Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bank kartyndan pul çekip bilmedik talyp oňa gaýçy bilen berk çäre gördi


Türkmen talyby gaýçyny kartyň çep kenaryna golaý aralyga diräp, ony böleklemäge başlaýar.
Türkmen talyby gaýçyny kartyň çep kenaryna golaý aralyga diräp, ony böleklemäge başlaýar.

Daşary ýurtda bilim alýan bir türkmen talyby Türkmenistanyň banklaryndan berlen bank kartynda bar bolan puluny nagtlaşdyryp bilmän, “janynyň ýanandygyny”, şol sebäpden ol kartyny gaýçy bilen kesmek kararyna gelendigini aýtdy. Plastik kartyny böleklere bölüp, onuň wideosyny düşüren talyp, alan wideosyny duçar bolýan kynçylyklaryna gabat gelýän aýdym sazlardyr sözler bilen kebşirläp, Azatlyga ugratdy.

Читайте также на русском

Wideoda türkmen banklaryndan berlen karty çep elinde, ony böleklejek gaýçyny sag elinde tutýan talybyň ilki gaýçyny gysga çarhlaýşy görkezilýär. Wideo şekilleriň üstünden türkmen aýdymy goýberilýär.

Türkmen talyby 'gaharyna' kartyny kesdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:24 0:00

Ilkibaşda gaýçy kartyň orta-biline çenelýär. Görnüşinden, karty orta-bilinden bölmek pikirinden dänen talyp, soňra gaýçyny kartyň çep kenaryna golaý aralyga diräp, ony böleklemäge başlaýar.

Kesgir gaýça sowukganlylyk bilen erk edýän talyp elindäki plastik karty ilki uly üç bölege bölýär. Wideonyň aşagyndaky saz-söhbet sähel sekundlyk säginýär.

Wideonyň aşagynda birden türkmen kinofilmlerinden alnan iki adamyň arasynda geçýän dialog eşidilýär. Talyp karty böleklemegi dowam edýär. Dialogda zaryn ses: “A men bolsa, açlygymdan ölýän!” diýip zeýrenýär.

Wideoda saýraýan guşlaryň owazy eşidilýär. Gaýça çalasynlyk bilen erk edilýär. Wideonyň aşagyndan goýberilen ses aýgytly ýaňlanýar. Ol: “Boldy, häzir men indi taýharjygyma atlanýan-da, göni oba gaýdýan” diýýär. Plastik kart kesgir gaýçynyň zarbyna çydaman, owram-owram bolýar.

Soňky döwürlerde Türkmenistanyň raýatlary ýurduň banklaryndan berilýän kartlar bilen bagly tolgunyşykly nägilelikleri başdan geçirdi.

Ilki olaryň üsti bilen daşary ýurtlarda çekip bolýan puluň möçberi çäklendirildi. Ýöne muňa garamazdan, ýurtda tas “dollar turizmine” esas döredi. Adamlar ilkibaşda Türkmenistanda kartlaryna manat goýup, soňra daşary ýurtlara, hususan-da, Türkiýä çykyp, kartlaryndaky pullaryny walýuta görnüşinde çekip başladylar. Ýöne soňlugy bilen munuň mukdary berk çäklendirildi.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen banklaryndan berlen kartlaryna bil baglan daşary ýurtdaky türkmen talyplary agyr aljyraňňylyga uçrady.

Sözümiz gury bolmaz ýaly mysal bermeli bolsa, fewral aýynda Ukrainada okaýan türkmen talyplary: “Biz kartymyzdan düýbünden pul çekip bilemizok. 10 günden bäri günde [pul çekmek üçin] banka barýas, ýöne bankyňyza jaň ediň diýilýär” diýip, galagoply äheňde, Azatlyk bilen habarlaşypdy. Olar: “Iýip-içmäge pulumyz galmady... Studentler okuwdan çetleşdirilýärler. [Sebäbi] okuw puluny Türkmenistandan tölär ýaly bizde walýuta hasaby ýok” diýşip zeýrenipdiler.

Ukrainadaky talyplardan soňra, Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly talyplar türkmen banklary bilen bagly kynçylyklar boýunça häkimiýetlere seslerini eşitdirmek arzuwy bilen 2-nji aprelde Azatlyk bilen habarlaşdylar.

Belarusdaky talyplardan soň, Orsýetde okaýan türkmen talyplary apreliň ortasynda özleriniň türkmen banklaryndan alan MasterCard kartlarynda bar bolan pullaryny çekip bilmeýändiklerini, munuň netijesinde okuw töleglerini töläp bilmän, hatda özlerine okuwdan kowulmak howpunyň abanýandygyny aýdyp habarlaşypdylar.

Sözümiziň başyndaky wideo bilen bagly sözi jemlesek, wideoda talyp kartyny gaýçy bilen kesip, owram-owram edýär. Soňra kartyň kesilen böleklerini ak tagta çalym edýän predmetiň üstünde goýup, kartyň owuntyklaryny bir ýere üýşürýär we on barmagyny hatardan çykan kartyň töwereginde şakyrdadyp oýnadýar.

Wideodaky aýdym “Bu dünýäniň manysy...” diýen sözler bilen jemlenýär.

XS
SM
MD
LG