“Indiden beýläk 30 ýaşyny doldurmadyk türkmenistanly erkeklere daşary ýurtlara çykmaga rugsat berilmeýär” diýip, daşoguzly çeşme welaýatyň migrasiýa işgärlerine we şeýle şertlerde daşary ýurda çykarylmadyk ýaşlara salgylanyp, 16-njy aprelde habar berdi.
Читайте также на русском
Özüne bu gadagançylygyň tutuş Türkmenistana degişlidigi aýdylan çeşme, çäklendirmeleriň sebäpleri bilen gyzyklanandygyny ýaňzydyp, häkimiýetleriň bu çäreleri howpsuzlyk maksady bilen görýändigini aýtdy. Çeşmämiz ýetiren bu maglumatynda degişli resmilere salgylanýar.
“Ýaşlara diňe okuw maksady bilen daşary ýurtlara çykmaga rugsat berilýär” diýip, ol aýtdy.
“[Daşary ýurda gitmekçi bolan] 27 ýaşly daşoguzly bir tanşymy [welaýatyň] migrasiýa bölümi çagyryp, biletini elinden alypdyr we “Aşgabada gidip azara galmaň. Bize [gadagançylyk barada, ýagny 30 ýaşamadyk erkekleri ýurtdan çykarmazlyk barada] täze buýruk geldi” diýip aýdypdyrlar” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.
Ýaşlaryň bilet tölegleriniň öweziniň dolunandygyny aýdan çeşmämiz ýollary petiklenen adamlaryň nähili şertlerde, haýsy edaranyň üsti bilen pullarynyň yzyna gaýtarylyp berilendigini aýdyňlaşdyrmady.
Türkmenistanda häkimiýetleriň öz raýatlaryny daşary ýurtlara çykarmazlyk boýunça görýän çärelerini güýçlendirýändigi barada, soňky döwürlerde Azatlyk Radiosyna ýygy-ýygydan habarlar gelip gowuşýar.
Ýatladyp geçsek, geçen hepde özüni Öwez diýip tanyşdyran bir türkmenistanly özüniň Aşgabadyň aeroportundan Dubaýa uçmagyna sebäbi düşündirilmezden rugsat berilmändigini habar berdi.
Şeýle-de ol, “[daşary ýurda çykarmazlyk bilen] soňkuja eklenç çeşmämden kesdiler” diýip gatyrgandy we özüniň uçar biletiniň tölegleriniň hem köýendigini gürrüň berdi.
Ýadyňyzda bolsa, 3-nji aprelde Aşgabadyň aeroportunda düşürilendigi aýdylýan bir wideoda onlarça ýolagçydan ybarat bir toparyň ýurtdan çykarylmandyklary sebäpli howa menzilinde geçiren nägilelik çäreleri görkezilýär.
Wideodan mälim bolşuna görä, ýollary petiklenen ýolagçylar gahar-gazaba münüp, özleriniň ýurtdan çykmaklaryna rugsat berilmegini talap edýärler.
Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, ýurtda dowam edýän ykdysady ysgynsyzlyk türkmenistanlylary eklenç ugrunda daşary ýurtlara çykmaga iterýär.
Öz gezeginde häkimiýetler ýurtdan çykmaga synanyşýan raýatlara böwet bolmak üçin dürli çäklendirmeleri girizýärler. Mysal üçin, ýaňy ýakynda türkmen döwletiniň raýatlara berýän biometriki pasportlarynyň möhletiniň 1 ýyla çenli çäklendiriljekdigi barada resmiler tarapyndan tassyklanmadyk ýa-da inkär edilmedik maglumatlar peýda boldy.
Agzalýan kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan türkmenistanlylaryň aýtmaklaryna görä, häkimiýetler köplenç ýurtdan çykmaga girizilen gadagançylyklaryň sebäplerini “howpsuzlyk aladalary” bilen düşündirýärler.
Türkmenistany “demokratik, hukuk we dünýewi döwlet” diýip kesgitleýän ýurduň Konstitusiýasy raýatlaryň hereket azatlygyny kepillendirýär.