Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan öz raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmak hukugyny kanun taýdan berjaý edýändigini aýdýar


Aşgabadyň halkara aeroporty
Aşgabadyň halkara aeroporty

Türkmenistan her bir raýatyň hereket azatlygyny, öz ýurdunyň daşyna çykmak we ýaşajak ýerini saýlamak boýunça hukuklaryny kanun taýdan berjaý edýär diýip, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň resmi wekili BMG-niň Adam hukuklary boýunça maslahatynda aýtdy.

7-nji maýda BMG-niň Ženewadaky edarasynda guramanyň Adam hukuklary geňeşiniň Ähliumumy syny boýunça Işçi topary Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirişi barada milli hasabatyny diňledi.

“Türkmenistan şahslaryň azatlyklaryny üpjün edýär, olaryň biri hereket azatlygy bolup durýar. Şeýlelikde hereket etmek ýurtdan çykmak, şol sanda öz ýurduny terk etmek we ýaşamak üçin ýer saýlamak hukugy Adam hukuklary boýunça halkara ylalaşygynyň 12-nji maddasynda berkidilýär, Türkmenistanyň Baş kanunda görkezilýär we milli kanunlar tarapyndan üpjün edilýär” diýip, Türkmenistanyň baş prokuraturasynyň resmisi Kerim BMG-niň maslahatynda aýtdy.

Munuň bilen bir wagtda, Türkmenistanda ýurduň daşyna goýberilmeýän onlarça müň raýatlardan düzülen “gara sanawlar” saklanyp galýar. Aşgabadyň halkara aeroportunda raýatlaryň sebäbi düşündirilmezden serhetden geçirilmezligi we uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalar barada yzygiderli habar berilýär.

Türkiýä goýberilmedik ýolagçylar gahar-gazaba mündi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

XS
SM
MD
LG