Orsýetde okaýan türkmenistanly studentleriň ençemesi öz ene-atalarynyň Türkmenistandan bank üsti bilen ugradan okuw töleglerine henizem garaşýarlar. Bu ýagdaýy okuw jaýlaryň resmileri hem tassyklaýarlar.
Orsýetiň birnäçe regionynda okaýan studentleriň sözlerine görä, Türkmenistandan bank üsti bilen fewralda we martyň başynda ugradylan pul şu güne çenli okuw jaýlaryň hasaplaryna gowuşmandyr.
Читайте также на русском
“Martyň ilkinji günlerinde iberilen pul şu günki güne çenli ýokary okuw jaýynyň hasabyna gelmändir” diýip, Astrahanyň ýokary okuw jaýlarynyň biriniň studenti adynyň agzalmazlygyny sorap, 3-nji maýda Azatlyga habar berdi. Ol özüniň okaýan okuw jaýynda 400 çemesi türkmenistanlynyň bilim, studentleriň çak bilen üçden bir böleginiň okuw töleglerini Türkmenistandan bank üsti bilen geçirýändigini aýtdy.
Studentiň sözlerine görä, agzalan okuw jaýynda töleg sebäpli hiç kimi okuwdan çykarmandyrlar, töleg bilen bagly kynçylyklar sebäpli ýylyň ikinji ýarymy üçin 40 müň rubllyk tölegi iki bölüp 20 müň rubldan tölemäge rugsat beripdirler.
Şeýle-de, studentiň bellemegine görä, köp studentler öz okuwy üçin nagt görnüşde tölemäge synanyşýarlar we munuň üçin käbirleri işleýän bolsa, beýlekileri bolsa türkmen banklaryndaky kartlaryndan çekýän pullaryny toplaýarlar. Häzirki wagtda türkmen banklarynyň ulanyjylary Orsýetde bankomatlardan günde 1000 rubl möçberinde ($15) pul çekip bilýärler.
Aprel aýynyň aýagynda Tatarstanda 32 sany türkmenistanly studente tölemändigi sebäpli okuwdan çykarylmak howpunyň abanýandygy habar berilipdi.
Gazanyň federal uniwersitetiniň Naberežnyýe çelny institutynyň studenti Türkmenistandan bank üsti bilen ugradylan puluň okuw jaýynyň hasabyna barmandygyny 23-nji aprelde habar berdi.
“Okuwy tölenmedik studentler daşary ýurtly studentler boýunça dekanatda düşündiriş ýazyp, tölegleriň 1-nji maýa çenli geljegini wada berdiler. Şol senä çenli puluň gowuşmadyk ýagdaýynda bizi okuwdan çykararlar” diýip, türkmen studenti habar berdi.
Naberežnyýe çelny institutynda okuwyň bahasy ýylda 1800 amerikan dollaryna barabar.
Bu okuw jaýynda türkmenistanly studentleriň okuw töleginiň geçmändiginiAzatlyk Radiosyna tassykladylar. Naberežnyýe çelny institutynyň müdiriniň orunbasary Irina Nurgatina şu günki gün okuwy tölenmedik 11 sany türkmenistanlynyň bardygyny aýtdy we olaryň öz okuwyny dowam etdirýändigini belledi.
“Gazan federal uniwersitetiniň Naberežnyýe çelny institutynda şu pursatda 11 studentiň okuw üçin tölegiň biraz giç tölenmegi üçin berlen möhlet hem gutardy. Bu studentler bize tölegiň geçirilendigi hakynda kwitansiýalaryny görkezdiler, emma töleg henizem gelmedi. Muňa garamazdan, bu studentler umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamagyny dowam etdirýärler, olaryň okuwa gatnamaga-da rugsady bar” diýip, Irina Nurgatina 3-nji maýda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.
Naberežnyýe çelny institutynyň resmisiniň sözlerine görä, okuw jaýynda türkmenistanly studentleriň sany 200 çemesi bolup, olar köplügi emele getirýärler.
“Türkmenistanly studentler üçin şertler has amatly bolup, olaryň Orsýetiň we Tatarstanyň ýokary okuw jaýlarynda okamagyna oňaýlylyk döredilse gowy bolardy. Olara ýat ýurtda örän agyr we olaryň ýagdaýyny aňsatlaşdyrmak üçin mesele Türkmenistan döwleti derejesinde çözülsedi” diýip Irina Nurgatina aýtdy.
Soňky aýlarda Türkmenistandan bank üsti bilen tölegleriň geçirilmegindäki kynçylyklara birnäçe ýurtda bilip alýan türkmenistanlylaryň ençemesi duçar boldy.
2-nji aprelde Belarusyň döwlet medisina uniwersitetiniň 42 studenti okuwynyň tölenmändigi sebäpli özlerine okuwdan çykarylmak howpunyň abanýandygyny Azatlyk Radiosyna habar berdiler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri bank üsti bilen geçirilýän tölegleriň berjaý edilmeýändigi bilen bagly meseläni, şeýlede öz milli banklarynyň müşderileriniň ýurduň daşynda öz hasaplaryndaky pullaryndan peýdalanmagynda kynçylyklary resmi taýdan boýun almaýarlar.