Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň bank kartlaryny çäklendirmegi türkmen studentlerini aç galdyrdy


Türkmenistanyň bank kartasy boýunça operasiýany amala aşyrýan bankomat (illýustrasiýa)
Türkmenistanyň bank kartasy boýunça operasiýany amala aşyrýan bankomat (illýustrasiýa)

Türkmenistanyň daşynda bilim alýan studentleriň türkmen banklarynda açylan öz plastik kartlaryndan pul çekmekdäki kynçylyklary dowam edýär.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosy bilen Orsýetden, Belarusdan we Ukrainadan habarlaşýan studentler her gije gündizde VISA we Mastercard plastik kartlaryndan nagtlaşdyryp bolýan ýa-da nagt bolmadyk görnüşde töläp bolýan puluň möçberiniň özleri üçin ujypsyzdygyny, okuwyň tölegine, ýaşaýşa ýetmeýändigini, üstesine soňky aýlarda nagt bolmadyk tölegleriň geçmezligi we bankomatlardan nagt puly çekmek boýunça synanyşyklaryň şowsuz bolmagy, hatda kartlaryň tötänden petiklenmegi ýaly ýagdaýlaryň yzygiderli ýüze çykýandygyny gürrüň berýärler.

Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýan özüni Merdan diýip tanadan türkmenistanly student Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, öz başdan geçirýän kynçylyklary barada gürrüň bermek isledi.

Studentiň sözlerine görä, onuň özüniň we beýleki türkmenistanly studentleriň ençemesiniň kartlarynyň petiklenmeginiň döreden pul ýetmezçiligi zerarly olar köplenç aç galýarlar.

“Gaty kösenýäris, iýmäge çörege-de pul tapamyzok. Öň 15 dollar töwereginde berýärdi, soňky wagtda şonam berenok. Käwagt magazine barýarys, produkty alýarys, kän zat alamyzok, azyrak zat alýarys bir-iki gün iýer ýaly, şony-da tölänok. Ine men dekabr aýynyň içinde 2017-nji ýylda gowy oglandym, eýýäm kartoçkalar pul bermän başlady, iýmitlenmegi azaldyp başladym, şonuň üçin 15 kile ýitiripdirin” diýip Merdan gürrüň berdi.

“Edil häzirki pursatda meniň jübimde iki dollar ýaly pul bar, men ony diplom işimi çapdan çykarmak üçin saklap otyryn” diýip Merdan aýdýar.

Student Merdanyň sözlerine görä, şu günki gün kartdan pul çekmek boýunça synanyşyklaryň şowly bolan ýagdaýynda bankomatdan bir günde 15 dollar çemesi pul alyp bolýar.

Nädip oňýarsyňyz?

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmen studenti Merdan siz nädip gün görýärsiňiz diýlip özüne berlen sowala şeýle jogap berdi: Köp wagtlap biziň pulumyz bolmaýar. Oglanlardan, tanyş-bilişlerden karz sorap alýarys. Biziň hemmämiz bir-birimiziň ýagdaýyna düşünýäris. Soň bir-iki döwüm çörek soraýarys. Ýöne olaryň özleri hem iýmeli. Onsoň aç adam bir-iki döwüm çörek bilen doýmaýar.

Şeýle-de, studentiň sözlerine görä, türkmenistanly ýaşlar gazanç etmek üçin dürli mümkinçilikleri gözleýärler. Dürli agyr we ujypsyz tölegli işlerden işleýärler.

Türkmenistanly student Merdan öz arzyny Azatlyk Radiosy arkaly türkmen häkimiýetlerine ýetirmek isledi.

“Men aýtjak Türkmenistanda işleýänlere sizden ullakan haýyş. Biziň kartoçkalarymyzy açyp beräýiň. Biz daşary ýurtlarda ýörüs, biziň öýümizem ýok, biz umumy ýaşaýyş jaýda ýaşaýarys, ýaşaýyş jaýynyň tölegini töläp bilemizok, bizi tiz çykaryp kowýarlar. Türkmenistana-da gidip bilemizok umumy ýaşaýyş jaýynyň tölegini tölemeseň Türkmenistana goýberenoklar” diýip, Merdan aýtdy.

Karta krizisi

Türkmenistanyň banklarynyň plastik kartlary ýurduň ilaty üçin milli puly daşary ýurt walýutasyna öwürmek boýunça esasy mümkinçilikleriň biri bolmagynda galýar. Resmi düzgüne görä, Türkmenistanyň içinde türkmen manadynda resmi kurs boýunça hasaba goýulýan puldan soň ýurduň daşynda peýdalanyp bolýar.

Emma geçen ýylyň aýagyndan bäri türkmen banklary öz müşderilerine ýurduň daşynda nagt pul çekmäge ýa-da kart arkaly hasaplaşmaga rugsat beren möçberini çürt kesik azaltdy. Köp halatlarda VISA we Mastercard töleg kartlary işlemeýär we puluň resmi taýdan göz öňünde tutulýan mukdary müşderilere elýeterli bolmaýar.

Köpçülikleýin häsiýete eýe bolan bu meseläniň ýarym ýyla golaý wagt bäri dowam edýändigine garamazdan, türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýa çözgüt tapmaýarlar we onuň ýüze çykmagynyň sebäplerini düşündirmeýärler.

2017-nji ýylyň dekabr aýynda Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleri Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankynyň VISA kartlary boýunça tölegleri petikländigini habar beripdi. Şu ýylyň aprel aýynda türkmen banklarynyň käbir müşderileri MasterCard kartlaryndan hem ýurduň daşynda pul çekip bilmeýändigini Azatlyga habar beripdi.

Munuň bir bir wagtda Türkmenistanda amerikan dollarynyň “gara bazardaky” nyrhy alty aýyň dowamynda birnäçe esse ýokarlandy we resmi kursdan 6 esse aşdy.

Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň bir amerikan dollary üçin kesgitlän resmi çalyşyk kursy, bolsa, 2015-nji ýyldan bäri 3.5 manat derejesinde üýtgewsiz saklanýar.

XS
SM
MD
LG