Türkmenistanyň demirgazyk welaýaty Daşoguzda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy täze rekord derejä ýetip, 4-nji iýunda 1 amerikan dollary 29 manada barabar boldy.
Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleri 4-nji iýunda irden dollaryň bahasynyň bir az wagt peseljek ýaly bolandygyny, ýöne soňra munuň “söwdegärleriň dollary arzan bahadan satyn almak üçin eden oýny bolup çykandygyny” aýdýarlar.
“Irden Daşogzuň ‘Baý bazarynda’ dollar birbada arzanlajak ýaly boldy. Ýöne bu dollarçylaryň dollary arzan bahadan ýygnamak üçin eden oýny eken. Adamlar munuň anygyna ýetensoň, bazarda uly ýakalaşma boldy. Aldanan adamlar özleriniň arzan satan dollarlaryny yzyna aldylar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiz gürrüň berdi.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary hem, dollaryň “gara bazardaky” söwdegärleriniň 1 amerikan dollaryny 24 manat 50 we 24 manat 80 teňňeden satyn alýandygyny, ýöne satanlarynda üstüne azyndan 2 manat goşup satýandyklaryny aýdýarlar.
“Onam üstünden düşseň, sebäbi ‘Aý mende ýok’ diýip, indi köplenç satanoklar. Özem soňky döwürde gara bazar söwdegärleriniň hüşgärligi hasam artdy. Şonuň üçin dollary tabşyrjagam-aljagam bolsalar, köplenç ýagdaýda dollar söwdasyny edýäniň tanşy gerek” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy Bugaýew gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlara okamaga gidýän möwsüminiň golaýlamagy bilen, ýurtda dollara bolan talabyň has-da artmagyna garaşylýar. Şol sebäpli söwdegärler dollaryň ýene-de gymmatlajakdygyny aýdýarlar.
Türkmenistanyň Merkezi banky 2016-njy ýylyň başynda dollaryň nagt görnüşli çalşygyny doly ýatyrandan soň, ýurtda daşary ýurt walýutasynyň nagt söwdasy gadagan edildi. Türkmenistanyň Merkezi banky bolsa, dollaryň resmi kursuny 3,5 manat möçberinde saklap gelýär.
Ýurduň banklary ilatyň belli bir möçberdäki türkmen manadyny nagt däl görnüşde daşary ýurt walýutasyna öwürmäge mümkinçilik döretse-de, bu pul serişdesini nagtlaşdyrmak hem-de olardan nagt däl hasaplaşyklar arkaly peýdalanmak düzgünleri doly diýen ýaly çäklendirildi.
Dollaryň “gara bazardaky” nyrhy resmi kursdan sekiz esse ýokarlanan mahaly, Türkmenistanda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlar hem gün-günden gymmatlaýar we olaryň käbir görnüşlerinde gytçylygyň emele gelendigini görse bolýar.
Türkmenistanyň syýasy durmuşyna ýakyndan syn edýän halkara we ýerli synçylaryň ençemesi häzirki wagtda ýurduň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň resmi mediasynda ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda kelam agyz söz aýdylmaýar.