Türkmenistanyň “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşyp, Aşgabat şäherinde köçeleriň ugrunda we käbir döwlete degişli dükanlaryň öňlerinde goýlan “Türkmen Tilsimat Hojalyk jemgyýeti” hususy kärhanasyna degişli terminallarynyň öz mobil telefonlary üçin pul töleýän müşderileriniň pullaryny ‘ogurlaýandygy’ barada maglumatlar bar.
Читайте также на русском
Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, ol şu ýylyň 27-nji aprelinde ir sagat 9-30 töweregi paýtagtyň Ýaşlar köçesiniň ugrunda ýerleşýän 46-njy döwlet dükanynyň öňündäki “Türkmen Tilsimat” hususy kärhanasyna degişli terminala 5 manat möçberinde pul salypdyr. Emma terminala salnan pul onuň mobil telefonyna geçmändir. Şeýle-de, töleg terminaly pul salnandygy baradaky kepilnamany, ýagny tölegiň çekini hem müşderä bermändir.
Müşderi özüniň zerur işi bolansoň, terminalyň ýanynda durmaga wagt tapman, ol ýerden gidipdir. Ol günorta bolýança mobil telefonyna puluň geçmegine garaşypdyr. Emma hiç bir pul geçmänsoň, özi Türkmen Tilsimadyň Magtymguly şaýolunyň 96-njy salgysynda ýerleşýän edara jaýyna baryp, ýagdaýy düşündirmek isläpdir.
“Türkmen Tilsimadyň” edara jaýynda oturan hünärmenler kompýuteri açyp, sagat 9:35-de terminalyň müşderiden puly kabul edip alandygyny tassyklapdyrlar. Emma puluň müşderiniň mobil telefonyna näme üçin geçmeýändigine düşündiriş berip bilmändirler.
Müşderi terminalyň çek bermeýändiginiň sebäbni soranynda, oňa “çekiň blankasyny biz daşary döwletlerden getirýäris. Häzirlikçe bize şol blankalar gelmeýär” diýip düşündiriş beripdirler.
Müşderi “Türkmen Tilsimadyň” edara jaýyndan kanagatlanarly jogap alyp bilmänsoň, “Altyn asyryň” merkezi ofisine baryp, bu meseläni çözmek isläpdir. Emma ol ýerde hem hasapçylar oňa belli jogap bermän, özleriniň “Türkmen Tilsimat” hususy kärhanasynda edilýän işlere jogap berip bilmeýändiklerini aýdypdyrlar.
Müşderi özüniň ozal hem Aşgabadyň Ýaşlar köçesiniň ugrunda ýerleşýän 46-njy döwlet dükanynyň öňünde duran “Türkmen Tilsimadyň” terminalyna 3 manat pul salanda, şeýle ýagdaýyň bolandygyny, onda ol özüniň bu ýagdaýy anyklamak üçin ýüz tutmandygyny, emma ýene-de puluňy ‘ogurlamak’, çek bermezlik ýaly bikanunçylyklaryň gaýtalananlygy sebäpli, ady agzalan edaralara ýüz tutsa-da, olardan hiç bir kanuny çözgüt bolmandygyny aýdýar.
“Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama esasynda öz terminallaryny dükanlaryň, käbir edara-kärhanalaryň öňünde goýup, müşderilere hyzmat edýän hususy firmalaryň onlarçasynyň bardygyny, “Hojalyk Jemgyýeti Türkmen Tilsimadyň” terminalyndan beýleki terminallarda şular ýaly wakanyň ýüz bermeýändigini, ol terminallarda puluň ‘ogurlanmaýandygyny’, geçiren puluňa dessine çek berilýändigini, öz mobil telefonyňda geçen puluň, hasabyňda bar bolan galyndy puluň möçberini hem dessine barlap bolýandygyny ol aýdýar.
Şol bir wagtda-da, müşderi Hojalyk Jemgyýeti Türkmen Tilsimat hususy kärhanasynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýän müşderileriň köpüsiniň şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny hem sözüne goşýar.
Bu terminallaryň her günde müşderilerden näçe pul ‘ogurlap’ alýandygynyň hasabyny bolsa, “Türkmen Tilsimat Hojalyk jemgyýeti” kärhanasynyň ýolbaşçysyndan özge işgärleriň jogap berip bilmeýändiklerini, ýolbaşçyny bolsa iş ýerinde asla tapyp bolmaýandygyny, munuň sebäbiniň ilat köpçüligine düşnüksiz bolup galýandygyny ol aýdýar.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, Azatlyk Radiosyna “Türkmen Tilsimat Hojalyk jemgyýeti” kärhanasy bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.