdyp, türkmen liderinden petiklenen bank kartlaryny açyp bermegi soradylar.

Bu kynçylyklaryň fonunda, Türkmenistanyň banklary bilen arabaglanyşyklydygy öňe sürülýän adamlaryň Stambulyň käbir sebitlerinde migrantlaryň bank kartlaryndan pul çekip berýändigi we munuň üçin olardan 8 amerikan dollary möçberindäki araçy tölegini alýandygy barada hem maglumatlar peýda boldy.

Ýokarda gürrüňi edilen bökdençlikleriň indi ýarym ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigine garamazdan, türkmen häkimiýetleri bu ýagdaý we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada mesele gozgaman gelýärler. Ýurduň resmi mediasynda hem bu barada kelam agyz söz aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG