Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Konstitusiýa we  Baýdak gününi ilkinji gezek bilelikde belledi


Baýdak göterip, çärä gatnaşýan oglanlar.
Baýdak göterip, çärä gatnaşýan oglanlar.

Türkmenistan 18-nji maýda ýurduň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi belledi. Mundan öň Baýdak güni 19-njy fewralda, ozalky prezident S.Nyýazowyň doglan gününde bellenerdi.

Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de Baş tuga gül goýmak dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet baştutanynyň baýramçylyk mynasybetli halka iberen gutlagynda “Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz... dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir” diýilýär.

Türkmenistanyň Baş kanunynyň 2016-njy ýylyň sentýabrynda kabul edilen rejelenen görnüşi prezidentlik möhletini 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaltdy we prezidentlige kandidatyň aňry ýaş çägini aýyrdy. Synçylar bu çäräniň ýurtda ömürlik prezidentlige ýol açmagyndan alada bildirdiler.

Şol bir wagtda halkara hukuk guramalary Türkmenistany öz Baş kanunynda kepillendiren adam hukuklaryny hormatlamazlykda, esasy adam hukuklaryny, şol sanda söz, metbugat, din, hereket azatlyklaryny dyngysyz basgylamakda, hökümetden aýry jemgyýetçilik guramalarynyň, raýat aktiwistleriniň, hukuk goraýjylaryň işlerini çäklendirmekde yzygiderli tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG